Acer kompaniýasy Computex 2025 sergisinde täze Swift Edge 14 AI flagman noutbugyny görkezdi. Gurluş ykjam dizaýny we ýokary öndürijiligi birleşdirýär. Ol Microsoft Copilot+ programmasy boýunça döredildi we bu ony Windows 11-de EA bilen işlemek üçin amatly edýär. Noutbugyň agramy magniý-alýumin ergininden ýasalan korpusyň netijesinde bary-ýogy 990 grama barabar. Ol durulygy 2880x1800 piksel bolan 14 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi. Gurluş zarýad bermezden 21 sagada çenli işläp bilýär. Soft-Touch örtükli klawiatura bolsa iş wagty rahatlygy üpjün edýär. Noutbugyň tehniki aýratynlyklary: ·2880×1800 piksel durulygy bilen 14 dýuýmlyk OLED ekrany; ·Prosessor: Intel Core Ultra 5 226V-den Core Ultra 9 288 В çenli; ·Grafika: Intel Arc 140 В; ·32 GB çenli LPDDR5X operatiw ýady we 1 TB çenli NVMe saklaýjysy; ·65 Wt/sag çenli zarýad beriş; ·Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4 goldawy; ·USB 4 we Thunderbolt 4 goldawy bilen 2х USB-C porty, 2x USB-A, HDMI 2.1, nauşnikler üçin 3,5 mm port. Acer Swift Edge 14 AI noutbugynyň bahasy we satuw senesi heniz belli däl.