Baýkonurda SSSR-iň Aý maksatnamasy üçin döredilen H-1 raketa göterijisiniň dünýäde iň uly maketi peýda boldy. Onuň beýikligi 22 metre ýetýär. Maket 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda bellenjek şäheriň we kosmodromyň 70 ýyllygy mynasybetli gurnaldy. Maket M.W.Hruniçew adyndaky Döwlet kosmos ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlandy. Ol açyk asmandaky muzeýiň bir bölegi boldy we onuň açylyşy ýubileýiň esasy wakasy bolar diýip, Baýkonuryň administrasiýasy belledi. H-1 raketasy 1960-njy ýyllarda Aýa ekipažly uçuş üçin taýýarlandy. Ol “Saturn V” amerikan raketasynyň sowet görnüşidir. Ýöne 1969-njy ýyldan 1972-nji ýyl aralygynda geçirilen dört synag uçuşynyň ählisi-de birinji basgançak bilen bagly näsazlyk sebäpli şowsuz boldy. Bu basgançakda güýçli çekiş güýjüni döredýän 30 sany HK-15 hereketlendirijisi bardy, ýöne olaryň sinhronlaşmagy kynçylyk döredipdi. 1974-nji ýylda H-1 maksatnamasy ýatyryldy, 1976-njy ýylda bolsa resmi taýdan ýapyldy. Raketanyň 105 metr beýiklikdäki doly göwrümli nusgalary saklanyp galmady. Şonuň üçin 22 metrlik maket dünýäde iň ulusy boldy. Ol sowet kosmonawtikasynyň taryhynda şowsuz bolsa-da, möhüm tapgyry alamatlandyrýar.