ChatGPT döredijilikli pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçdi

Arkanzas uniwersitetiniň amerikan alymlary akylly çat-bot ChatGPT-niň döredijilikli pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçýändigini anykladylar. Bu gözleg «Scientific Reports» (SciRep) ylmy žurnalynda çap edildi.
Bu açyş anyk jogaby bolmadyk soraga özboluşly çözgüt döretmek ukybyny görkezmek üçin geçirilen synaglaryň dowamynda ýüze çykar...

Dowamy »

232 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Microsoft Windows 11 bilen gabat gelýän prosessorlaryň täzelenen sanawyny neşir etdi

Microsoft Windows 11 bilen gabat gelýän Intel prosessorlarynyň sanawyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde, AMD-den goldanýan çipleriň sanawyna hiç hili üýtgeşme girmedi diýip, IT Home portaly belleýär.
Microsoft bu sanawa, esasan, Intel prosessorlarynyň 14-nji neslini we Intel Core Ultra Series-i goşdy. Sanawa 40 töweregi täze prosessor goşuld...

Dowamy »

276 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Google Pixel 8 we Pixel 8 Pro MWC 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” boldy

Google Pixel 8 smartfonlary Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” baýragyny aldy. Pixel 8 we Pixel 8 Pro innowasion funksiýalaryň utgaşmasy, ýokary öndürijilik we stile laýyk dizaýny bilen tapawutlandy diýip, Gizmochina ýazýar.
Pixel 8 smartfony Pixel 7-niň dizaýnyny gaýtalaýar, ýöne has ykjam ölçege we Google Tensor...

Dowamy »

217 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Tesla 2025-nji ýylda Roadster sportkaryny çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil Roadster elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.
“Şu gün biz täze Tesla Roadster-iň dizaýn maksatlaryny düýpgöter üýtgetdik. Önümçilik taslamasyny taýýarlamak işleri ta...

Dowamy »

233 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Politico: Ýewropanyň 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro talap etdi

Politico gazetiniň habaryna görä, Ýewropadaky 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro tölemegini talap edip, arza berdi. Arza berijiler korporasiýany sanly mahabat bazarynda esasy orny eýeleýändiginden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar diýip, Politico gazeti ýazýar.
Olaryň sözlerine görä, Google-yň syýasaty sebäpli maha...

Dowamy »

223 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Samsung 800 MB/s çenli tizlikli microSD ýat kartyny görkezdi

«Samsung Electronics» «SD Express» interfeýsi bilen enjamlaşdyrylan mikroSD ýat kartyny yglan etdi. Ol rekord derejede 800 MB/s çenli maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde şeýle görnüşdäki ilkinji önümdir.
«SATA» interfeýsi bolan adaty SSD diskleriniň tizliginiň 600 MB/s-den geçmeýändigi we adaty «UHS-1» derejeli ýat kartlarynyň tizliginiň...

Dowamy »

236 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

OnePlus iki operasion ulgamly we prosessorly gibrid sagady görkezdi

«OnePlus» iki çip we iki operasion ulgamy bolan «Watch 2» gibrid akylly sagady tanyşdyrdy.
«Dual Motor» tehnologiýasy iki çipi we operasion ulgamyny birleşdirýär: «Wear OS» esasly kuwwatly «Snapdragon W5» we «RTOS» bilen üpjün edilen energiýa tygşytlaýan «BES2700». Şeýle hem sagadyň işleýşine 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogapkärdi...

Dowamy »

214 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Awtoulag eýeleri üçin iň gowy elektrik ulaglarynyň sanawynda BMW we Mini birinji orunda durýar

«J.D. Power» agentligi eýeleriniň kanagatlandyrýan iň gowy elektrik awtoulaglarynyň sanawyny hödürledi. Netijeler guramanyň web sahypasynda çap edildi.
Gözlegiň çäginde awtoulaglar baha kategoriýasyna bölündi. Çap edilen netijelere görä, «BMW-niň» elektrik awtoulaglary köpçülikleýin we premium toparlarda öňde barýar. Şeýlelikde, «BMW i4» gym...

Dowamy »

225 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek üçin ylmy-tehnologiýalar merkezi peýda bolar

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we “akylly”, kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek maksady bilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmen...

Dowamy »

243 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar 700 ýylda ilkinji gezek Dante Aligýeriniň ýüz keşbini dikeltdiler

Adamlar ilkinji gezek Dowzahy beýan eden adamyň – Dante Aligýeriniň "ýüzüni gördüler". Alymlar ýazyjynyň kelleçanak süňküni ulanyp, onuň ýüz keşbini dikeltdiler.
Dante «Ylahy komediýa» poemasy bilen Günbatar edebiýatynyň nyşanyna öwrüldi, bu eserde Jennete, günälerden saplanylýan ýere (araf) we Dowzaha syýahat barada gürrüň berilýär.
...

Dowamy »

219 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Uçmak we gonmak üçin ganatlary aýlanýan gibrid dikuçar görkezildi

Amerikanyň Sikorsky kompaniýasy özboluşly gibrid uçaryň taslamasyny hödürledi. Onda gonmak we ýokary göterilmek üçin uçaryň ganatlary aýlanýar diýip, NewAtlas habar berýär.
Görkezme uçarynyň agramy 4 tonna bolar we 1,2 MWt turbinaly gibrid elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Uçuş aralygy 926 km bolar.
Aýlanýan ganatlar Sikorskiniň...

Dowamy »

224 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Adobe emeli aň aýdym-saz generatoryny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp saz döredip bilýär

Adobe kompaniýasy Bruklinde geçirilen Hot Pod Summit-de Project Music GenAI Control platformasyny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp, saz döredip bilýän gural. Ulanyjylar isleýän žanryny, äheňini, tempini we beýleki görkezijileri kesgitläp berse, emeli aň olara özboluşly saz döredip berer diýip, TechCrunch ýazýar.
Işläp taýýarlaýyş entek...

Dowamy »

216 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Analitikler: indiki gezek çip önümçiliginde global çökgünlige suw ýetmezçiligi sebäp bolup biler

S&P Global Ratings kompaniýasynyň analitikleri suwuň global ýarym geçirijiler pudagy üçin täze gorky faktoryna öwrülip biljekdigini duýdurýarlar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Taýwan gurakçylygy başdan geçirdi we bar bolan süýji suw ätiýaçlyklary TSMC-niň çip öndüriji kärhanalarynyň işini üpjün etmäge gönükdirildi, bu bolsa oba hojalygyna ýaramaz täsi...

Dowamy »

212 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Adamlar 1 – 3 ýyldan haýwanlaryň diline düşünip bilerler

Hünärmenler emeli aňyň tiz wagtdan adamlara öý haýwanlary we ýabany haýwanlar bilen düşünişmäge kömek etjekdigini çaklaýarlar. Şu maksat bilen gözlegçiler “sanly bioakustikany” işjeň ulanýarlar – ykjam sanly rekorderleriň kömegi bilen haýwanlaryň sesleri, tikleri we özüni alyp baryşlary ýazga alynýar. Alnan maglumatlary emeli aňa haýwanlaryň habarl...

Dowamy »

220 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýewropa awtoöndürijileri Hytaýyň awtoulag senagaty bilen bäsleşmek üçin birleşik döredip biler

Renault kompaniýasynyň baş müdiri Luka de Meo Ýewropanyň awtoöndürijilerini tagallalary birleşdirip, elýeterli elektromobil öndürmek üçin Airbus-a meňzeş konglomeraty döretmäge çagyrýar. Bu barada “AwtoGrondo” neşiri habar berýär.
De Meo-nyň aýtmagyna görä, ýewropaly awtoöndürijilere bu pudakda lidere öwrülen Hytaýdan arzan bahaly elektromob...

Dowamy »

206 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Apple kompaniýasy Apple ID brendinden ýüz öwürmek isleýär

Apple amerikan kompaniýasy Apple ID-niň rebrendigini meýilleşdirýär. Ol hyzmaty Apple Account diýip atlandyrmak isleýär diýip, çeşmelere salgylanyp, MacRumors portaly habar berýär.
Portalyň maglumatlaryna görä, Apple Account eýýäm şu ýyl, ähtimal, güýzde boljak iOS 18 we macOS 15 operasion sistemalarynyň relizi bilen peýda bolup biler. Şeýle...

Dowamy »

202 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Samsung-da Face ID-niň alternatiwasy peýda bolar

«Metalenz» startap kompaniýasy we «Samsung» korporasiýasy smartfonlary ýüzüň şekili esasynda açmak üçin täze tehnologiýany döretdiler.
Oýlap tapyşyň konsepti «MWC 2024» sergisinde hödürlendi. Bu tehnologiýa Garward laboratoriýasynyň esasynda peýda bolan «Metalenz» başlangyç kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. «Polar ID» bi...

Dowamy »

203 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Microsoft “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny açdy

Microsoft kompaniýasy GitHub serwisinde “Öwrenjeler üçin generatiw emeli aň” mugt kursuny ýerleşdirdi. Ol uly dil modelleri, emeli aň agentleri bilen işlemegiň esasy ýörelgeleri we bularyň ählisini öz taslamaňy işläp taýýarlamakda nähili ulanmalydygy barada gürrüň berýän 18 tekst sapagyny öz içine alýar.
Kursuň maksatnamasyny özleşdirmek üçi...

Dowamy »

203 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Rolls-Royce iň gymmat awtoulagy - 30 million dollarlyk Arcadia Droptail awtoulagyny çykardy

Rolls-Royce kompaniýasy dünýäde iň gymmat awtoulag diýlip atlandyrylýan täze Arcadia Droptail kabrioletini hödürledi. Hypebeast.com -yň habaryna görä, onuň bahasy 30 million dollar.
Bu ulag singapurly bir müşderiniň buýrugy boýunça döredildi. Ol 600 at güýjüni öndürýän 6,75 litrlik V12 goşa turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr....

Dowamy »

211 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ilon Mask emeli aňy howpsuz ösdürmek wezipesinden daşlaşandygy üçin OpenAI-ny we Sem Altmany kazyýete berer

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyny we onuň ýolbaşçysy Sem Altmany telekeçilik däl hyzmatdaşlygyň şertlerini bozmakda aýyplap kazyýete berdi. Mask OpenAI-nyň umumy bähbitler üçin howpsuz emeli aňy döretmek wezipesinden daşlaşýandygyny we esasanam, Microsoft bilen hyzmatdaşlykda täjirçilik maksatlaryny durmuşa geçirip başlandygyny öňe sürýär diýip, Reute...

Dowamy »

191 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago