«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär. Bu barada «CarNewsChina» habar berýär. Elektrikli wersiýasy 258 a.g. (190 kWt) kuwwat berýär, 1,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijili gibrid bolsa 218 a.g. (160 kWt) öndürýär. Iki wersiýa hem öňdäki tigirlerden herekete getirilýär. Täze «Sports Edition» adaty «EZ-6» wersiýalaryndan gara ýalpyldawuk kuzowy, 19 dýuýmlyk gara ýeňil splaw diskleri we gyzyl supporterleri bilen tapawutlanýar. Salonynda alkantara materialdan bezegler, gyzyl tikinler we özboluşly dekor elementleri ulanylypdyr. Mundan başga-da, «Mazda» interýer üçin gyzyl yşyklandyrma hem-de «CX-60» krossoweriniň sport wersiýasynda ulanylýan tor görnüşli dizaýny bolan merkezi konsol bezegini goşdy. Enjamlar toplumyna 14,6 dýuýmlyk sensorly multimediýa ekrany, 50 dýuýmlyk proýeksiýa displeýi («Qualcomm Snapdragon 8155» çipsedi bilen) hem-de 14 dinamikadan ybarat Sony ses ulgamy girýär. «Sports Edition» häzirki wagtda diňe Hytaý bazarynda satuwa çykarylar. «Mazda» Hytaýda «EZ-6» kysymly modellerini ýerli brendiň astynda hödürleýär. Ýewropa bazary üçin bolsa şuňa meňzeş model diňe elektrikli görnüşde «6e» ady bilen hödürlenýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir