FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy bZ5 elektrik kupe-krossoweriniň yzygiderli önümçiliginiň başlanandygyny habar berdi. Bu orta göwrümli awtomobil bolup, Hytaýda deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir. Täze ulag iki wersiýada hödürlenýär. Bahalar 130 000-den 160 000 ýuan aralygynda (takmynan, 18 – 22,2 müň dollar) üýtgeýär. Ýöne hakyky baha arzan hem bolup biler. Resmi satuwa iýun aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Alyjylar aksiýadan peýdalanyp biler – 500 ýuan möçberde öňünden töleg geçirilen ýagdaýynda 5000 ýuan (takmynan, 700 dollar) arzanladyş hödürlenýär. Daşky görnüşi boýunça bZ5 ulagy Toyota bZ elektrik modelleriniň stilinde ýerine ýetirildi: ýapyk radiator gözenegi, yşyk diodly zolaklar we bumerang görnüşli faralar. Ýapgyt üçek we ýiti çyzyklar awtomobile sport görnüşini berýär. Salon minimalistik stilde bezeldi. Insiz enjam paneli we 15,6 dýuýmlyk multimedia ekrany oturdyldy. Meýdany 1,44 inedördül metr bolan panorama üçegi, 11 dinamikli JBL audioulgamy, aromatizatorly klimat-gözegçiligi we 256 reňkli yşyklandyryş bar. Awtomobil Momenta kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanan Toyota Pilot sürüjä kömek ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Ol nawigasiýa kömekçisi we awtoduralgada kömek ýaly 30-dan gowrak funksiýany öz içine alýar. Model Toyota bZ3C platformasynda guruldy. 272 at güýjüni berýän bir elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Wersiýa baglylykda geçýän menzili CLTC sikli boýunça 550 ýa-da 630 km barabar.