Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen konferensiýada IBM we Google kompaniýalary derman serişdeleriniň işlenip düzülişini çaltlandyryp biljek we garramagyň mehanizmleriniň öwrenilmegine ýardam berip biljek kwant tehnologiýalaryny hödürlediler. Kompaniýalaryň ikisi hem eýýäm kwant kompýuterlerini molekulalaryň modelirlenmegi we beloklaryň özara täsiriniň seljerilmegi üçin ulanýarlar. Olaryň pikirine görä, bu garramaga degişli keselleriň bejergisinde täze usullara ýol açýar. IBM 433 kubitden ybarat kwant ulgamyny görkezdi, bu ulgam farmasewtika bilen baglanyşykly meselelerde ulanylyp bilner. Google bolsa öýjükleriň garramak prosesini seljerýän algoritmi hödürledi. Kwant kompýuterleri biologiki maglumatlary işläp bilýär, sebäbi kubitleriň superpozisiýa ýagdaýynda bolmak ukyby bar. Bu bolsa DNK-ny, beloklary we himiki reaksiýalary atom derejesinde modelirlemäge mümkinçilik berýär. Işläp düzüjiler bu tehnologiýalaryň ölümi ýeňip biljekdigini öňe sürmeseler-de, kwant hasaplamalarynyň adamlaryň işjeň we sagdyn ömrüni uzaltmaga uly goşant goşjakdygyna ynanýarlar. Alymlar öňümizdäki 10-20 ýylyň dowamynda, kwant modelleriniň kömegi bilen döredilen şahsylaşdyrylan bejergi usullarynyň peýda bolmagyna garaşýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir