Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady. Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar. Gündiz düşürilen suratlarda iPhone-da asman has dramatiki görnüşde, Samsung-da bolsa has deň we tekiz. S25 Edge kölegeler bilen has gowy işleşýär. Samsung-yň suratlarynda reňkler sowuk, iPhone-da bolsa ýyly. Iki enjamda-da iki esse ýakynlaşdyrylyp düşürilen suratlaryň hili şol bir derejede. iPhone-da bäş esse ýakynlaşdyrylyp düşürilen suratlar has takyk. Portret suratlary biri-birinden tapawutlanýar: käwagt Samsung has gowy netije berýär, käwagt iPhone. iPhone bilen düşürilen selfi suratlarda deriniň reňki has takyk görkezilýär. Esasy we giň burçly kameralar bilen 4K 30 kadr/sek wideo düşürmekde iPhone has gowy: onuň dinamiki diapazony giň we reňkleri has takyk. iPhone bilen pes ýagtylykda düşürilen selfi suratlar has takyk we deriniň reňki has tebigy. Ýöne iň pes ýagtylykda S25 Edge öňe saýlanýar: hem esasy, hem-de giň burçly kamerasy boýunça. Iki we üç esse ýakynlaşdyrmakda Samsung ýagtylyk çeşmeleri bilen has gowy işleşýär. Bäş esse ýakynlaşdyrmakda eýýäm iPhone has gowy. Pes ýagtylyk şertlerinde portret surata düşürişde netijeler üýtgeýär: kä halatlarda Samsung, kä halatlarda bolsa iPhone öňe saýlanýar. Şol bir wagtyň özünde, «Ice Universe» lakamly insaýderiň bellemegine görä, Galaxy S25 Edge kamerasy boýunça S25 Ultra-dan hem has gowy. Dört esse ýakynlaşdyrylyp düşürilen suratlarda, Galaxy S25 Edge-de jikme-jikler has takyk.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir