Computex 2025 sergisiniň öňüsyrasynda Acer kompaniýasy özüniň emeli aňly ilkinji dakylýan gurluşlaryny hödürledi. Bu FreeSense Ring smart-ýüzügi we AI TransBuds nauşnigidir. FreeSense Ring ýüzügi ultra-ýeňil titan ergininden ýasaldy. Ol ýürek ýygrylmasynyň ýygylygyna, ýürek ritminiň üýtgemegine, gandaky kislorodyň derejesine we ukynyň hiline gözegçilik edýär. Ähli maglumatlar hal-ýagdaýyňy gowulaşdyrmak boýunça şahsy maslahatlary berýän ykjam goşundyda görkezilýär. AI TransBuds – bu real wagtda ikitaraplaýyn ses terjimesi bolan nauşnikdir. Gurluş 15 dili goldaýar. Tehniki maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne nauşnik söhbetdeşiň sözleýşini kabul edip, ony eýesine terjime edip bilýän iki mikrofon bilen enjamlaşdyrylar diýip pikir edilýär. Ähtimal, olar eýesiniň hem terjimesini söhbetdeşe eşitdirip biler. Işlemek üçin smartfona ýa-da planşete birikmeli. Gurluşda ulanylýan EA modelleri barada maglumat ýok. “Netijeli terjime üçin nauşnigi diňe bir adam dakynmaly, bu hem ony resmi däl gepleşikler, iş duşuşyklary, göni ýaýlymlar ýa-da onlaýn okuw sessiýalary üçin tüýs laýyk edýär. Nauşnikler real wagtda subtitrleri we transkripsiýany hem goldap, ulanyjylara hakyky wagtda söhbetdeşligi yzarlamaga we olary soňundan görmäge mümkinçilik berýär” – diýip, Acer belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir