"Ýigrimi bäş ýaşym"

O diýen bir özgerişlik ýok ýaly,
Öňkimden azajyk gowşapdyryn men.
Agaryp ugrapdyr saçymyň ýary,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ser salsam yzyma, geçen ýollarmyň
Käsinde kä hetden aşypdyryn men.
Düzetmän, düzelmän, düzeljek bolman,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ykbal, u...

Dowamy »

233 2
Edebiýat, 1 month ago


Şemal bolmaklygy kalpda besleýän

Şemal bolmaklygy kalpda besleýän

Gör sen, dünýäm, ýüregimiň halyny,
Seň söýgiň gurşapdyr ählije ýerin.
Gündiz küýüm başga ýana sowsamam,
Gijeler sen bolýaň pikirim, serim.

Küle dönüp, öçüp barýan kalbyma
Täzeden ot bereniňi bilýäňmi?!
Mahal-mahal düýşlerime girýäň-le,
Ýa-da in...

Dowamy »

281 0
Edebiýat, 2 months ago


***

Sen süýji ukuda ýatyrkaň gije,
Bogulypdym ýassygymda gözýaşa.
Sen sähere ýaňy salam bereňde,
Men gözüm owkalap barýardym işe.

Kanagat ýok, eglenmäge bir ýerde,
Ne halym bar degişmäge, gülmäge.
Saňa bagt köşgün wada berýärin,
Şowhun bolup girseň göwün külbäme.

Gözlerimi ýerden s...

Dowamy »

331 1
Edebiýat, 2 months ago


Oýlanma(Sensiz setirler)

Sensiz setirler (Oýlanma)

Sensiz bolmaz diýilýärä bilýäňmi?
Ol söz sen bolmasaň, bu dünýeden giderin diýmekligi aňlatmaýar,.

Sensiz günlerim agyr geçer, Ir bilen oýanýan, ýöne öňkiler ýaly ýüregimde gopgun ýok. Häzir sms ýa-da senden jaň geler diýen umyt ýok. Näme boldygymy sensiz bul,. Işe barýaryn abet wagty...

Dowamy »

350 2
Edebiýat, 3 months ago


Oýlanma,.

Annagurban Annagurbanow
Sen meň üçin gymmatly(Oýlanma)

Öz - özümden gabanýan diýilýärä, şol söze men kän wagt bäri düşinemokdym. Nähili öz-özüňden gabanylýaka diýip pikirlenýädim. Sen geldiň maňa öz-özümden gabanmaklygy öwretdiň,. Kä wagt saňa seredip durşyma gapdalymdaky deň-duşlammyň näme diýip näme aýtýanynada üns bermeýä...

Dowamy »

379 0
Edebiýat, 4 months ago


Oýlanma,

Annagurban Annagurbanow
"Bir düşinsediň, bir bilsediň."

Hakyky duýgylarymy kemsitme, saňa beýle duýgylary päk ynsan bilen indi gabatlaşmarsyň,. Bileňok duýaňok, ýogsam seni illerden, özgelerden, üýtgeşik görýän, şolardan sen maňa aýratyn,. Ýok men özümi öwjek bolamok, sebäbi men seni gowy görýärin, hiç bir zada dözmeýädim hem...

Dowamy »

350 0
Edebiýat, 4 months ago


Sen düşýärsiň ýadyma

" Sen düşýärsiň ýadyma"

Pursatlar suw üzre aýak yz kibi
Aýt sen, wagt diýeniň aýaýar kimi
Ýazlar gül geýinip uly gyz kibi
Tijenende, sen düşýärsiň ýadyma

Asmanda ýazylan ýerde çözülmez
Köňle taý kylanyň derde dözülmez
Penjire ýapylmaz, perde süzülmez
Gijelerine, sen düşýärsiň ý...

Dowamy »

318 3
Edebiýat, 6 months ago


Söýermiň şonda!?

Söýermiň şonda!?

Şo-ol aýlanyp ýörşüm daşyňdan synlap,
Diýjek sözlerimi kalbymda jemläp,
Aşyk gözlem bilen gözlerňe gözläp,
"Söýýän" diýsem, senem söýermiň şonda?!

Ykbal ýollaryny geçsem seň bile,
Söýsem gözüm, sözüm, janym - dem bile,
Meň ýüregme düşünýärkä hemmeler,
"Söýýän"...

Dowamy »

619 43
Edebiýat, 7 months ago


Senem bolduňmy şeýle?

Şul şoň gowy görýän kinosydy diýip, şol kinony gaýta-gaýta gördüňmi? Şu tagamy şol halaýady diýip, özüň taýynnlap iýdiňmi? Öýüňe barýan ýol golaýam bolsa, şu ýoldan şol ýöreýädi diýip, şoň ýörän ýolundan ýöräp, öýüňe daşdan aýlanyp gelip gördüňmi? Şul ynsanlar bilen şoň, kän arasy ýokdy diýip, senem şolar bilen gürleşmedik wagtyň boldymy? Ýa bolm...

Dowamy »

355 1
Edebiýat, 8 months ago


Men indi ulaldym, Ejemjan

"Janym Ejemjan men indi ulaldym"

Boýum ösdi, dertlerim köpeldi, Öňkiler ýaly her aglan wagtym seň gujagyňa ylgap bilemok, Men indi güýçlendim, öz meselelerimi özüm çözmeli diýýärin, Saňa we Kakama ulalandygym subut etmelidigim bilýärin! Sebäbi Ejemjan diýip şymjarsam gynanjagyňy bilýärin, ukysyz galyp alada etjegiňi, iýýän zatlaryň b...

Dowamy »

339 1
Edebiýat, 9 months ago


Terjimeler..

Zenanlarymyz hakda

Özi hem söýýän wagty, söýgisinden geçip bilýän zenany hiç zat bilen gorkuzyp bilmersiň.

Aglaýan zenanyň ahy diýip birzat bar, hem agladyp hem-de ahy alan bolsaň bi dünýede ýüzüň gülmez.

Bir zenanyň owadan görünmesi üçin keşbine her dürli reňkler(makýaž) gerek däl, bagtly bolmasy gerek...

Dowamy »

488 2
Edebiýat, 9 months ago


Oýlanma..

Söýgisini bile okaýan gyzyna öz öňinde uly bir böwet barlygy sebäpli aýdyp bilmeýän ýigidiň ýazan haty.

"oýlanma"
Aslynda ynsanyň ýüz keşbini esasy bezeýän zat gözleridir.

Ýöne, sende welin başgaça näme diýip, gelşirip aýtjagymy bilemok. Böwrek ýaly dodagyňy diýeýinmi, ýa-da ala gyzyl alma ýaly ýaňa...

Dowamy »

387 0
Edebiýat, 9 months ago


Oýlanma.

"Oýlanma"

Seni söýip göz ýetirdim birzada
Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýäde

Gurbannazar ezizow

Howwa garaz birzat edip, baş alyp çyksa bolar kynçylykdan. Ýöne, ejizlikden baş alyp çykmak welin ýeňil düşmez eken. Howwa entegem şol ejizlikden baş alyp çykyp bilmän ýörişim, ýogsa saňa duşmazymdan ozal...

Dowamy »

399 1
Edebiýat, 10 months ago


Terjimeler

Ikimiziň hem bahanalarmyz bardy. Meň bahanalarym seniň ýanyňa golaýlaşmak üçin, A seniňki bolsa menden gitmek üçin. Ikimiziň hem ýalan sözlerimiz bardy, men has hem söýip bilmek üçin ýalan sözledim. A sen bolsa, söýýän ýaly görünmek üçin ýalan sözlediň. Howwa biziň ikimiz hem günäli, sen meni ýalanlaryň bilen ynandyranyň üçin, Meň günäm bolsa şol ý...

Dowamy »

427 2
Edebiýat, 10 months ago


Körpesi bolsaň

"Öýüň körpesi bolsaň"

Ähli işe ylgap ýetmeli, özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň
Gohdur-galmagalam çekmeli özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň.

Körpe lälik bolýa diýýäler welin
Men-ä hiç-hili läliklik göremok
Ýöne her maşgala aýratyn welin
Onda-da kyn öýüň körpesi bolsaň.
<...

Dowamy »

536 2
Edebiýat, 10 months ago


Edep hakynda

Edep hakda

Ynjalykly bolmaly ýöne, duýmaýan däl. Açyk sözli bolmaly ýöne, edepsiz däl.

Ynsan ilki başda ahlak taýdan okamagy gerek, diplomlar hünärler üçindir.

Bizi edepsizler däl-de edebimiz gürleden däldir.

Ýa-ha sözläp biljek sözi bolmaly ynsanyň, ýa-da dymyp otyryp biljek edebi.
...

Dowamy »

506 0
Edebiýat, 11 months ago


Pursatlardan

(Pursatlar )

Iň erbet ýerem öz söýgiliň bilen gürleşip otyrkaň, ýüregim gysýa diýen-de, sen diýersiň maňa sen bolsaň gysanok diýip, Ol diýer meňki gysýar ýüregim diýip. Ine şol wagt öz-özüňden närza borsyň, içiňi gürledersiň. Bee men muň sesini eşdemde keýpim göterilýä, a bu bolsa meň bilen gürleşip otyrka ýüregim gysýa diýýär. Ýa me...

Dowamy »

524 2
Edebiýat, 11 months ago


Söýýän bolsak" Söýýän" diýeliň.

Söýýän bolsak " Söýýän" diýeliň.


Kä ynsanlar öz ýalňyzlyklaryna çydaman ýalňyzlyklaryny derman tapmak üçin ynsanlary ulanýalar. Söýýän adamyň rolyny oýnaýarlar. Bizem muňa ynanyp söýgidir öýtýäs, we olaryň oýunlaryna ynanyp uýýas, ýalňyzlyklary gutaran wagty ýa-da başga ynandyrjak ynsany tapan wagtlary bizden gitýärler. Bizem...

Dowamy »

527 2
Edebiýat, 11 months ago


Ugradylmadyk Hat

Söýgiden ýadanyň(ireniň) iç gürletmesi, we öz halan gyzyna ugradyp bilmedik haty.
~
Iki çäk otyrsaň gürleşsem elimi egnine atyp gürrüň etsek, şo etjek gürrüňimiz hatda söýgililiňkidenem beter aňyrda we içgin bolsun. Ýöne söýgülilik derejede bolmasyn, gujagymda gysaýyn uzak wagtlap,uzak wagtlap ýöne ýene, bir-birimize söýgili bolmaly....

Dowamy »

522 3
Edebiýat, 1 year ago


Soňky Hat

Oglan gyz bilen bir-birini bek söýýärler. Ýöne düýipli sebäp bolany üçin gowşyp bilmeýärler. We oglanyň gyza soňky ýazan haty...

Soňky Hat (oýlanma esasynda)

Edil seni özümiňki ýaly hasap edip söýdim. Seniň mydamalyk eýýäň ýaly. Hiç gitmejek ýaly, aýra düşmejek ýaly. Ýöne ýüregimde bir kijijek ünji bardy. Arasynd...

Dowamy »

567 1
Edebiýat, 1 year ago


Saňa

Saña.
Allam seni ýaradypdyr nur eýläp
Ähli gözelligi özüñde jemläp
Waspyña söz ýetmez ýazsamda ýyllap
Tañrym ömür bersin gözel gyz saña.

Gijelerne görküñ aý ýüzün ýapar
Aý uýalyp senden janyny ýakar
Gündizler nurly gün gaşyny kakar
Aşyklygyn aýdyp dil açar saña.

Diýýändi...

Dowamy »

447 0
Edebiýat, 1 year ago


Ata sözleri 4

1)Söýgi 7 sekunt, höwes 7minut, puşmanlyk bolsa bir ömür boýy dowam eder(Arap atasözleri)

2)Bagtlylyk herkimiň durmuşundan bir gezek geçer.(Awustraliýa ata sözleri)

3)Ýalançynyň öýi ýandy hiçkim ynanmady.(Azerbeýjan ata sözleri )

4)Ýakyn goňşi daş(uzak) garyndaşdan gowydyr.(Azerbeýjan ata sözleri )
...

Dowamy »

548 2
Edebiýat, 1 year ago


Ýarym Aldylar

ÝARYM ALDYLAR
Meniň saýlap söýen bir gülüm bardy
Ol ýarymy bu gün menden aldylar
Aýa güne deňäp gezenim bardy
Ol ýarymy bu gün menden aldylar

Ýakyn ýerlerden sawçy gelipdir
Hossarlaryň, olaň sözün alypdyr
Şeýdip toýyň sähedini beripdir
Söýen ýarym bu gün menden aldylar

...

Dowamy »

424 1
Edebiýat, 1 year ago


Ejemjan

《Ejemjan》

Derdiñ näme oglum diýme Ejemjan
Jandan eziz görenim taşlap gitdi
Geçer oglum diýme maña Ejemjan
Eý gören dosdymam arkamdan itdi

Bile otyryp duz çörek iýenim
Dos diýip özime ýakyn görenim
Başga ýerlerde ýeñsämden gūlenin
Görūp neneñ aglamaýyn Ejemjan

J...

Dowamy »

501 2
Edebiýat, 1 year ago


Durmuşum

"Durmuşym"

Ýaşlygymda yañy joş alan wagtym
Ahli zady weyran eden durmyşym
Aýda bilmän bir gözele arzuwym
Ahli zatdan alyp galan Durmuşym

Höwes edip ýetjek menzillem bardy
Bir gözele beslan arzuwym bardy
Arzuw edip ýeten ak bagtym bardy
Şol bagtymy menden alan durmuşym
<...

Dowamy »

452 0
Edebiýat, 1 year ago