Söýermiň şonda!?

Şo-ol aýlanyp ýörşüm daşyňdan synlap,
Diýjek sözlerimi kalbymda jemläp,
Aşyk gözlem bilen gözlerňe gözläp,
"Söýýän" diýsem, senem söýermiň şonda?!

Ykbal ýollaryny geçsem seň bile,
Söýsem gözüm, sözüm, janym - dem bile,
Meň ýüregme düşünýärkä hemmeler,
"Söýýän" diýsem, senem söýermiň şonda?!

Käşgä ýürekdäki duýgyny duýsaň,
(Ýürek ýalan sözläp bilermi eýsem!)
Seň üçin ýagşynam, ýamanam söýsem,
"Söýýän" diýsem, senem söýermiň şonda?!

Çyn söýgüde mydam böwet barlygyn
Bilsemem, goýanok intizarlygym...
Dünýä öwrüp gursagymyň darlygyn,
"Söýýän" diýsem, senem söýermiň şonda?!

Aşygyň ýüregi bolýandyr näzik,
Men seniň göwnüňi tapmaly nädip?!
Belent umyt, ynam, güýç bilen ädip,
"Söýýän" diýsem, senem söýermiň şonda?!

Annagurban ANNAGURBANOW

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir