Zenanlarymyz hakda

Özi hem söýýän wagty, söýgisinden geçip bilýän zenany hiç zat bilen gorkuzyp bilmersiň.

Aglaýan zenanyň ahy diýip birzat bar, hem agladyp hem-de ahy alan bolsaň bi dünýede ýüzüň gülmez.

Bir zenanyň owadan görünmesi üçin keşbine her dürli reňkler(makýaž) gerek däl, bagtly bolmasy gerek.

Bir zenana owadan gelişýän zat onyň gülişi, ýylgyryşy ony elinden almaň!!!

Haýsy zenan söz diňlemez, erkek adam bolandan soňra.

Iň agyr ýüki Ejem göteripdir. Dokuz aý garnynda bir ýyl gujagynda, üç ýyl elinde we bir ömür ýüreginde

Bir zenanyň derdi asla aýdyp berşi ýaly däldir.

Eýe çykyp bilmeýän zenanyňa, hasabat hem sorap bilmersiň.

Bir zenan hiç wagt ýatdan çykarmaz. Bagtly bolan kişisini-de janyny ýakan kişisini-de.

Güýçli zenanyň dosty az. Tomaşajysy we duşmany köp bolar.

Bir zenanda duýgynam, ýigrenjem döretýän adamdyr. soňundan men nirede ýalňyşdymkam diýme.

Bir zenan aglaýan bolsa şol wagt sizi nähili we haçan agladyp biljegini pikirlenýändir.

Bir zenanyň ýylgyryşlarynda başyndan geçenleri görip bilersiň.

Zenan duýgylaryny dilde aýtmaz, ýöne gözlerine seret, saňa öz içindäki bar zady aýdar gözler.

Bir zenan aýdan söziňizi ýyllar boýy ýadynda saklar. We ýeri gelen-de size diýip galar.

Bir zenanyň ünsi gözlerindedir, bakyşlaryndadyr, ýylgyryşlaryndadyr.

We bir zenan özüniň söýülýändigini bilmek islär gijäniň ýary bolsada.

Zenanyň hereketleri çagalaryňky ýaly bolsa söýgisi güýçlidir.

Zenanlar söýgini artdyrmak üçin ýaradylandyr.

Söýgiden urgy gören zenanlary öz janyňyzyň isleýşine görä söýip bilmersiňiz.

Bir zenanyň bagtlylygy durmuşundaky adamyň hiline baglydyr.

Zenanlar hiç bir zady unutmazlar diňe görmezlige bilmezlige salarlar,. wagty gelen-de bolsa ýüzüňe urarlar.

Bir zenana tapawutlydygyny duýar ýaly etseňiz, milýon gezek seni söýýän diýeniňizden has beter bagtly bolar.

Zenanlar aşyk bolýançalar iň gowy psihiýatirisler, aşyk bolandan soňra iň gowy hassa bolarlar.

Zenanlaryň 80% hakykatdan göwnime degilende, göwni döwülende gygyrmak ýerine sessizligi saýlarlar.

Terjime eden: Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir