《Ejemjan》

Derdiñ näme oglum diýme Ejemjan
Jandan eziz görenim taşlap gitdi
Geçer oglum diýme maña Ejemjan
Eý gören dosdymam arkamdan itdi

Bile otyryp duz çörek iýenim
Dos diýip özime ýakyn görenim
Başga ýerlerde ýeñsämden gūlenin
Görūp neneñ aglamaýyn Ejemjan

Jan bilen tenden men ony söýdūmä
Onyñ bile kän arzywlar etdimä
Şeýle söýenimem özgä gitdidä
Bilip neneñ aglamaýyn Ejemjan

Ūýşmeleñe meñ ūstimden gūlýàrler
Kakañ seniñ mydam alkaş diýýärler
Şeýdip meni köplikde kemsitýärler
Bilip neneñ aglamaýyn Ejemjan

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir