Şul şoň gowy görýän kinosydy diýip, şol kinony gaýta-gaýta gördüňmi? Şu tagamy şol halaýady diýip, özüň taýynnlap iýdiňmi? Öýüňe barýan ýol golaýam bolsa, şu ýoldan şol ýöreýädi diýip, şoň ýörän ýolundan ýöräp, öýüňe daşdan aýlanyp gelip gördüňmi? Şul ynsanlar bilen şoň, kän arasy ýokdy diýip, senem şolar bilen gürleşmedik wagtyň boldymy? Ýa bolmasa şoň beren sowgadyny, öýüň bir ýerinde goýan bolsaň,. tapyp, şul sowgady şol gowy görip alandyr diýip, şol sowgada täzeden begenip gördüňmi? Käteler gijäň ýary oýanyp, jaň ýa-da sms geldimikä diýip, telefonyňa seretdiňmi? Ýa kä wagt el telefonyň jübiňdekä, jaň gelen-de, ýa sms gelen-de, şolmyka diýip, aljyraňly howsalaly telefonyňa seredip gördüňmi? Pessaýja şemal bir atyr(müşk) ysyny burnyňa getirende, "Howwa şul şoň sepinýän atyry" diýip täzeden demiňi içine çekdiňmi? Ykbal öwrimi ters aýlanyp, heriňiz aýry ýollara eltip duşmasaňda, Goý bagtly bolsun mydam, ýylgyryp gezsin diýip, ýagşy dilegde gezdiňmi???

Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir