"Oýlanma"

Seni söýip göz ýetirdim birzada
Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýäde

Gurbannazar ezizow

Howwa garaz birzat edip, baş alyp çyksa bolar kynçylykdan. Ýöne, ejizlikden baş alyp çykmak welin ýeňil düşmez eken. Howwa entegem şol ejizlikden baş alyp çykyp bilmän ýörişim, ýogsa saňa duşmazymdan ozal ejizlemäň nämediginem bilmezdim,

Sen ýanymdalygyňa arkyn bolup ýüregimdäkileri saňa ýaňzytmandyryn. bul meniň uly ýalňyşym. Aý näme, bile okap ýöremsoň, ikimiz hem şol bir okuwda, günde diýen ýaly görüşýäs, gürleşýäs, degişip gülişip, ýöremizsoň her sözüme ýylgyryp jogap bereňsoň içimdäki söýgini özüň hem duýýansyň öýdip ýöripdirin. Wah gürläsim gelýäle, bir saňa ýüregim açasym gelýäle, howwa öýde wagtym hemme aýtjak zatlarym ýat tutup, aýnaň öňine geçip gürleýänem, şo wagta gül ýaly, aýtjak zatlarym dilime gelip dur,. A ertrsi okuwa baramda welin başgaça... ýanyňa baryp gürlejek bolýan welin dilim tutulýan ýaly, hany bir ýaňy bişen hurmany iýeňde agzyň içi doňup, döşiňede-de iýeniň dykylyp galýara edil şolar ýaly-da, ýogsa ýeke wagtyňa-da gabadam gelýän, öz-özime diýýänem beýle-de bir utanjaňlyk ýygralyk bolar eken diýip, Kä wagt hat ýazyp bermegem pikirime gelýär. Ýa-da joralaryň birine diýip ber diýäýsemikämem diýýän-de, ýene joralaryma diýdirmän özüň aýdaýmaly ekeniň-dä, diýersiň öýtýän,. Kä wagtlar üýşip gyzlar-oglanlar bolup gürleşip otyranymyzda, oýun bilen biri-birilerine, plany saňa özüň ýalyjak dogumly gyz duşsyn diýip gülişýäs, Şonda sen ýanyragymda otyransoň maňa garap plany saňa-da özüň ýaly sada gyz duşsyn diýeniňde derrew yzyna jogap beresim gelýär" Şol sada gyz" sendä diýip, ýöne näme bu utanjaňlygym bilen sesimem çykaryp bilemok, Howwa şol aýtmaň çemesini gözläp ýörün, öýde wagtlap bolsa köplenç hindi kinolaryna tomaşa edýän, şolaň ýerinde özümi goýup görýän, edil aýdym aýtýan ýerlerinde däl-de, oglan gyza söýgisini aýtjak bolup kösenip meň günime düşip ýören ýerleri gyzykly gelýärdi, aý howwa bolmanam gyzykly geler derdiň bir bolsa, kinony görip otyrkam öz ýanymdan sesem beren bolýan eýdäýmeli, beýdäýmeli diýip, hamana özüm şo zatlary başarýan ýaly, Ugryna hemme zada taýyn şol meniňki bolsa bolýar,. Şu gyzy bir ömür boýy bagtly etmek borjuň diýseler, ýüzünden şatyk egsilmeli däl diýseler hossarlaň, ýüzüň çytman pikirlenmän, hat-da sözüni soňlamanka hossarlaň yrza bolardym ýöne.... Howwa şol gün güýz paslynyň soňky günidi, agaçlar hemme ýapraklaryny dökipdirler. Şol gündi meniňem umytlarymyň ýapraklar deý dökilen günidi, şol gündi seniň öz halanyň bardygyn bilen günüm, Şol gündi iň ejizlän günüm, ejizlemäň neneňsi agyrdygyn bilen günüm, Howwa şol sözler çyn eken...

Kynçylyk ýok
ejizlik bar dünýäde,

Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir