Oglan gyz bilen bir-birini bek söýýärler. Ýöne düýipli sebäp bolany üçin gowşyp bilmeýärler. We oglanyň gyza soňky ýazan haty...

Soňky Hat (oýlanma esasynda)

Edil seni özümiňki ýaly hasap edip söýdim. Seniň mydamalyk eýýäň ýaly. Hiç gitmejek ýaly, aýra düşmejek ýaly. Ýöne ýüregimde bir kijijek ünji bardy. Arasynda ýüregimi gysdyran bir ünji ine şu gün şol ünji has hem gozgady. Indi sensiz nähili göz öňüme getireýin ykbal ýolumy ýa kellesine taýak bilen urlan ynsan ýaly gezmeli bolarynmy. Gitmegiňi asla islämok. Ýöne galyp bilmejegiňi hem bilýän. Hat-da gitmez, gitmesin menden, bolup bilmez diýip öz- özüm bilen gaty kän söwüşdim hamala şeýtsem düzeljek ýaly men kimi aldaýan diýsene. Bir gezeginde-de, öz-özüme uly sesim bilen gygyrdymam. " Sen adam şekilli söýen bolsaň şeýle bolmazdy" diýip ýöne näme Seniň ýa-da meniň söýgim bilen ölçeriljek ýagdaýam däl-di. Onda-da näme eliňden gidip barýanyna ynanasyň gelenokda. Ahyrynda nähilem bolsa men hakykaty kabul etmelä. Eýýäm çep gapdalymdaky sanjym artyp ugrady. Gulagymda bolsa menden gitýär, menden gitýär, diýen söz çyňlap dur. Maňlaýymyzy biri-birimiziňkä söýäp edilen arzuwdyr-Hyýallarmyz, çüýräp galar diýip pikirem etmändim. Hälden bäri öz elime seredip otyryn däli ýaly, hamala elimde seň eliň yzy galan ýaly gözüm ýumyp elimi tutanymda göýä elimden entekler seň mähriň gitmejek ýaly. Şeýle saňa baglanypdyryn, welin ýatdan çykarmak Indi ýeňil düşmese gerek. Wah ýeňil düşmejegini hä bilýän sebäbi sen ýüregimde ornadyň edil döwlen süňkiň täzeden bitişi ýaly, täze ekilen baglaryň kök urşy ýaly, sen hem ýüregimde şeýle ornadyň. Sensiz bir ýanym oýuk boljak ýaly. Indi dertli wagtym kim derdime seýik bolar. Keýipsiz wagtym kim ýüzümi güldirer. Sensiz durmuşum nähili boljagyny asla we asla pikir edip, hem bilemok. Sensiz ýaşyl öwsip otyran göwnim gurap çöle dönäýjek ýaly. Allam bir dilegim nirä gitseňem bagtyňy açyk etsin. Gülkiňi şatlygyňy kem etmesin. Eger aglaýsaňam agla, gaýgy alada dert hiç wagt gelmesin. Nirä gitseňem meň ýüregimde baky galarsyň sen.

Soňky hatym söýgülime

Taýýarlan:©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir