(Pursatlar )

Iň erbet ýerem öz söýgiliň bilen gürleşip otyrkaň, ýüregim gysýa diýen-de, sen diýersiň maňa sen bolsaň gysanok diýip, Ol diýer meňki gysýar ýüregim diýip. Ine şol wagt öz-özüňden närza borsyň, içiňi gürledersiň. Bee men muň sesini eşdemde keýpim göterilýä, a bu bolsa meň bilen gürleşip otyrka ýüregim gysýa diýýär. Ýa meň sözlem, ýa-da özüm ýaramokmykam diýip öz etiňi özüň iýersiň. Ine iň gynandyrýan hem söýgiňe höwesiňi gaçyrýan ýeri.
Ikiňizem gezelençdesiň, iki bolup ýöräp barýansyň, we Başga söýgülileriň gezelenç edip ýörnine gözi düşer, we ýanyňdaky ýoldaşyň diýer saňa"Seret olara gaty bagtly gülişip aýlanýarlar" Içiňden diýersiň" Biz näme aglaşyp aýlanýasmy"diýip. Şonda birhili duýga çümersiň. Ýene-de içiňi gürledersiň" Bee bu näme beýle diýdik-ä, ýa men gerek bolan mähiri berip bilemokmykam"diýip, öz- özüňden göwniň geçer, sowamak bilen bolup ugrarsyň onsoň. Söýgi-de ýanyňdaky ýoldaşyňa oňardygyňça ýokuş degiji sözler diýmejek bolmaly, beýle söz diýmek bilen hem söýgiňizden hem-de, öz-özünden sowaşdyrýaňyz. Ýa-da başga gatnaşyklardan,söýgililerden söz açmaçak bolmaly" olar öz söýgilisine şuny diýýär muny diýýär olar bagtly" diýip öziňizden sowatmaň.

Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir