Annagurban Annagurbanow
Sen meň üçin gymmatly(Oýlanma)

Öz - özümden gabanýan diýilýärä, şol söze men kän wagt bäri düşinemokdym. Nähili öz-özüňden gabanylýaka diýip pikirlenýädim. Sen geldiň maňa öz-özümden gabanmaklygy öwretdiň,. Kä wagt saňa seredip durşyma gapdalymdaky deň-duşlammyň näme diýip näme aýtýanynada üns bermeýä wagtym boldy,. Esli wagt saňa seredip, soň bolsa öz içimden meniňki ýaly başgada seretýän barmyka diýip derrew daş-töweregime garanjaklaýan, ýene öz içimden beýle kän seredip gözimi degiräýmäýin diýen wagtlam boldy, Sen ýolda-yzda bir ýerlere barýan bolsaň, özge ynsanlar saňa seredişende, belkem tanyş görip seretýändirlerem welin, Onda-da şolara öňiňe seretsene nämä beýle seretýäň diýäýesim gelýä, Sen meň üçin şeýle gymmatly, sen maňa öz- özüňden gabanmaklygy öwretdiň,.

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir