Edep hakda

Ynjalykly bolmaly ýöne, duýmaýan däl. Açyk sözli bolmaly ýöne, edepsiz däl.

Ynsan ilki başda ahlak taýdan okamagy gerek, diplomlar hünärler üçindir.

Bizi edepsizler däl-de edebimiz gürleden däldir.

Ýa-ha sözläp biljek sözi bolmaly ynsanyň, ýa-da dymyp otyryp biljek edebi.

Edepsizlige döredijilik öýtýänler, edepli ynsany kelesaňdyr öýderler.

Mydama aýtýarlar diýýärler: bu ynsan näme üçin beýle edepsiz, Heý soradyňyzmy? Edebini bozan haýsy häsiýetsiz diýip.

Edep eýýesi özüne çalynan şarpygyň eýýesini däl-dä sebäbini gözlär.

Edebim el bermez edepsizlik edene, Dymmaklyk iň oňat jogapdyr. Edebi elden gidene.

Sessiz durmak güýçsizlik däldir. Sessiz durmak edepdir. Ýöne herkimse edebiň nämedigine düşünmez.

Pinokýa tagtadan ýöne ýalan sözläninde burny uzalýardy. Şumahalky ynsanlaryň ýüzem gyzaranok.

Edep: gürleýän wagtyň diliňe goramak. Ýalňyz galan wagtyň kalbyňy goramak. Daş çykan wagtyň gözüňi goramakdyr.

Edebiňiziň ýetmedigi ýere diliňizem ýetmesin.

Bir ynsanyň egnindäki eşikgindenem eşikdenem ahlagy zerurudyr

Edep şeýtany öldiren bir ýaragdyr.

Edep akylyň daşyndan görnişidir.

Her zadyň bir hyzmat edijisi bardyr. Diniň hyzmat edijisi bolsa edepdir.

Edep ynsany her tüýsli ýalňyşlyklardan goraýan maglumata we ýörelgä eýe bolmakdyr.

Çagalaryna edep öwretmeýän, duşmanlaryny begendirer.

Edep diliňe eliňe we biliňe eýe bolmakdyr.

Edep ynsany utanyljak zatlardan goraýam melekdir.

Adam oglunyň edepden nesibesi ýok bolsa, ynsan däldir.

Akylly edebi edepsizden öwrener

Terjime eden: Annagurban Annagurbanow..

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir