" Sen düşýärsiň ýadyma"

Pursatlar suw üzre aýak yz kibi
Aýt sen, wagt diýeniň aýaýar kimi
Ýazlar gül geýinip uly gyz kibi
Tijenende, sen düşýärsiň ýadyma

Asmanda ýazylan ýerde çözülmez
Köňle taý kylanyň derde dözülmez
Penjire ýapylmaz, perde süzülmez
Gijelerine, sen düşýärsiň ýadyma

Kalp tez-jeren, awy däldir her şiriň
Günleň tesbisinde ömür teswiriň
Alaja deý düýnim, şu günim, ertirim
Işilende sen düşýärsiň ýadyma

Ýaşlygy perinde göterip guwlar
Sowlar, bir pursatlyk bahar deý sowlar
Toý güni bir bire iň hoş arzuwlar
Diýişilende sen düşýärsiň ýadyma

Yşkyň sabyr pyýalasyn gyrmalap
Ýazyklydyr ýar ýanynda ýygralan
Bir ýyly söz, ähli derdim bir gyra
Süýşirende sen düşýärsiň ýadyma

Söýmäge bir pursat-köýmegä ömür
Diýmäge birje söz..
Duýmaga köňül
Daň ýyldyzy kibi, her täze güniň
Işiginde sen düşýärsiň ýadyma

Göräýmegä, durmuş düzläp dokuzyn
Günler çalar şool adaty gopuzyn
Ýöne, dost-ýar dogan gözler dokunyp
Üýşilende sen düşýärsiň ýadyma

Kakamyrat Rejepow


" Sen düşýärsiň ýadyma"

Ýatdan çykmaz eken käbir pursatlar
Ýöräsem gelenok sensiz sagatlar
Jübitleri görip diýýän"Bagtlylar"
Guwanamda sen düşýärsiň ýadyma

Ýazylan bolsa, maňlaýdan pozulmaz
öýke-kine üçin ara bozulmaz
Şygyrlarym setir-setir düzülmez
Pikirlensem sen düşýärsiň ýadyma

Her ýüregi söýip bilmez bu ýürek
Sada kalba sada kalpy gerek
Bu günim däl, ertirler üçin gerek
Diýenimde sen düşýärsiň ýadyma

Küýseýänsiň aýna bakyp gijeler
Bir gyra aýr, hezil bermez ünjiler
Indi saňa bir çen boldy diýseler
Käýýelende, sen düşýärsiň ýadyma

Annagurban ANNAGURBANOW

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir