Ikimiziň hem bahanalarmyz bardy. Meň bahanalarym seniň ýanyňa golaýlaşmak üçin, A seniňki bolsa menden gitmek üçin. Ikimiziň hem ýalan sözlerimiz bardy, men has hem söýip bilmek üçin ýalan sözledim. A sen bolsa, söýýän ýaly görünmek üçin ýalan sözlediň. Howwa biziň ikimiz hem günäli, sen meni ýalanlaryň bilen ynandyranyň üçin, Meň günäm bolsa şol ýalanlara ynananym üçin.

Ýüregi arassa bolanyň, wyždany hem arassa bolar, arzuwlary hem arassa bolar, ýaşaýyşy hem, Ýüregi hapanyň bolsa hapalamajagy hiç zat ýokdur

Halaşýan ýigidiň, ýa-da gyzyň bolsun, gujaklanyňda ýylgyrmana derek gözleriň ýaşa dolýan bolsa ýüregiňde diliňden çykaryp düşindirip bilmejek, köp sözler bardyr.

Kä wagt ynsanyň özüne soraýan ýekeje, bir soragy bolýar. Hakykatdanam men şulara mynasypmykam.

Näme üçin öz-öziňi gynap aglaýaň? Gözýaşlaryňa degýän ynsanlar barka, näme üçin degmeýän üçin aglaýaň, Aýtsana sen maňa... Seň başyň täji diýip ýöreniň hakykatdanam şol ýere mynasypmy? Senden giden-de gözýaşyňa dözmezçilik etdimi? Sen-ä onyň göwnine degmejek bolup artykmaç gürlemäne çekinýädiň, A ol saňa näme boljagyny pikirlendimi? Näçe gün bäri ukysyz galyp, özüňi gynadyň. A näme üýtgedi. Indi öz-özüňe şu soragy ber hany... Şoň terk edeni üçin gynanmagyňa degýärmi?


Söýersiň... Söýersiň.. Söýersiň..
Arzuw edersiň, onyň hem söýmegini islärsiň. Içiňdäki bar bolan güýjiň jemläp, çekinip utanyp aýdarsyň söýýänligiňi, gaty köp zatlar diýesiň aýdasyň geler,,, ýöne bir zadam doly-düzgün aaýdyp bilmersiň...Sebäbi tolgunýansyň, utanýansyň ýanynda mahalyň. We ondan jogap alyp bilmersiň almanyňada gynanarsyň ýüregiň o:t bolup ýanar ol o:dy öçürmäge synanşarsyň ýöne ony hem başarmarsyň.. Öz-özüňe gaharlanarsyň:näme üçin men beýle söýdim diýip, ýöne seň eliňde däl-ä söýip söýmezlik. Çäresizlik seni gynap başlar, içiň ýanar we has beteri başgasyny söýýänligini eşdersiň. Ýüregiň çym pytyrak bolar, ýöne şonda-da oň söýgisine sylagyň ulydyr. Sesiňi çykarman dymyp gezersiň. Günler aýlar geçse-de, asla ýatdan çykaryp bilmersiň. Armanly söýgiň arzuwy bilen ýaşarsyň, sessizligiňi dowam edersiň alaçsyz, sessiz daşdan öz ýanyňdan söýip gezersiň, başga çäräňem ýokdur. Başga birini söýip, göwün berip bilmersiň girmez kalbyňa özge birisi, sebäbi diňe şol bardyr kalbyňda we şol ýerde galar ömürlik

Toplan we Terjime eden:Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir