"Öýüň körpesi bolsaň"

Ähli işe ylgap ýetmeli, özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň
Gohdur-galmagalam çekmeli özüň
Maşgalaň körpe çagasy bolsaň.

Körpe lälik bolýa diýýäler welin
Men-ä hiç-hili läliklik göremok
Ýöne her maşgala aýratyn welin
Onda-da kyn öýüň körpesi bolsaň.

Gyz bol oglan bol onuň tapawdy ýok
Git diýlen ýere hökman gidäýmeli
Ýadowmy sen ukydamy parhy ýok
Gitmelisiň öýüň körpesi bolsaň

Gowydan- gowy işleriň edersiň
Ýakynlaň edeň işňe at dakalarlar.
Gaharlanarsyň janyňy ýakarsyň
Ine şeýle öýüň körpesi bolsaň.

Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir