Kömek ediň

Salam hormatly adamlar bize Mämmet Seýidowyň şu iki poemasyny gözläp ýörüs. Çapyksuwar hakynda rowaýat liriki hem-de Jepbar atly liriki Youtube wideo edip paýlaşjak bolýas. Juma Ýazmyradowyň sesli okamagynda bar ýöne poemaň özü ýok. Tapmaga kömek etseňiz siziňem goşant goşduňyz bolardy. Ýa bolmasa şu saýtda goýsaňyz has gowy bolardy. Iň bolmanda su...

Dowamy »

690 1
Sorag-jogap, 3 years ago


Çingiz han we onuň Ülkämizi basyp almagynyñ sebäbi..

Dünýäni lerzana getiren mongollar barada aýdylanda, aslynda mongol diýen taýpa ýa-da tire bolmandyr. Olar kereit, merkit, naýman, tatar... ýaly birnäçe taýpa birleşmelerinden emele gelipdir. Ol taýpalary mongollaryň “tatarlar” diýlip atlandyrylan taýpa serdary Temuçin bir döwlete birikdirýär. Temuçin 1206-njy ýylda umumy mongol gurultaýynda umumy m...

Dowamy »

1042 4
Bilim, 3 years ago


Söýgülimiň birje sözi

Garaşýanym şamu-säher,
Söýgülimiň birje sözi,
Ýaş ýüregime baky bahar,
Aý-günümiň birje sözi.

Bolup bilsek goşa gumry,
Bala gatsak goşa ömri,
Ajap bagtyň beýik emri,
Söýgülimiň birje sözi.

Okar-dokar ýagşy haly,
Ady älem nagşy ýaly,
Joşdyr meni bagşy ýaly,

Dowamy »

1686 0
Edebiýat, 5 years ago


Çagajyk

Sazy: Näbelli
Sözleri: Näbelli
Aýdymy ýerine ýetirýän: Türkmenistanyň at gazanan artisti Pälwan Halmyradow

Oýnap ýören çagajyk, ykbalyndan bihabar,
Türmä düşdi kakasy, ejesinden al habar.
Güni geçýär şatlykda, eli ýetenok ärine,
Oýnaş tapdy dessine, başlady bet kärine.

Haram keýpe bul...

Dowamy »

1890 0
Edebiýat, 5 years ago


Sopy Allaýar barada

Ajaýyp setirleriň müňlerçesini, «Sebatul-ajyzyn» atly kämil eseri miras galdyran Sopy Allaýar türkmeniň ylahy dünýäsiniň taryhynda Hoja Ahmet Ýasawydan, Jelaleddin Rumydan, Ýunus Emreden, Wepaýydan soň iň uly şahsyýetleriň biridir. «Sebatul – ajyzyn» eseriniň şerhi bolan «Risale-i-Aziza» atly kitabynda Ýalçagyl ogly Täjeddin Sopy Allaýaryň ömri dog...

Dowamy »

2967 1
Bilim, 5 years ago


Breýil elipbiýiniň gelip çykyşy

Breýl- bu batyl adamlar üçin güberçekli nokatlardan düzülen harplar bolup, el degirmek arkaly okamaga we ýazmaga ýardam edýän ulgamdyr. Şeýle hem Breýl, dyngy belgili deňlemeleri we harp toparyny görkezýän nyşanlary öz içine alýar. Breýl, elleriň her setirini yzysüre çepden saga gymyldadyp okalýar. Adatça elleriň ikisi hem okalyş pursadynda işjeň g...

Dowamy »

1575 0
Bilim, 5 years ago


Gyzym

Ene atadyr başyň galasy,
Şol galanyň gadryn bilmediň gyzym.
Moda diýýäň zat başyň belasy,
Öwüt nesihatym almadyň gyzym.

Dodagyň gyrmyzy gözüňde sürme,
Dyrnagyň hynaly saçyňy bürme,
Göwräňi gujaklap köçede durma,
Diýsem söze gulak salmadyň gyzym.

Sagadyň dakynyp akja bilege,

Dowamy »

1526 1
Edebiýat, 5 years ago


Hoşlaşyk pursady

Atan awçy bilen bolup geçen bu wakany onuň agtygyndan eşitdim. Atan awçy ömrüni Gaplaňgyr, Akjagaýa sebitlerinde mal yzynda çopançylyk edip geçiripdir. Özem bütin ömrüne elguşdur tazy bilen aw edipdir.
Adatça, awçylar elguşy gojaly berse, olary erkinlige goýberýän ekenler. Atan awçy bolsa eldekileşdiren elguşlaryny iki üç ýyl awa salansoň,...

Dowamy »

1690 2
Bilim, 5 years ago


Geljegini ilki duýup...

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bir bende günäsiz ýerden tut-ha-tutlugyň azabyny çekmeli bolýar. «Halkduşmany» diýlip, on ýyllap sowuk Sibirde bolmaly edilýär. On ýyl diýlende, nesibesi dogduk diýaryna çekýär.
Yzynda ýaňy gunanlykdan saýlanan aty galýar. Özüniňem taýlykdan bir gözi köreken. Taý wagty harmana baranda, zyňlan daş attanlykda bi...

Dowamy »

1676 2
Bilim, 5 years ago


Ýazyjynyň we meşhur romanyň çylşyrymly ykbaly "Aýgytly ädim" hakynda

15 nji mart Berdi Kerbabaýewiñ doglan güni

1939-njy ýylyň güýzünde Berdi Kerbabaýew tussaglykdan boşap gelensoň, onuň ýazan "Aýgytly ädim" romanyny çap etmäge girişilýär. Kitap çap edilip dükanlara ýaradylmaly wagty ony saklaýarlar. 1940-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistan Ýazyjylar guramasynda Berdi Kerbabaýewiň kitaby we onuň d...

Dowamy »

4475 0
Edebiýat, 5 years ago


Oýlanyň, size akyl berlipdir ahyryn

🌆 Serýal 60 minut

🗽 Kino 120 minut

👤 Namaz 5 minut

🌋 Dowzah hemişelik

🌌 Jennet hemişelik

Tapawudyny bilýäňmi..⤴

📱Line 300 dost

☎ Tel.kontakda 80 dost

🏡 Töweregiňde 50 dost

🚣 Kynçylykda 1 dost

...

Dowamy »

1864 1
Bilim, 5 years ago


Men biçäre; garynjaça bolup bilmedim

Esgerlik ýyllarymda uly aljyraññylyk bilen ylgaşlap ýören garynjalary gaty kän synladym.
Bir çöp göterip barýan garynja bilen güýmendim bir gezek; ýoluny kesdim, öñüne kesek goýdum. Ýarym sagatlap päsgelçilikleriñ üstünden, sagyndan, çepinden geçmäge jan edýärdi. Meni duýgulandyran ýeri; her sapar päsgelçilikden geçensoñ derrew ýarym metr g...

Dowamy »

1557 0
Edebiýat, 5 years ago


Muhtar Auezow barada

(1897-1961)

Gazak halkynyň görnükli ýazyjysy Muhtar Omarhanowiç Auezow 1897-nji ýylda Semipalatinsk uýezdiniň Çingiz Wolostynda çarwa maşgalasynda dogulýar. “Meniň ata-babalarym gelip çykyşy boýunça Merkezi Aziýadan bolup, baryp XIX asyryň başynda tobykty atly taýpa degişli edilipdir, meniň romanymyň gahrymany Abaý Kunanbaýew hem şol...

Dowamy »

2138 0
Edebiýat, 5 years ago


Armanym ýok

…Armanym ýok söýüp bilsem barlygy
Hem söýülip bilsem söýşüme görä!
…Gazansam özüme ýeten abraýy
Özgelere hormat goýşuma görä!

…Armanym ýok aýamasam barymy
Ilime-günüme gerek mahalym
…Duýup bilsem özge ýürek zaryny
Eksem şol ýürekde umyt nahalyn!

…Bilinmese ýüregimden syzdyryp

Dowamy »

1611 1
Edebiýat, 5 years ago


Hammalyň hasaby

Obada atly bir baý bardy. Onuň sanalgysy dolup, beýleki äleme göçüp gidýär. Şonda onuň ogullary öz kakalarynyň mazarynda oňa ýoldaşlyk edip biljek mert ynsan bar bolsa, onda şoňa kaka wesýeti bilen ummasyz baýlyk berjekdiklerini wada edýärler.

Obada bu ýagdaýa hiç kim milt edip bilmeýär, sebäbi baýyň eden pyssy-pujurlyklary ähli oba...

Dowamy »

1970 1
Bilim, 5 years ago


Eje mähri

Kiçijek çagajykdy. Yrakda bir şäherde ýaşaýardylar. Mekdebe ýaňy-ýakynda gidip başlapdy. Onuň ejesi hem maşgalany dolandyrmak üçin mekdepde aşçy bolup işleýärdi, sebäbi ýanýoldaşy söweşde wepat edipdi. Onuň ýeke gözi bardy. Çagasy bu ýagdaý sebäpli örän utanýardy we ejesi bilen bile görünmek islemeýärdi.
Bir gün ejesi ogluny görmek üçin syn...

Dowamy »

1920 2
Bilim, 5 years ago


Jonatan Swift barada

(1667–1745ý.)

Jonatan Swift 1667-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Irlandiýanyň Dublin şäherinde eneden dogulýar. Swiftiň kakasy ýaş aradan çykypdyr. Şoňa görä-de Swiftiň maşgalasyna onuň daýysy Godwin Swift kömek edipdir. Jonatan Swift ilki başlangyç mekdebi, soňra koleji gutarypdyr. Okuwyny tamamlan Swift lord Wilýam Templiň kitaphanasyn...

Dowamy »

1735 0
Edebiýat, 5 years ago


Iogann Wolfgang Gýote barada

(1749–1832 ý.)

Gýotäniň ýaşan döwrüniň käbir aýratynlyklary. Beýik nemes şahyry Gýote XVIII asyryň soňunda XIX asyryň başynda ýaşap geçen şahyrdyr. Onuň ýaşan döwründe Ýewropanyň, Germaniýanyň durmuşyna täsir eden birnäçe syýasy wakalar bolup geçipdir. Angliýada XVII asyrda bolup geçen buržuaz rewolýusiýasy ýurtda deňagramly, patyşa...

Dowamy »

1835 1
Edebiýat, 5 years ago


Wilýam Şekspir barada

(1564–1616 ý.)

Wilýam Şekspiriň eserlerinde Täzeden Döreýiş döwrüniň iň wajyp meseleleri öz beýanyny tapypdyr.
Wilýam Şekspiriň geçen durmuş ýoly örän gyzykly we entegem ol syrlaryň köpüsiniň üsti açylman gelýär. Sebäbi Şekspiriň durmuşy baradaky resminamalaryň, maglumatlaryň wagtyň geçmegi bilen ýitip azalmagy onuň döredijil...

Dowamy »

1760 2
Edebiýat, 5 years ago


Migel de Serwantes Saawedra barada

(1547–1616 ý.)

Ispan edebiýatynda roman žanrynyň güýçli ösmegi Serwantesiň döredijiligine duýarlykly täsir edýär. Serwantes Täzeden Döreýiş döwrüniň iň bir görnükli wekilidir. Ol Madridiň golaýynda ýerleşen Alkala de Enares diýen uly bolmadyk şäherde dworýan, ýagny idalgo1 toparyna degişli maşgalada eneden dogulýar. Onuň kakasy garyp...

Dowamy »

1714 0
Edebiýat, 5 years ago


Ernest Hemingueý barada

(1899-1961)

Amerikan ýazyjylarynyň içinde Ernest Hemingueýiň döredijiligi aýratyn orun eýeleýär. Onuň eserleri Amerikanyň we Ýewropanyň ýazyjylarynyň döredijiligine XX asyrda uly täsirini ýetirýär.
Ernest Miller Hemingueý 1899-njy ýylyň 21-nji iýulynda Çikagonyň golaýynda ýerleşen Illinoýs ştatynyň Ouk Park şäherçesinde enede...

Dowamy »

1635 0
Edebiýat, 5 years ago


Antuan de Sent-Ekzýuperi barada

(1900-1944)

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň döredijiligi XX asyr fransuz edebiýatynda aýratyn bir üýtgeşik, özboluşly orun tutýar, çünki ol ýaşlykdan ýazyjy bolmaga ymtylmadyk hem bolsa, soňra durmuşyň jümmüşine aralaşdygyça onuň gören-eşiden zatlary, oýlanmalary, adamkärçilik, ynsan durmuşynyň manysy baradaky gumanistik pikirleri onuň f...

Dowamy »

1587 0
Edebiýat, 5 years ago


Bagtly bolmagyň bäş şerti

Durmuşda bagtly bolmaklyk ondan çuwal dolusy zat almak däl-de, yzyňda giden bir har­man galdyryp bilmeklikdir. Bagtly bolmak üçin durmuşyň saňa beren nygmatyndan has känrägini oňa gaýtarmak zerurdyr. Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy di­legleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlagla­ryň, iň päk arzuw...

Dowamy »

1903 0
Bilim, 5 years ago


Jek London barada

(1876–1916)

Jek Londonyň döredijiligi amerikan edebiýatynda täze temalary açyp görkezip, öňki edebiýatyň ynsanperwerlik ruhuny, däplerini dowam edýär.
Jek London 1876-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Kaliforniýa ştatynyň San Fransisko şäherinde eneden dogulýar. Onuň ejesi Flora Wellman entek göwrelikä onuň adamsy, astrologiýa-müne...

Dowamy »

1774 0
Edebiýat, 5 years ago


PUL DIÝENIŇ ELIŇ KIRIDIR

Pul diýeniň eliň kiri ýalydyr,
Bir gün el ýuwarsyň, gider diýdiler.
Pul diýeniň dünýäň mekru-alydyr,
Azaşdyryp, pida eder diýdiler.

Pul gezegen gelin ýaly diýdiler,
Haýyp bolar hallan atyp gözläniň.
Bu gün seni beýhuş edip söýdürer,
Ertir goltugyndan çykar özgäniň.

Pul...

Dowamy »

1738 0
Edebiýat, 5 years ago