Garaşýanym şamu-säher,
Söýgülimiň birje sözi,
Ýaş ýüregime baky bahar,
Aý-günümiň birje sözi.

Bolup bilsek goşa gumry,
Bala gatsak goşa ömri,
Ajap bagtyň beýik emri,
Söýgülimiň birje sözi.

Okar-dokar ýagşy haly,
Ady älem nagşy ýaly,
Joşdyr meni bagşy ýaly,
Söýgülimiň birje sözi.

Dolup daşsa ýygnap halky,
Joşsa aýdym, oýun, gülki,
Toý sähedin bellär belki,
Söýgülimiň birje sözi.

GAÝTALAMA:

Okar-dokar ýagşy haly,
Ady älem nagşy ýaly,
Joşdyr meni bagşy ýaly,
Söýgülimiň birje sözi.

Awtory: Hudaýguly Allamyradow.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir