Breýl- bu batyl adamlar üçin güberçekli nokatlardan düzülen harplar bolup, el degirmek arkaly okamaga we ýazmaga ýardam edýän ulgamdyr. Şeýle hem Breýl, dyngy belgili deňlemeleri we harp toparyny görkezýän nyşanlary öz içine alýar. Breýl, elleriň her setirini yzysüre çepden saga gymyldadyp okalýar. Adatça elleriň ikisi hem okalyş pursadynda işjeň gatnaşyp, esasanda süýen barmak bilen yzarlanylýar. Erkin okaýyşyň ortaça tizligi minutda 125 söz bolsa, kämil okyýjylaryňky minutda 200 söze barabardyr. Breýl elipbiýini ulanmak bilen, kör adamlar ýazgylara doly manysy bilen düşünýärler. Mundan başga-da, olar ýazgyda duş gelýän dyngy belgileri, paragraflary we bellikli jümleleri aňşyryp, saz notalary we tagta oýunlaryndan arkaýyn peýdalanyp bilýärler. Görmeden mahrum galan okyýjylaryň işlerini aňsatlaşdyrmak üçin ençeme usullar deňelip gelinse-de, köpüsi print görnüşindäki harplar bolupdyr. Breýl ulgamyň şowly çykmagy onuň göreç üçin däl-de elleriň duýgularyna üns çekilip gurnalmagy saýasyndadyr.

Breýliniň taryhy

1800-nji ýyllara daýanýar. Napoleon Bonapartyň goşunynda hyzmat edýän Çarlz Barber "tümlükdäki okaýyş" atly özboluşly ulgam emele getirmegi, gije esgerleriň bir-biregi bilen imi-salalykda gürleşmegine hemaýat beripdir. Harby weterany bolmak bilen ol ençeme esgeriň gije hat-petek okamak üçin çyrany ýakýandyklary sebäpli öldürilendiklerine şaýat bolupdyr. Ýagtylyk çyrasy duşman goşunyna fransuz esgerleriniň nirede gizlenýändigini görkezip köp ýitgilere sezewar edipdir.

Luiz Breýli 1809-njy ýylyň Ýanwar aýynyň 4-ne Fransiýanyň Kupwraý obasynda dünýä inýär. Ol heniz körpe çagy kakasynyň bizini (deri deşýän gural) oýnap tötänden gözüne saplap kör bolupdyr. 11 ýaşynda Breýli, Çarlz Barberiň "tümlükdäki okaýyş" ulgamyndan ylhamlanyp özi ýaly egindeşlerine ýazgy arkaly habarlaşmaga peýdaly boljak üýtgeşiklik girizipdir. Bir ýyl öň ol Parižiň milli institutyna kabul edilip, indiki 9 ýylyny özüniň adyna öwrülen, Breýliniň gúberçek nokatly harplaryny kämilleşdirmek bilen geçiripdir. Wagtyň ötmeginde Breýli ahyry dünýä ýüzünde tanalyp, görme ukybyny ýitiren kişilere ýazmak sowadyny bermekde ilkinji ädim hasaplanypdyr. Luiz Breýliniň mirasy milýonlarça batyl adamlaryň durmuşyny ýagtyltdy. Häzirki wagtda, Breýli ýazgysy köpsanly dillere terjime edildi. Jenap Luiz oýlap tapyşynynyň şeýle ägirt sepgitlere ýetip, 10 ýyllaryň dowamynda sansyz-sajaksyz kör adamlara sowatlylygy öwredendigine we uly baha berilýändigine buýsanardy. Görmekden ejir çekýän kişileriň hem adaty adamlar ýaly okap bilim almaklary juda täsir oýaryp, mekdep we iş durmuşynda adamlaryň üstünlige ýetmeklerine uly goşant goşdy.

Taýýarlan: Aýjemal Gurbanowa.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir