Dünýäni lerzana getiren mongollar barada aýdylanda, aslynda mongol diýen taýpa ýa-da tire bolmandyr. Olar kereit, merkit, naýman, tatar... ýaly birnäçe taýpa birleşmelerinden emele gelipdir. Ol taýpalary mongollaryň “tatarlar” diýlip atlandyrylan taýpa serdary Temuçin bir döwlete birikdirýär. Temuçin 1206-njy ýylda umumy mongol gurultaýynda umumy mongol hany diýlip yglan edilýär we Çingiz han diýlip atlandyrylyp başlanýar.
Horezmşalar döwleti Alaeddin Muhammediň (1200-1220) döwründe görlüp eşidilmedik derejede ösýär, giňeýär. Ýurtda 400-den gowrak şäher bolupdyr. Dürli ýerleriň, hatda Rus söwdagärleriniň hem Gürgençde söwda merkezleri bolupdyr. Muhammet şa 20 ýyllap hökümdarlyk edip, ýurduny imperiýa öwren hem bolsa demirgazyk-Gündogardan gara bulut ýaly süýşüp gelýän Çingiz hanyň goşunynyň öňünde durup bilmeýär. Onuň öňünde durmaga garadangaýtmaz, edermen Jelaleddin gerekdi. Emma Muhammet şanyň daýylary bolan gypjak han-begleri oňa öňe hereket etmäge mümkinçilik berenokdy.
Çingiz han horezm döwleti barada köp maglumatlar ýygnaýar. Esasanam ýurtda iki häkimýetliligiň dowam edýänliginden ýagny, kanuny taýdan tagt Muhammet şanyň elinde hem bolsa şanyň ejesi Türkan hatynyň sözünden çykyp bilmeýänliginden Çingiz han habarlydy. Çingiz Horezme ilçi ugradýar, iberen ilçilerine bolsa baştutan edip asly horezmli Mahmyt ýalawajy belläpdir. Ol Muhammet şa ýazan hatynda Horezm ýaly uly ýurtdan we onuň şasyndan habarlydygyny öz ýurdy bilen horezmiň arasynda parahatçylykly gatnaşyklarda bolmak isleýändigi barada ýazýar. şeýle niýet bilen çingiz han 1218-nji ýylda Horezme 450 düýe, 500 adam bilen birlikde ilçiler hem bar bolan uly kerwen ugradýar. Olar häzirki günorta Gazagystandaky Otrar şäherine gelenlerinde, Muhammet şanyň gypjaklardan bolan harby goşuny kerwendäki adamlary öldürip, harytlaryny talaýarlar. Bir düýekeş olardan gaçyp gutulmagy başarýar we Çingiz hanyň ýanyna baryp bolan zatlary habar berýär.
Çingiz han Muhammet şanyň paýhassyz eden işine haýran galýar. Ol Horezmşa tarapyndan mertebesi peseldilen, urşa çagyryş hasap edýär. Şeýle hem bolsa ol Muhammet şanyň ýanyna ilçi ugradyp otraryň häkiminiň özüne berilmegini we Otrar gyrgynçylygyndaky günäkärleriň jezalandyrylmagyny talap edýär. Emma onuň bu talaby berjaý edilmän, ilçiler zyndana taşlanýar. Şeýlelikde Horezmşanyň bu paýhassyz hereketleri zerarly Horezmşalar döwletinde uly betbagtçylyklaryň başlangyjy başlanýar. Muhammet şa ürgençde harby geňeş çagyrýar. Şonda onuň şyhabetdin Hywaky diýen serkerdesi we ogly Jelaleddin oňa ýadap gelýän duşmana dynç almaga pursat bermän, syrderýa boýunda garşylamalydygy aýdylýar. Emma Horezmşa olara gulak asman, ähli goşunyny böleklere bölüp galalarda goranyş ýagdaýda bolmalydygyny buýruk berýär.
1219-njy ýylda Çingiz han 150-200 müň aralygyndaky goşun bilen Orta Aziýa ýörşe başlaýar. Goşuna Çingiz hanyň 4ogly we söweşlerde taplanan serkerdeleri ýolbaşçylyk edýärdiler. Goşunyň ýanynda orta Aziýaly täjirler ýolbelet hökmünde alnyp gidilipdir. Çingiz hanyň harby içalyçylykly yzçylary hem gowy işläpdirler. Çingiz hanyň söweş usuly aýal-gyz, garry-ýaş tapawudy ýok köpçülikleýin, wagşyçylykly gyrmak bolupdyr.
Çingiz han ilki Otrar şäherini 6 aý gabapdyr, şäheri eýelänsoň, goşunyny birnäçe bölege bölýär. Bir bölegi otrarda galýar, ikinjisi Juçy hanyň ýolbaşçylygynda Syrderýanyň boýy bilen aşaklygyna, üçinjiside derýanyň ýokarlygyna gidýär. Hanyň özi bolsa esasy goşun bilen Buhara ugraýar. Mongollar 1220-nji ýylyň fewralynda Buharany eýeläp, şäheri weýran edýärler. Ummasyz köp ýesir alyp, haýsydyr bir şäheri eýelemekçi bolsalar olary galkan hökmünde ulanypdyrlar. 1220-nji ýylyň martynda Çingiz hanyň goşuny Samarkanda gelýär. Galany goraýjylara Türkan hatynyň dogany ýolbaşçylyk edipdir. Gala basylyp alynýar, köp ilat gyrylýar. Işe ýaramlylar, 30000 hünärmen sürlüp äkidilýär. Şeýle pajygaly ýagdaýlarda, muhammet şa goşun ýygnamak bahanasy bilen Antguýa gaçyp gidýär. Ol ýerdenem Kaspi deňziniň bir adasyna baryp, keselläp aradan çykýar. Ölmeziniň öň ýanynda ogly Jelaleddin onuň ýanynda eken. Ol Jelaleddine şalyk kemerini tabşyrýar.
" Jelaleddiniň gylyjy mongollaryň ganyna boýalan, olaryň göwrelerini para-para edip oýnan, ilkinji musulman gylyjy boldy” diýip, an Nesewi öz işinde aýdypdyr.
1221-nji ýylda Çingiz han döwrüň gülläp, ösen şaheri bolan Gürgenji gabaýar. Ýerli ilat edermenligiň beýik nusgasyny görkezip söweşipdirler. Ýediden ýetmişe hemmeler mongollara garşy urşupdyrlar. Birnäçe aýlap gabawda bolup, soňra ýumrulan şäherde 1mln adam gyrlandyr diýip taryhçylar aýdyarlar. Mongollaryň her söweşijisine 24ýesir düşüpdir diýip,, orta asyr taryhçylary belläpdirler. Beýik pir Nejmeddin Kubra hem mongollara garşy söweşde şehit bolýar. Mongollar 1220-nji ýylyň güýzünde Horasana aralaşýar. Nusaý 15 gün gabalýar. Taryhy maglumatlara görä, nusaýda 70,000 adam öldürilýär. Mary mongollar tarapyndan 7 gün gabalypdyr. 1221-nji ýylda şäher eýelenýär. Şäher doly talanýar, öldürilenleriň sany 1 mln 300 müňe ýetipdir...
Awtory näbelli.
Çingiz han we onuň Ülkämizi basyp almagynyñ sebäbi..
-
Jeksparro
3 years ago
- Muhammet şa gowşak bolan ýurdy dolandyrmakda. Onsoňam bir tarapdan ejesem döwlet dolandyryşy elinde saklaýar eken kempir...
-
maksat00
3 years ago
- Horezimiñ ilaty mongollary Allahyn özlerine indiren musallaty diýip dūşūnipdirler. Aslynda olary şeýle dūşūnmeklige getiren Çingiz han tarapyndan ugradylan jansyzlardy. Sada halky "ahyrzamananyn öñunden gelýän ajit-mäjit" diýip ynandyrypdyrlar. Asuda halk taleýine kaýyl bolup mongol-tatarlara garşy söweşmekden ýūz döndirip, olaryñ öñūnden duz-çörekli çykypdyrlar. Ýöne soltan Jelaletdin mongollar baradaky "olar göni ýoldan başga ýoly bilenaklar, olar baran ýerini ýakyp-ýandyryp, ýumurtga togalaýmaly edýän wagşy ýeñilmezek" diýilýän ýasama toslamany ýalana çykarmagy başarandyr. Bu bolsa kysmata, täleýe bil baglap oturmagyñ nähili ejizlikdigini subut edýän hakykatdyr.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Maksat00,
Bu bolsa kysmata, täleýe bil baglap oturmagyñ nähili ejizlikdigini subut edýän hakykatdyr. — diyip, gaty dogry aydyan. Onsonam Hywaky serkerde bilen ogly Jelaleddini dinlan bolsa yenish gazanardymyka diyyan. Elbetde, bu men pikirim. Yalnysh hem bolup biler.
06.07.2021, 16:15.
Гость 3 years ago- Mongollara göwni ýetmedimikä ýa özüne,ýa-da galalarynyň berkligine şeýle ynandymyka?