Kiçijek çagajykdy. Yrakda bir şäherde ýaşaýardylar. Mekdebe ýaňy-ýakynda gidip başlapdy. Onuň ejesi hem maşgalany dolandyrmak üçin mekdepde aşçy bolup işleýärdi, sebäbi ýanýoldaşy söweşde wepat edipdi. Onuň ýeke gözi bardy. Çagasy bu ýagdaý sebäpli örän utanýardy we ejesi bilen bile görünmek islemeýärdi.
Bir gün ejesi ogluny görmek üçin synplaryna geldi. Şonda ogly örän utanypdy. Synpdaşlary oňa ejesiniň bir gözüniň barlygyny aýdanlarynda, ýere giräýjek bolýardy. Ol ejesine gaýdyp gözüne görünmezligini aýdypdy şol wakadan soňra.
Ol örän köp çalyşyp, Singapurda bir uniwersiteti gazanypdy we ol ýere okamaga gidipdi. Örän oňat netije bilen gutaryp, örän oňat ýerde-de işe başlapdy. Öýlenipdi we çagajyklara eýe bolupdy.
Bir gün ejesi ogluny görmäge gelipdi. Gapyny açanda agtyklary oňa gülüpdiler. Ogly bolsa ýene oňa özüni görmäge geleni üçin gygyrypdy we kowupdy. Ejesi bolsa öýi ýalňyşyp gelenini bahanalap, örän gamgyn aýrylypdy ol ýerden.
Bir gün ogluna çakylyk gelipdi, uçurymlar güni bellenýärdi we ol hem çagyrylypdy. Aýalyna iş bahanasy bilen Yraga gidýänini aýdyp, oturlyşyga gatnaşypdy. Bir bahana bilen öňki öýlerine hem gidip göreýin diýip, köneje we çalam-çaş bolup duran öýlerine barypdy. Oňa goňşulary ejesinden bir hat berdiler, hatda şeýle ýazylýardy:
“Salam oglum! Seniň işdäki başarnyklygyňa guwanýardym. Uçurym oturlyşygyna gelýäniňi eşidip, örän begendim, ýöräne men bu hassa halym bilen seni görmek üçin ýerimden hem turup bilmäýmesem diýip, örän gorkýaryn!
Bilýärmiň, oglum, sen kiçijekkäň pyçak bilen oýnap, gözüňi ýitiripdiň. Seniň şol ýagdaý boýunça ömür boýy utanyp gezmegiňe eje ýüregim çydam edip bilmezdi. Men öz gözümiň birini saňa berdim. Bu ýagdaýa, ýagny, seniň ýene-de iki gözüň bilen ýaşap başlanyňa diýseň guwanyp gezdim. Soň bolsa gijämi gündiz edip, senin mekdepde okamagyň üçin, birnäçe ýerde saçymy sübse edip işledim, elbetde, bu ýagdaýlary saňa aýtmadym.
Singapura gelip, çagalaryň ýanynda seni gynandyranym üçin, şu wagta çenli seni gynandyran we ynjydan bolsam, meni bagyşlamagyňy dileýärin, oglum! Hakyňy halal et!
Hemişekisi ýaly, iň oňat arzuwlarym we mährim bilen, ejeň!”

Eje mähri şeýle bolsa, onda Biribaryň bendelerine bolan mährini özüňiz pikir edip görüň!

Bilim, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir