…Armanym ýok söýüp bilsem barlygy
Hem söýülip bilsem söýşüme görä!
…Gazansam özüme ýeten abraýy
Özgelere hormat goýşuma görä!

…Armanym ýok aýamasam barymy
Ilime-günüme gerek mahalym
…Duýup bilsem özge ýürek zaryny
Eksem şol ýürekde umyt nahalyn!

…Bilinmese ýüregimden syzdyryp
Şygryma siňdiren yşky heserim
…Razy men, kimiňdir göwnünden turup
Maňa derek ýatlansa bir eserim!

…Eselmesem, has-da göwnüm ýukalyp
Öz ynsabym bilen ýüzbe-ýüz bolsam
…Ýakynlarmyň hoş sözünden ruh alyp
Özlügimden biraz belende galsam!

…Agşam ukusyndan basym oýanyp
Gijelermi oýa batyp ötürsem
…Kyn günümde dostlaryma söýenip
Bagtyň nämedigne akyl ýetirsem!

…Armanym ýok başa gelen täleýi
Kabul edip bilsem bolşuna görä!
…Gazansam özüme ýeten abraýy
Özgelere hormat goýşuma görä!

Awtory näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir