(1899-1961)

Amerikan ýazyjylarynyň içinde Ernest Hemingueýiň döredijiligi aýratyn orun eýeleýär. Onuň eserleri Amerikanyň we Ýewropanyň ýazyjylarynyň döredijiligine XX asyrda uly täsirini ýetirýär.
Ernest Miller Hemingueý 1899-njy ýylyň 21-nji iýulynda Çikagonyň golaýynda ýerleşen Illinoýs ştatynyň Ouk Park şäherçesinde eneden dogulýar. Onuň kakasy lukman bolupdyr, ejesi bolsa aýdym aýtmagy gowy görýär eken. Onuň çagalyk döwri gür tokaýlara gurşalan Miçigan ştatynda geçipdir. Ol 1917-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýar. Orta mekdebi gutaransoň Hemingueý birnäçe wagtlap «Kanzas Siti Star» gazetiniň habarçysy bolup işleýär.
Hemingueý on dokuz ýaşynda, 1918-nji ýylda, Birinji jahan urşy döwründe Italiýada amerikan sanitar goşunynda meýletin gulluk edýär we şol döwürde agyr ýaralanýar. Urşuň barşynda gören-eşiden zatlary Ernest Hemingueýde güýçli täsir galdyrýar.
Hemingueý uruş gutaransoň gazet habarçysy hökmünde Parižde ýaşaýar. Ol bu ýerde döredijilik işi bilen düýpli meşgullanýar we Gertruda Staýn atly ýazyjy aýalyň edebiýat topary bilen tanyşýar. Parižde ýaşaýan amerikan ýazyjylary Ernest Hemingueýiň ýazyjylyk zehinine şol döwürde göz ýetirýärler.
1923-nji ýylda Ernest Hemingueýiň «Üç hekaýa we on goş­gy» atly ilkinji eserler ýygyndysy çapdan çykýar. Şol ýygyndynyň yzysüre ýazyjynyň «Biziň zamanamyzda» (1925) atly hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär. Ol hekaýalarda ýazyjy Nik Adamsyň keşbiniň üsti bilen özüniň demirgazyk Miçiganda geçen ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berýär, parahat durmuş sahnalaryny suratlandyrýar. Ýaş ýigit Nik Adams urşuň adamlara örän uly betbagtçylyk getirýändigine göz ýetirýär.
Ernest Hemingueý 1926-njy ýylda özüniň «Gün hem dogýar» atly ilkinji romanyny ýazýar. Roman «Fiesta1» diýlip hem atlandyrylypdyr. Sebäbi eseriň ikinji ýarymynyň wakalary Ispaniýanyň Pamplona şäherinde bolup geçýär. Baş gahryman Jeýkob Barns, onuň dostlary Robert Kon, Bill, Maýkl hem-de Bret Eşli Pamplona şäherinde ýedi günläp dowam edýän fiýesta baýramçylygyny görmäge gidýärler. Ol baýramçylyk esasan öküz bilen uruşýan matadorlaryň2 her günki stadiondaky çykyşlary bilen baglanyşykly. Öküz bilen uruşýan batyr matadorlaryň täsin oýunlaryny görmäge Fransiýadan, Angliýadan, Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan syýahatçylar gelýär. Ine, şol syýahatçylaryň içinde Jeýkob Barns we onuň amerikaly dostlary hem bar. Olar esasan Parižde ýaşap, dürli gazet-žurnallar üçin işleýän žurnalistler we ýazyjylar eken.
Romanyň birinji ýarymynda wakalar Parižde, Wenada, Italiýada, Angliýada bolup geçýär. Žurnalist Jeýk Barns göräýmäge mert, durnukly, güýçli adam. Ol italýan frontunda agyr ýaralanýar we uruşdan soňra Parižde žurnalist bolup işleýär. Uruşda gören pajygaly wakalary, agyr ýaralanmagy Jeýk Barnsa ruhy taýdan agyr täsir edýär.
Ol urşuň ynsanyň durmuşyny zaýalap, oňa gara tagma basýandygyna göz ýetirýär we öňki möwç urýan arzuw-hyýallaryny ýitirýär, hatda özüniň bir wagt frontda ýaralanyp gospitalda3 ýatanda tanşan, şepagat uýasy bolup işlän Bret atly zenan bilen soňky duşuşyklary-da, ony belli bir maksada gönükdirmeýär. Onuň kalbynda Brete bolan söýgi entek ýaşaýar, çünki Bret ýaş matador bilen söýgä ulaşyp, başga şähere gidip, kyn ýagdaýa düşende-de, Jeýkob Barns oňa gürrüňsiz kömege ýetişýär. Ol Breti, Bretiň hem özüni söýýändigini bilýär, ýöne eserde gahrymanlaryň özlerini alyp baryşlary kelebiň ujuny ýitiren, maksatsyz adamlary ýada salýar. Olar hemişe barlarda, restoranlarda ýa-da garbanyşhanalarda iýip-içip, serhoş bolup oturýarlar. Olaryň gürrüňleri-de iýmitiň, gowrulan towugyň, içgileriň sowuklygy ýa-da olaryň hili baradaky temalardan daşlaşmaýar.
Eseriň gahrymanlary urşy ýatlamagy halamaýarlar. Çünki uruş olaryň aňyna betbagtçylykly hadysa bolup ornapdyr. Şonuň üçin Barnsyň dosty Maýklyň uruşda alan medallary barada ýatlamalary onuň şol medallara gymmatly bir sylaglar hökmünde seretmeýändigini görkezýär.
Romanda uruşdan gaýdyp gelen adamlaryň aňynda göwnüçökgünligiň, durmuşa biperwaýlyk duýgularynyň döreýändigi görkezilýär. Çünki durmuşda belli bir maksat tutup, öz orunlaryny tapmak olara kyn düşýär. Şoňa görä-de, şeýle gahrymanlara, keşplere edebiýatda «ýitirilen nesil» diýlip at berilýär.
Ernest Hemingueý 1927-nji ýylda Ame-rikanyň Birleşen Ştatlaryna gaýdyp gelýär.
Ýazyjynyň ikinji uly eseri «Ýok bol, ýarag!» (1929) atly romanydyr. Bu eserini ýazyjy 1929-njy ýylyň ýaz aýlarynda Parižde tamamlaýar.
«Men şu kitaby ýazanymdaky ýaly hiç haçan özümi şeýle bagtly duýmandym» diýip, Ernest Hemingueý ýazýar.
Ýazyjynyň bu romany urşy ýazgarýan, onuň adamzada agyr betbagtçylyk getirýän hadysadygyny açyp görkezýän eserdir. Romanyň wakalary Birinji jahan urşy döwründe Italiýa-Awstriýa frontunda 1917-nji ýylda bolup geçýär. Birinji jahan urşunyň ähli pajygaly sahnalary, onuň pidalary amerikan leýtenanty Frederik Genriniň durmuşy bilen baglylykda suratlandyrylýar.
Leýtenant Genri harby sanitar bölüminde gulluk edýär we Italiýany ýüregi bilen söýýänligi üçin öz borjuny ak ýürek bilen berjaý edýär. Emma ol uruşda gören elhençlikleri, duçar bolan ýagdaýlary arkaly bu urşuň manysyzdygyna, urşuň adamlary gyrgyna berýändigine, maýyp-müjrüp edýändigine göz ýetirýär. Genriniň özi hem frontda agyr ýaralanýar, top okunyň bölekleri bolsa onuň Passini atly ýoldaşynyň iki aýagyny hem eleme-deşik edýär. Ol agyr ýaradan ölýär. Romanda urşuň ýowuz, rehimsiz sahnalary ussatlyk bilen suratlandyrylýar: «Ölüler bir gapdalda tertipli goýlupdyr. Lukmanlar ýeňlerini eginlerine çenli çermäp işleýärdiler we olar gassaplar ýaly gyzyldy. Nosilkalar4 ýetmeýärdi. Ýaralylaryň käbiri iňleýärdi, ýöne köpüsi ýuwaş ýatyrdylar».
Bu roman diňe bir urşy paş ediji eser bolman, ol Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly tragediýasyndaky ýaly çuň ynsan söýgüsini hem beýan edýär. Urşuň aýylganç, her güni dürli betbagtçylyklardan doly wakalarynyň içinde Frederik Genri Ketrin Barkli atly şepagat uýasyny tüýs ýürekden söýýär. Genri we Ketrin öz söýgüleri bilen urşuň heläkçiliginden goranyp, bagtly bolmaga synanyşýarlar. Emma ýazyjy uruş harasadynyň içinde ynsanyň bagtly bolup bilmejekdigini açyp görkezýär. Ketriniň çagasy öli dogulýar we çaga doglandan soň Ketrin aradan çykýar. Ketriniň ölümine gönüden-göni uruş sebäp bolmasa-da, okyjy onuň ölüminiň düýp sebäbiniň urşuň agyr şertleriniň netijesidigini görýär. Şeýlelikde, Frederik Genriniň ýaragyny taşlap, urşy ret edip, Şweýsariýa gitmek we Ketrin bilen bagtly ýaşamak baradaky arzuwy puja çykýar.
Ernest Hemingueýiň bu romany urşuň wagşyýana zatdygyny, ynsany, ynsan durmuşyny harlaýan, ýok edýän gara tüweleý ýaly bir hadysadygyny görkezýär.
«Ýok bol, ýarag!» atly roman ýazyjynyň öz durmuşy bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr. Sebäbi Hemingueý Birinji jahan urşy döwründe sanitar batalýonynda gulluk edip, ýaralanýar we soňra alty aýlap harby hassahanada ýatmaly bolýar. Ýazyjy bu eserinde özüniň uruşda gören-eşiden zatlaryna esaslanýar.
Ernest Hemingueýiň «Öýleden soňky ölüm» (1932), «Ýeňiji hiç zat almaýar» (1933), «Afrikanyň ýaşyl baýyrlary»(1935) atly eserleri we hekaýalar toplumy ynsan durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezýär. Ýazyjynyň eserlerinde wakalar, gahrymanlar turuwbaşdan haýsydyr bir filosofik ideýadan, haýsydyr bir syýasy ýörelgeden ugur alnyp beýan edilmeýär. Ýazyjy mümkingadar hiç bir tarapyň pikirine uýman, ähli zady ýönekeý adamkärçilik kanunlary bilen ölçeýär. Ikinjiden, Hemingueý öz gahrymanlary barada köp gürrüň berip oturman, olary durmuşda bolşy ýaly görkezýär. Şoňa görä-de, gahrymanyň durmuşynda bolup geçýän, birbada göräýmäge ujypsyzja zatlary, nahar iýşi, howa ýagdaýy we gaýry zatlar baradaky gürrüňleri gepleşik diline mahsus sözlerde, gysga jümlelerde berilmegi wakalary, gahrymanlary okyja has aýdyň we duýarlykly görkezmäge kömek edýär.
Ernest Hemingueý Floridada ýaşan döwründe «Almak we ýitirmek» (1937) atly romanyny ýazýar. Bu romanda ýazyjy Garri Morganyň keşbiniň üsti bilen adamyň näme üçin kanuny inkär edip, jenaýatyň ýoluna düşüşini suratlandyrýar. Ýazyjynyň pikirine görä, Garri Morganyň pajygaly ykbaly jemgyýetdäki durmuş şertlerinden gelip çykýar. Şeýle-de ýazyjy eseriň soňunda adamyň ýekelikde hiç bir maksada ýetip bilmeýändigini, bagtly bolmagy başarmaýandygyny ölüm ýassygynda ýatan Garri Morganyň «Barybir adam ýekelikde hiç zat edip bilmeýär» diýen sözleri bilen aýdýar.
Ernest Hemingueýiň işeňňir we wakalara baý durmuşy onuň döredijiligi bilen berk baglanyşykly bolupdyr.
1937-nji ýylda faşizmiň birleşen güýçleri Ispaniýa çozanda, Hemingueý meýletinlik bilen Ispaniýa gidýär we faşizmiň bet pygyllaryny, jenaýatçylykly urşuny näletläp, «Ispan topragy» (1938), «Ispan esgeri» (1938), «Madridli sürüjiler» (1938) atly we başga-da birnäçe eserleri, makalalary ýazýar.
Ýazyjynyň Ispaniýadaky raýatlyk urşuna bagyşlap ýazan iň uly eseri «Kim üçin jaň kakylýar» (1940) atly romanydyr. Romanda amerikaly Robert Jordan ispan halkynyň tarapynda faşistlere garşy göreşýär. Eserde ispan halkynyň faşizme garşy gahrymançylykly göreşi ýönekeý, emma täsirli çeperçilik serişdeleri bilen suratlandyrylýar. Romanda Ispaniýada bolup geçen raýatlyk urşy5 döwründäki

wakalar suratlandyrylýar. Respublikanyň goşunlarynyň generaly Golts duşman goşunlarynyň geçjek köprüsini ýarmak üçin amerikaly mugallym Robert Jordany duşmanyň tylynda faşistlere garşy göreşýän partizanlaryň ýanyna iberýär. Robert Jordan şol tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin dagda hereket edýän partizanlaryň arasynda üç gün bolýar.
Garry Anselmo, sygan aýal Pilar, El Sordo ýaly mert, batyr partizanlar janlaryny gaýgyrman Robert Jordana bu howply we jogapkärli tabşyrygy ýerine ýetirmäge kömek edýärler.
Anselmo adam öldürmek günä diýip hasap edýär, emma ol ynsanlara jebir-sütem, betbagtçylyk getirýän faşistlere garşy ikirjiňlenmän göreşýär. Ol adamlary terbiýelemek üçin olary işletmeli, adam zähmet çekip ýaşamak üçin doglandyr diýip hasap edýär.
Robert Jordan partizanlaryň arasynda Mariýa atly gyz bilen tanyşýar we ony jany-teni bilen söýýär. Ol oňa öýlenip, Amerikada, öz watanynda, Aýdaho ýa-da Montano ştatynda onuň bilen bile durmuş gurmagy arzuw edýär. Ol ýaşaýşyň ajaýypdygyna, emma köprini ýaryp, buýrugy ýerine ýetirmegiň hem örän howpludygyna gowy düşünýär. Şonuň üçin Robert Jordan ýaşaýşyň şu gününiň, her bir pursatynyň adamyň gymmatly ömrüni düzýändigini nygtaýar. Ol «uruş» sözüni ýigrenýär. Ol ispan halkynyň azatlygy ugrunda göreşýän respublikanyň goşunynyň generalynyň tabşyrygyny meýletinlik bilen ýerine ýetirip, gahrymanlarça wepat bolýar. Çünki eserde ýazyjynyň öňe sürýän pikirine görä, bir ýerde azatlygy ýitirmek, onuň başga ýerde-de ýitmegine getirýär. Sebäbi romanyň başynda:
«Ada ýaly ýeke ýaşaýan adam ýokdur, aýratyn alanyňda her bir adam Materigiň, Gury Ýeriň bölegidir: eger-de Tolkun kenarda ýerleşen Gaýany deňze ýuwup äkitse, Ýewropa kiçeler, şeýle-de tolkun dagyň bir gyrasyny, Burnuny ýuwup äkitse, ýa-da seniň Dostuň Galasyny ýyksa, her bir adamyň ölümi meni-de kiçeldýär, sebäbi men bütin Adamzadyň bölegidirin. Şol sebäpli sen «Kim üçin jaň kakylýar6?» diýip sorama: Seniň üçin jaň kakylýandyr» diýip, eseriň epigrafy hökmünde iňlis ýazyjysy Jon Donnuň (1573-1631) sözlerini getirýär.
Romanda Pilar, Mariýa ýaly aýal-gyzlaryň hiç hili howpdan gorkman, erkekler bilen bir hatarda kynçylyklara döz gelip, halkyň azatlygy ugrunda göreşýändigi çeper suratlandyrylýar. Robert Jordanyň harby tabşyrygy ak ýürekden berjaý edip wepat bolmagy bolsa, ispan halkynyň azatlygy üçin göreşen adamlaryň bu uruşda ýeňlişe sezewar bolsalar-da, jan aýaman gahrymanlarça göreşendikleriniň parlak nyşanyna öwrülýär.
Ernest Hemingueý ömrüniň aglaba bölegini diýen ýaly urşa, faşizme garşy göreşe sarp edipdir diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Birinji jahan urşuny näletläp ýazan «Ýok bol, ýarag!» romanynyň söz başysynda «…dünýäde hemişe diýen ýaly uruş gidýär, şonuň üçin ölüm getiriji, hapa jenaýat bolan urşa ýazyjy hiç haçan biperwaý seredip durup bilmez» diýip ýazyşy ýaly, ýazyjy Ikinji jahan urşy döwründe-de faşizme garşy göreşe işeňňir gatnaşýar we öz goşandyny goşýar. Ol Kubada ABŞ-nyň kontrrazwedka bölüminde, faşist leriň ol ýere aralaşan suwasty gämilerine garşy göreş alyp barýar.
1944–1945-nji ýyllarda bolsa Angliýa baryp, faşizme garşy göreşýän soýuzdaşlaryň Fransiýanyň kenarynda düşüren ägirt uly goşun bölümleriniň hereketlerine, ýagny «ikinji frontuň» söweşlerine gatnaşýar. Şol söweşlere ýazyjynyň ogullary-da gatnaşypdyr. Şol döwürde ol nemes faşistlerine garşy göreşýän partizanlaryň arasynda hem bolýar.
Ernest Hemingueýiň durmuş wakalaryna şeýle işeňňir gatnaşmagy, hemişe ýagşylygyň tarapynda durup, ýamanlyga garşy göreşmegi onuň ynsanperwer ideýalara ýugrulan eserlerinde hem öçmejek yz galdyrýar.
Ýazyjy 1951-1952-nji ýyllarynda Kuba respublikasynda ýaşan ýyllarynda özüniň uly meşhurlyga eýe bolan «Goja we deňiz» (1952) atly powestini ýazýar. Bu eseri üçin ýazyjy 1953-nji ýylda Pulitser baýragyna we 1954-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolýar.
Ernest Hemingueý 1961-nji ýylyň 2-nji iýulynda Aýdaho ştatynyň Ketçem şäherjiginde aw tüpeňiniň tötänden göçmegi zerarly ýaralanyp, aradan çykýar.

1 Fiesta – ispança «baýramçylyk» diýmekligi aňladýar.
2 Matador – Ispaniýada öküz bilen başa-baş söweşýän adam.
3 Gospital – harby hassahana.
4 Nosilka – iki sany uzyn taýaga brezent ýa-da mata çekilip, ýaralylary, näsaglary götermek üçin ulanylýan enjam.
5 Ispaniýada raýatlyk urşy – 1936-njy ýylda Ispaniýada faşistleriň pitnesi, gozgalaňy turýar we şol ýylda oňa garşy ispan halkynyň göreşi başlanýar. 1939-njy ýylda respublikanyň goşunlary ýeňilýär we ýurt harby faşistik häkimiýetiň eline geçýär.
6 Jaň kakylmak – adatça gadymy döwürlerde, orta asyrlarda obalarda ýa-da şäherlerde betbagtçylyk ýüze çykanda adamlary kömege çagyryp jaň kakylypdyr.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir