Obada atly bir baý bardy. Onuň sanalgysy dolup, beýleki äleme göçüp gidýär. Şonda onuň ogullary öz kakalarynyň mazarynda oňa ýoldaşlyk edip biljek mert ynsan bar bolsa, onda şoňa kaka wesýeti bilen ummasyz baýlyk berjekdiklerini wada edýärler.

Obada bu ýagdaýa hiç kim milt edip bilmeýär, sebäbi baýyň eden pyssy-pujurlyklary ähli obala mälimdi we şeýle biriniň ýanynda az salymlyk hem bolsa, bolaslary gelenokdy. Ahyry üsti-başy köne-küşülje eşikli, ýekeje köne we kiçijek külbejigi hem-de bar baýlygy ýekeje ýüpi bolan bir hammal “Barybir, durmuşym boýunça şujagaş ýüpim bar, meni heläk edäýesleri ýok-la mazarda!” diýen pikir bilen ummasyz mukdardaky baýlyga özüniň talyplygyny ölen baýyň ogullaryna bildirdi.

Olar kabul edensoňlar hammal gije baýyň mazaryna baryp ýatypdy. Ilkinji gün ölen ynsany ilkinji gezek mazarda hasaba çekýän melekler gelipdi baýyň mazaryna. Olar bu gezek bir ynsan ýerine iki ynsan görenlerinde:”Nähili hem bolsa, bu baý öli, munyň gitjek ýeri ýok, gel-aý, şu hammaly hasaba çekeli ilki!” diýip, ony hasaba çekmäge başladylar:
-Adyň näme?
-Aşyr ogly Mämmet!
-Rebbiň kim?
-Bir bolan Allah!
-Kitabyň näme?
-Biribaryň kelamy – Gurhany Kerim!
-Ynanjyň/diniň näme?
-Yslam! Men hem, Allaha şükür, musulman bolýaryn!
-Pygamberiň kim?
-Ähli pygamberlere ynanmak bilen, iň soňky pygamber – Hz.Muhammed(SAW)!
-Parzlaryňy eda etdiňmi? Ybadatlaryň piri bolan namazyňy dop-dogry we yhlasly okadyňmy, Remezanlarda agyz beklediňmi, sadakaňy berdiňmi hemişe?
-Hawa, Biribara şükür! Sadakany hem özüme düşenje paýy bilen mätäç garyndaşlaryma az-owlak hem bolsa kömek berdim!
-Haja Käbä gitdiňmi?
-Görşüňiz ýaly, men bir hammal, muňa meniň güýjim ýetenok, gidip bilmedim henize çenli!
-Durmuşyňy näme edip geçirdiň?
-Ryzkymy agtaryp!
-Näme bilen?
-Şujagaş ýüpüm bilen hammallyk edip!
-Ýüpi nireden aldyň?
-Ony bir ýerden tapypdym!
-Tapan ýüpüň başga birine degişli bolup, saňa hak geçýänini bileňokmy?
-Bilýän welin, bu ýüp üçin kän pitiwa etmezler diýip pikir edipdim?!
-Seniň ýaly näçe ynsan hammallykdan ryzyk gazanýany bilseň, beýle diymersiň, şeýle dälmi?!
-Hawa, pikir etmändirin!
-Bende hakyny ödemän hem, Jennete gidilmeýänini, jezaňy çekip, ondan soň girilýänini hem bilýänsiňdir onda?!
-Hawa, bilýän men biçäre!
-Onda, galan zatlaryň hasabyny soňa, ýagny, hakyky ýagdaýda öli halyň bilen mazara geleriňe goýup, häzirlikçe kitabyň çep tarapyňdan berlip, jähennemlikdigiňi aýdyp, baýy hasaba çekmäge başlaýarys! – diýip, hammaly goýup, baýy hasaba çekip başlaýarlar. Elbetde, bu ýagdaýa-da şaýat bolan hammal neressäniň gara-jany galmaýar. Ertesi ony baýyň ogullary mazardan çykaryp, wada edilen ummasyz mukdardaky baýlygy berjek bolsalar:
- Men pahyr bar baýlygym bolan ýekeje şujagaz ýüpümiň hasabyny berip bilmän jähennemlik boldum, munça baýlygy alyp, şol ýerde has köp mukdarda galasym gelenok, baýlygyňyzam, günäleriňizem, sogaplaryňyzam özüňize nesip etsin, hoş galyň! – diýip, derrew ol ýerden uzaklaşyp gidýär.


Biribardan hemmämiziň ruhumyzy iman baýlygy bilen almagyny, hasabymyzyň aňsat bolmagyny, Baky Jenneti we Biribaryň Öz Jemalyna muşdak etmegini dilemek bilen!

Bilim, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir