(1876–1916)

Jek Londonyň döredijiligi amerikan edebiýatynda täze temalary açyp görkezip, öňki edebiýatyň ynsanperwerlik ruhuny, däplerini dowam edýär.
Jek London 1876-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Kaliforniýa ştatynyň San Fransisko şäherinde eneden dogulýar. Onuň ejesi Flora Wellman entek göwrelikä onuň adamsy, astrologiýa-münejjimlik bilen meşgullanýan professor Genri Wilýam Çeýni onuň bilen nikalaşmak islemän, aýalyny taşlap gidýär we şol sebäpli çaga doglanda oňa Jon Çeýni diýip at goýýarlar. Soňra şol çaga sekiz aý ýaşandan soň ony Floranyň ikinji adamsy san-fransiskoly fermer Jon London ogullyga alyp, oňa Jek London diýip at dakyp, çaga öz familiýasyny berýär. Jek Londonyň öweý kakasy garyp fermer we agaç ussasy bolupdyr. Olar garyp ýaşapdyrlar. Şoňa görä-de, Jek London ýaşlygyndan gazanç etmek üçin, dürli işlerde işlemeli bolýar. Başlangyç mekdebi gutaransoň ýaş Jek konserwa fabrigine işe girýär. Ol her gün 12-14 sagatlap işlemeli bolýar. Ol bu işden bizar bolup, balykçylyga ýüz urýar. Soňra ol deňizçi bolup, balyk tutýan gämide gulluga durýar. Ol bir ýyldan soň ýüzüşden dolanyp gelip, kenep fabrigine işe girýär.
Jek London işden boş wagtlaryny kitaphanada geçirip, Nitşeniň 1 we Spenseriň 2 kitaplaryny hem-de başga-da birnäçe ýazyjylaryň eserlerini ürç edip okaýar. Ol şol döwürde Spenseriň adamlaryň «tebigatyň müdimi kanunlary boýunça ýaşaýandyklary», «jemgyýetde güýçliniň ejizi iýýändigi» baradaky taglymatyna tüýs ýürekden ynanyp gezipdir.
1893-nji ýylda San Fransisko şäheriniň gazetleriniň biri iň gowy hekaýa üçin bäsleşik yglan edýär. Jek London üç gije basa oturyp, «Ýaponiýanyň kenarynda turan gaý» atly hekaýasyny ýazyp, birinji baýraga mynasyp bolýar. Onsoň ol işini taşlap, ikinji hekaýasyny ýazmaga başlaýar, ýöne ony hiç kim çap etmeýär. Şeýdip, Jek London işsiz galýar we ykmandalyk etmäge mejbur bolýar. Şonda ol ykmandalyk edeni üçin, Kanadada tussag edilýär.
Jek London birnäçe wagtdan soň türmeden çykyp, San-Fransisko şäherine, öýlerine dolanyp gelýär. Ol okuwyny dowam etdirmekligi ýüregine düwýär we üç aýyň içinde özbaşdak üç ýyllyk mekdep maksatnamasyny özleşdirýär.
Jek London 1896-njy ýylda Kaliforniýa uniwersitetine okuwa girýär. Ýöne bir ýyldan soň ol agyr maşgala ýagdaýy zerarly okuwyny taşlamaly bolýar. Şu döwürde ol durmuşy üýtgedip gurmak baradaky sosialistik pikirler, ideýalar bilen gyzyklanýar we amerikan sosialistik partiýasyna girýär. Ol San-Fransiskoda işçileriň ýaşaýan ýerlerine baryp, olaryň durmuşy bilen tanyşýar, leksiýalara, ýygnaklara gatnaşýar.
Maşgalasynyň agyr ýagdaýy, öweý kakasynyň kesellemegi Jek Londony okuwyny taşlamaga mejbur edýär. Ol 1897-nji ýylda uniwersiteti taşlap, Alýaska gidýär. Alýaskada şol wagtlar gyzyl känleri tapylýar we adamlar «gyzyl tapyp, çalt baýamak» keseline uçraýarlar hem-de ol ýere köpçülikleýin gidip başlaýarlar. Uzak Demirgazykda Jek London howply wakalaryň, synaglaryň, ýaşaýyş üçin gazaply göreşleriň içinden geçmeli bolýar. Jek London Alýaskada gyzyl tapyp baýamasa-da, ol bu ýerde özüniň geljekki eserleri üçin köp wakalary öwrenýär, gyzyl gözleýjileriň durmuşy bilen ýakyndan tanyşýar. Ol bir ýyldan soň singa 3 keseli bilen keselläp, San-Fransisko şäherine dolanyp gelýär. Demirgazykda gören-eşiden zatlarynyň täsiri bilen ol edebiýat bilen meşgullanyp başlaýar we ýazyjylyk ussatlygyny ele almak üçin köp okaýar.
1899-njy ýylda Jek Londonyň ilkinji meşhurlyk gazanan we «Demirgazyk hekaýalary» atly toplumyna girýän «Ýolda barýan lar üçin» atly hekaýasy çap edilýär. Şonuň yzysüresi onuň «Ak beýewan», «Möjegiň ogly», «Kyrkynjy milde» ýaly Demirgazykda bolup geçen wakalary beýan edýän hekaýalary çap edilýär. Bu hekaýalarda Alýaskadaky gyzyl gözleýjileriň durmuşy barada gürrüň berýär. Ol adamlaryň içinde dürli milletlerden bolan adamlar we aýallar bar, ýöne olaryň bary Demirgazygyň gazaply düzgünlerini berjaý edip, birek–birege kömek edip ýaşaýarlar, emma bu kanuny berjaý etmeýänler heläkçilige duçar bolýarlar. Bu ýerde adamlaryň mertebesi puly ýa-da baýlygy bilen däl-de, mertligi, tutanýerliligi, wepalylygy, adamkärçiligi bilen ölçenýär, adamlar ýowuz tebigatyň synagyndan geçýärler. Ýöne gyzyl gözlenilýän ýerde dürli keseller, arak içmek, ogurlyk, azgynçylyk ýaly erbet hadysalar hem ýüze çykýar. Jek London öz hekaýalarynda şol durmuşyň jikme-jik beýanyny berýär.
Adamyň kynçylyklara, tebigatyň gazaply şertlerine garşy gahrymançylykly göreşi Jek Londonyň hekaýalarynyň esasy temasy bolup durýar. Bu hekaýalarda dostluk, söýgi, mertlik wasp edilýär we olaryň ruhubelentlik duýgusyny ýüze çykarýan mazmuny adamyň gowy häsiýetlerini açyp görkezýär.
Jek London durmuşy onuň gowy we erbet, betnyşan taraplary bilen görkezmekligi maksat edip goýýar. Ol öz eserleriniň dogruçyl we çeper bolmagy üçin köp güýç sarp edýär, okaýar, ýazýar, ýazan eserlerini täzeden timarlaýar we netijede, ol ahyrsoňy meşhurlyk we şöhrat gazanýar.
Jek Londonyň döredijiliginiň başlangyç döwri onuň «Demirgazyk hekaýalary» diýip at alan eserler toplumy bilen başlanýar. Onuň «Möjegiň ogly» (1900), «Onuň atalarynyň hudaýy» (1901), «Aýaz çagalary» (1902) we beýleki ýygyndylaryna girýän eserlerinde Alýaska gyzyl gözlemäge giden adamlaryň agyr, gazaply we kynçylyklardan doly durmuşy beýan edilýär.
Sowuk Demirgazykda gyzyl gözlemäge giden adamlar özleriniň nämäni başarýandyklaryny barlap görmek isleýärler we dürli başdan geçirmelere duçar bolýarlar. Jek Londonyň gahrymanlary adamkärçiligi, mertligi we birek-birege kömek etmekligi ýokary gymmatlyk hasaplaýarlar.
«Ak beýewan» hekaýasynda güýçli, belent ruhly adamlar Demirgazygyň gazaply tebigaty bilen baglanyşykda görkezilýär. Hekaýanyň gahrymany Meýsonyň üstüne äpet sosna agajy gaýdýar we ony erbet ýaralaýar. Indi Meýson öz dosty Meýlmýut Kidiň özüni sapança bilen atyp öldürmegini we hindi aýaly Ruf barada alada etmegini soraýar. Meýlmýut Kid öz dostuny halas edip bolmajakdygy, özüniň Ruf üçin jogapkärdigi we iýmitiň hem gitdigiçe azalýandygy barada oýlanyp, ölüp barýan dostuny atyp öldürýär. Soňra dostunyň jesedini möjekler iýmez ýaly daňyp, ony sosna agajynyň depesine göterýär we gar çöli bilen ýoluny dowam edýär...
Demirgazyk hekaýalarynda Jek London tebigaty suratlandyrmagyň ussady hökmünde çykyş edýär. Bu hekaýalarda Demirgazygyň adatdan daşary sowuk we ýowuz tebigaty adam sähelçe ýalňyş hereket etse, ony heläk etjekdigi örän ynandyryjylykly görkezilýär, emma Jek Londonyň gahrymanlary bu kynçylyklara mertlerçe döz gelip, tebigatyň özlerine garşy durýan duşmançylykly güýçlerini ýeňip geçmegi başarýarlar.
«Ýaşaýşa söýgi» (1905) atly hekaýanyň atsyz gahrymany sowuk Demirgazygyň ägirt uly giňişliklerini kesip geçip, Koppermaýn derýasynyň kenaryna barýança ýadawlygy, açlygy, gazaply aýazy we özüni iýjek bolup topulan möjegi ýeňip, üstün çykyp, diri galýar. Ony «Bedford» atly kit awlaýjy gäminiň adamlary halas edýär. Bu hekaýada adamda ýaşaýşa bolan isleg, söýgi ölümi ýeňýär.
Jek London öz hekaýalarynda hindi aýallarynyň gözelligini, näzikligini, mertligini we öz ýakynlary üçin özüni gurban etmäge taýýardyklaryny hem uly söýgi bilen suratlandyrýar.
«Zenan mertligi» atly hekaýada Sitki Çarliniň öz aýaly baradaky berýän gürrüňlerinde ol aýalyň ajaýyplygy we mertligi ýüze çykýar. Passuk öz äri üçin öz doganyny we özüni gurban edýär, sebäbi ol ärini söýýär we hemişe oňa guwanyp gezýär. Şonuň üçin äriniň adamlaryň öňünde öz beren sözünde tapylmagy üçin, uzak we hupbatly ýolda özüniň iýmeli çöreginiň ýarysyny gizlinlikde iýmän saklap, ony soňra ärine berýär we özi açlykdan ölýär.
«Demirgazyk Odisseýasy» atly hekaýada-da gyzyl gözleýjileriň durmuşy bilen baglanyşykly waka beýan edilýär. Gyzyl gözleýjileriň arasynda özüniň syraty, daýawlygy we baýlygy bilen belli bolan Aksel Gunderson bir gezek Aleut adalaryna barýar we ol ýerde ýerli taýpanyň Naas atly ýaş serdarynyň gelinligini toýdan zorluk bilen alyp gidýär. Naas özüni kemsiden duşmanyny köp wagtlap yzarlap gezýär. Ol birnäçe ýyllap, Aksel Gundersonyň nirededigini biljek bolup, ýer şaryny aýlanyp çykýar, şol sebäpli Jek London ony gadymy grek şahyry Gomeriň «Odisseýa» poemasynyň köp syýahatlar eden baş gahrymany Odisseý bilen deňeýär. Naas ahyrsoňy özüne göwni ýetip, edenini edip ýören talaňçy we gedem Aksel Gundersony tapýar we gelinligini ogurlany üçin ondan aryny alýar.
Bu hekaýada Jek Londona Fridrih Nitşeniň «ýokary jynsyň», «güýçli adamyň agalyk etmek hukugy» baradaky filosofiýasynyň täsiri aç-açan görünýär. Sebäbi Naas talaňçy Gundersony öldürip, öz gelinligi Ungany halas edip, ony ýany bilen äkitjek bolanda Unganyň Gundersony söýýändigi mälim bolýar.
Akýagyz jynsyň ýerli halklardan artykmaçlygy baradaky pikirler ýazyjynyň «Garlaryň gyzy» (1902) atly hekaýasynda hem mese-mälim duýulýar. Bu eseriň gahrymany Makkenzi hem Aksel Gundersonyň usulyny ulanyp, özüne gelinlik edinýär. Emma köp wagt geçip-geçmänkä durmuş tejribesi hem-de dünýä wakalary Jek Londonyň Nitşeniň we Gerbert Spenseriň ideýalaryna ynanyp gezmeginiň nädogrudygyny görkezýär.
1902-nji ýylda Jek London Angliýada bolýar. Şol döwürde ol Londonyň durmuşy barada «Düýpsüz ýeriň adamlary» (1903) atly oçerkler kitabyny ýazýar. Bu eserinde ýazyjy Angliýanyň işçileriniň agyr durmuşyny görkezýär. Jek London iňlis zähmetkeşleriniň garyp durmuşyny, olaryň çekýän jebir-jepalaryny öz gözi bilen görüp, ynsan jemgyýetiniň gurluşy baradaky pikirlerini üýtgedýär. Ol Spenseriň jemgyýetde-de haýwanat dünýäsiniň kanunlarynyň hereket edip, «güýçlüler ejizleri ýeňýärler we diri galýarlar» diýen biologiýanyň seçip alyş kanunynyň amala aşýandygy baradaky pikirleriniň nädogrudygyna, ýaramaz ýaşaýyş şertlerini jemgyýetiň adalatsyz kanunlarynyň döredýändigine hem-de şeýle jemgyýeti üýtgedip gurmalydygyna göz ýetirýär.
Ýazyjy özüniň «Deňiz möjegi» (1904) atly romanynda Nitşeniň «aýratyn, saýlama adamyň hukugy», güýçli şahsyýete boýun egmek, oňa sežde etmek baradaky filosofiýasyny paş edýär. Ýazyjy Nitşeniň «güýçli şahsyýete» baş egmek filosofiýasynyň düýp özeninde haýwan ýaly rehimsizligi, ahlaksyzlygy we diňe özüňi bilmekligi, egoizmi goldamaklygyň ýatandygyna göz ýetirýär we özüniň «Deňiz möjegi» romanynda bu pikiriň ynsanperwerlige ters gelýändigini ýüze çykarýar.
Romanyň wakalary «Ruh» diýen kit awlaýjy gämide bolup geçýär. Gäminiň kapitany Wulf Larsen gämide rehimsiz «taýak» düzgün-tertibini ýöredýär. Ol Nitşeniň we Spenseriň «gün – güýçliniňki, gowurga – dişliniňki» diýen pikirini öňe sürýän filosofiýasyndan ugur alýar. Ýöne Larseniň indiwidualizmi, onuň özüni hemmeden ýokarda goýmaklygy ony gäminiň ähli deňizçileriniň ýigrenjine sezewar edýär. Şonuň üçin Larsen näçe güýçli, dogumly bolsa-da, ol gämide özüni daşy gabalan möjek ýaly bagtsyz duýýar. Romanda intelligent gumanist Wan Weýden Wulf Larseniň filosofiýasyna garşy durýar. Fi-ziki, beden we ruhy taýdan taplanyp, Wan Weýden Larsenden üstün çykýar. Şeýdip, Jek Londonyň eserinde ilkinji gezek diňe özi üçin däl-de, öz ýoldaşlarynyň bähbidi üçin göreşýän işeňňir, ynsanperwer gahryman peýda bolýar.
Jek Londonyň «Demirgazyk hekaýalarynda» bolşy ýaly, «Deňiz möjegi» atly romanynda-da ýazyjy tebigatyň görnüşlerini, deňiz durmuşyny, onuň ýowuz özboluşly häsiýetini ussatlyk bilen suratlandyrýar.
Jek Londonyň eserlerinde Demirgazyk temasy haýwanlaryň häsiýetlerini beýan etmek bilen hem baglanyşdyrylýar. Ýazyjynyň «Ata-babalaryň çagyryşy» (1903) atly hekaýasynda oňat gylykly, lälik ösüp ulalan Bek atly itiň taryhy beýan edilýär. Ol it Kaliforniýadan Demirgazyga äkidilýär. Köp sanly agyr synaglardan geçip, adamlaryň rehimsizligine duçar bolan Beki Tornton atly adam halas edýär. Mähirli, açyk göwünli Tornton bu itiň eýesine wepaly we mähirli bolmagyny gazanýar.
«Ak gyýak» (1906) atly powestde wakalar akylly haýwanyň üşüginiň, onuň adamlara bolan garaýşynyň üsti bilen görkezilýär. Ýazyjy Ak gyýak atly itiň Görmegeýje Smit atly adamyň elindäki durmuşyny beýan edende adamlaryň rehimsizliginiň haýwanlaryňam aňynda wagşyýana duýgularyny oýarýandygyny görkezýär. Emma Ak gyýak Windon Skott diýilýän gowy adamyň eline düşüp, özüniň wagşyýana duýgularyny ýeňip geçip, adamlara minnetdarlyk we söýgi bilen garamagy öwrenýär.
Adamyň kynçylyklara, tebigatyň gazaply şertlerine garşy gahrymançylykly göreşi Jek Londonyň hekaýalarynyň esasy temasy bolup durýar. Ýazyjynyň hekaýalarynda dostluk, söýgi, mertlik, wepalylyk wasp edilýär we olaryň ruhubelentlik duýgusyny ýüze çykarýan mazmuny adamyň gowy taraplaryny açyp görkezýär.
Jek London dünýä edebiýatynda okyjylaryň, aýratynam, ýaşlaryň iň söýgüli ýazyjylarynyň biridir. Sebäbi onuň eserleriniň aglabasy adamyň kynçylyklary ýeňip geçişini beýan edýär we şeýle kynçylyklara döz gelip, ýeňiş gazanmak üçin adamyň özüne bolan ynamynyň, taýýarlygynyň, ynsanperwerliginiň we öz ýoldaşlaryna wepalylygynyň wajypdygyny görkezýär. Ýazyjynyň eserleriniň gahrymanlary adatdan daşary güýçli, saýlama adamlar däl. Işçiler, ýönekeý deňizçiler, kiçi wezipedäki gullukçylar, ykmandalar ýa-da ýöne sowuk demirgazykdaky ak beýewanly Alýaska baýlyk gazanmak üçin bar işini taşlap, altyn gözlemäge giden adamlar Jek Londonyň eserlerinde durmuşyň we gazaply tebigatyň synaglaryndan geçýärler. Bu synaglarda ýaşaýyş şertleri adamyň kimdigini anyk aýyl-saýyl edýär, onuň ynsanperwerlik derejesini kesgitleýär. Ynsan nähili kyn ýagdaýa düşse-de, adamkärçiligi ýatdan çykaryp, diňe öz aladasyny etmeli däldigi baradaky pikir, ideýa ýazyjynyň eserleriniň içinden erş-argaç bolup geçýär.
Jek Londonyň «Oýun» atly hekaýasynda Jo Fleming atly garyp maşgaladan bolan ýaş ýigit işden boş wagtlary boks bilen meşgullanýar. Ol ýaryşlarda çykyş edip, bäsdeşlerini ýeňip, ilki bäş, soň on, elli, ýüz dollarlyk baýraklary alýar. Ol gazanýan pullaryny ejesine eltip berýär, kiçijik doganlaryna egin-eşik, gowy iýmit alyp, mekdepde okadýar. Ejesi üçin oňat öý satyn alýar. Jo dükanda satyjy bolup işleýän Jenewýewa atly ýaş, owadan gyzy söýýär. Ol gyz hem Jony gowy görýär, emma onuň boks bilen meşgullanýandygyny halamaýar. Emma Jo üçin boks ýaryşlarynda çykyş etmek özüne çekiji, abraý, şöhrat getiriji oýun. Ol tutuş Günbatar Oklendiň guwanjy, ýeňijisi hasaplanýar. Jonuň öz güýjüne, sport taýýarlygyna-da göwni ýetýär we hemişe ýeňiş gazanyp biljekdigine berk ynanýar. Jo Jenewýewadan onuň boksy halamaýandygyny eşidip, ringde iň soňky gezek çykyş et-jekdigini we soňra boksy taşlajakdygyny oňa söz berýär. Sebäbi indi Jo we Jenewýewa nikalaşyp, maşgala gurmak üçin toý gününi hem belleýärler.
Jonuň soňky çykyşy Jon Ponta atly güýçli boksýor bilen bolup geçýär. Bu ýaryşda Jo birbada garşydaşyndan rüstem gelýär, ony güýçden gaçyrýar, ýöne tötänden aýagy taýan pursatynda Jon Ponta bar güýjüni jemläp, onuň eňegine urýar. Jo Fleming ýykylýar we onuň kellesi brezent düşelen daş pola urulýar we ony ölüm halynda ringden alyp gidýärler. Kellesine agyr şikes ýeten Jo özüne gelmän aradan çykýar. Şeýdip, boksuň howply oýunlarynyň muşdagy bolan Jo özüniň öýlenmeli güni aradan çykýar.
«Bir bölek et» atly hekaýada Tom King atly professional boksýor barada gürrüň berilýär. Ol bir wagtlar, ýaş wagty şöhratly boksýor bolupdyr. Ol öz garşydaşlaryndan ýeňillik bilen üstün çykypdyr, emma ol diňe boks bilen meşgullanyp, başga hiç hili hünär öwrenmändir. Tom King kem-kemden garraýar. Indi onuň ýaryşlarda känbir gazanýan zady bolmaýar. Onuň maşgalasy garyp düşýär. Tomuň bolsa indi ýaryşda ýeňiş gazanmak üçin, güýç toplar ýaly ýaryşdan öňinçä biraz-owlak et iýesi gelýär, emma öýde bir döwüm çörekden başga iýere zat ýok. Ol bolsa şu gün ýaryşa gitmeli. Ol özi ýaly garry boksýorlaryň garşysyna çykyş edýär. Şu güne çenli Tom King garry boksýorlary ýeňillik bilen ýeňip gelýär, ýöne bu gezek ol açlykdan öňki güýç kuwwatyny ýitirýär. Şonda-da, Tom King dükançylara eden bergilerini üzmek üçin ýene-de ýaryşa gidýär.
Tom King örän tutanýerli uruşýar, emma ýaryşyň soňunda bütinleý güýç-kuwwatdan gaçýar we onuň garşydaşy ýaş boksýor ony ýeňýär. Şol ýaryşdan soň Tom King parkyň içindäki oturgyçda oturyp aglaýar we şonda ýaş wagtlary garry boksýorlary ýeňillik bilen ýeňendigi ýadyna düşýär. Ine, şonda ol Stouşer Bill diýen garry boksýoryň näme üçin aglandygyna göz ýetirýär, emma öň ýaş, güýçli wagtlary gartaşan adamlaryň durmuşyna, olaryň hal-ýagdaýlaryna düşünmän eken.
Ýazyjynyň «Demir daban» (1907) we«Martin Iden» (1909) romanlary onuň döredijiliginiň ýeten beýik ideýa-çeperçilik derejesini görkezýär.
XX asyryň başlarynda ABŞ-da senagat merkezlerinde zähmetkeşleriň, işçileriň iş taşlaýyşlary bolup geçýär. Işçileriň öz hukuklary ugrundaky göreşleri, olaryň ýaşaýyş we iş şertleriniň agyrlygy barada Jek London özüniň «Demir daban» (1907) romanyny ýazýar.
«Demir daban» romanynda Jek London adamlara zulum edip, olary gula öwürýän, pula, peýdakeşlige çapýan kapitalistik jemgyýeti üýtgedip gurmak ideýasyny öňe sürýär. Bu sosial-utopiýa häsiýet-li wakalar 1912-1933-nji ýyllarda bolup geçýär. Emma bu wakalar uzak geçmişde bolan ýaly edilip görkezilýär we olara XXIII asyrda ýaşaýan alym Meredit tarapyndan baha berilýär. Şol taryhçy alym bu wakalaryň XX asyryň başynda ýazylan beýanyny bir agajyň köweginden tapýar we oňa sözbaşy ýazyp, ol wakalary düşündirýär, çünki täze «doganlyk eýýamynda» ýaşaýan adamlar XX asyryň birinji ýarymynda bolup geçen kapitalistik gatnaşyklaryň höküm sürýän jemgyýetiniň durmuşyna düşünmeýärler. Geljege şeýle uly ynam, belent ruh bilen seredýän bu romanda işçileriň şowsuz gutaran gozgalaňy suratlandyrylýar.
Romanyň baş gahrymany Ernest Ewergard rewolýusiýanyň tarapynda zuluma garşy halka ýolbaşçylyk edip, tä soňky demine çenli halkyň bähbidini gorap wepat bolýar.
Agyr durmuş ýoluny geçip, tejribe toplap, ýaş ýigidiň ýazyjy bolmak arzuwyna ýetişi Jek Londonyň «Martin Iden» atly romanynda çeper beýan edilýär. Bu romanda Martin Ideniň, ýagny ýönekeý bir deňizçiniň köp okap, işläp, ýazyjy bolup, meşhurlyk gazanyşy we baý maşgaladan bolan bir gyzy söýşi barada gürrüň berilýär.
Martin Ruf atly gyzy söýýär, ýöne gyzyň ene-atasy bularyň gatnaşyklaryny oňlamaýarlar, garşy çykýarlar. Ruf Morz ilkibada Martini söýse-de, soňra ol kynçylyklara duçar bolanda ony taşlaýar. Martin şonda-da ruhdan düşmän, ýazyjy bolup ýetişýär we uly meşhurlyk gazanýar, ýöne jemgyýetden, daş-töweregindäki adamlardan lapykeç bolup, ahyrsoňy bu durmuşda öz ornuny, bagtyny tapyp bilmedik Martin Iden özüni heläk edýär. Çünki ol indiwidualizme, diňe özüni bilmek filosofiýasyna eýerýän adamlaryň arasynda adamkärçilige ýer ýokdugyna düşünýär.
Jek London döredijiliginiň giçki döwürlerinde-de işçileriň, zähmetkeşleriň öz hukuklary ugrundaky göreşlerini suratlandyrýan «Debsiň arzuwy» (1909), «Meksikaly» (1911) ýaly hekaýalaryny döredýär. Şu döwürde ýazyjy ýokary gatlagyň wekilleriniň eden-etdiliklerini, ýaramaz işlerini paş edýän «Ogurlyk» (1910) atly tankydy häsiýetli pýesasyny we «Adamy öldürmek» (1911) diýen hekaýasyny ýazýar.
Jek Londonyň «Günorta deňizleriniň ertekileri» (1911), «Gedemligiň ybadathanasy» (1912) ýaly hekaýalar ýygyndylary kolonializmi paş edýär.
Ýazyjynyň «Gün şöhle saçýar» (beýleki ady: «Wagt garaşmaýar») (1910), «Aý jülgesi» (1913) ýaly eserlerinde pula, baýlyga kowalaşmak pikirleriniň adamyň aňyna edýän täsiri, gowy durmuş üçin göreş temasy açylyp görkezilýär.
Şeýle eserler bilen bir hatarda şu döwürde Jek London durmuş meselelerinden daşlaşýan «Başdan geçirme» (1910), «Üçleriň ýürekleri» (1916), «Uly öýüň kiçijik bikesi» (1915) ýaly «güýmenje», «içi gysdyrmazlyk üçin» ýazylan romanlary hem döredýär.
«Çalt satylýan» romanlary ýazmak bilen Jek London ruhy krizise düşýär we hakyky ynsan durmuşynyň möhüm meselelerini beýan edýän eserleri ýazmak arzuwy bilen ýaşaýar.
Jek London agyr, bejermesi kyn bolan keseliniň agyrysyny ýeňletjek bolup içen dermany sebäpli, 1916-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Kaliforniýada kyrk ýaşyna ýetmän aradan çykýar.
Jek London dünýä edebiýatynyň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Onuň ynsanperwerlik ruhuna ýugrulan hekaýalary, powestleri we romanlary dünýä edebiýatynda iň köp terjime edilip okalýan eserleriň hatarynda durýar. Onuň «Meksikaly», «Ak beýewan» we beýleki ençeme meşhur hekaýalary we «Martin Iden» romany türkmen diline terjime edildi.

1 Nitşe – Fridrih Nitşe (1844-1900) nemes filosofy.
2 Spenser – Gerbert Spenser (1820-1903) iňlis sosiology we psihology. Ol pozitiwizmiň düýbüni tutujylaryň biridir.
3 Singa – gök önüm, witamin C ýetmezçiligi zerarly diş etinde ýüze çykýan garamükür keseli.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir