Esgerlik ýyllarymda uly aljyraññylyk bilen ylgaşlap ýören garynjalary gaty kän synladym.
Bir çöp göterip barýan garynja bilen güýmendim bir gezek; ýoluny kesdim, öñüne kesek goýdum. Ýarym sagatlap päsgelçilikleriñ üstünden, sagyndan, çepinden geçmäge jan edýärdi. Meni duýgulandyran ýeri; her sapar päsgelçilikden geçensoñ derrew ýarym metr golaýyndaky hinine tarap ylgamagydy.

Garynjany alyp uzaklara taşladym. Sähel alñasansoñ derrew ýene hinine tarap ugrukýardy. Elindäki çöpi aldym, ýene tutdy, ýene aldym, ýene tutdy.

Soñ elindäki çöpüni alyp uzaklara zyñdym. Sähelçe wagt aljyrap durdy ilki, soñ başga bir çöpüñ gözlegine çykdy. Tapdy, ýene öýüne tarap ylgaşlady.

Ynha maksada okgunlylyk, ynha gujur, ynha gaýrat..
Men biçäre; garynjaça bolup bilmedim..

Muhammet Bozdag.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir