Sazy: Näbelli
Sözleri: Näbelli
Aýdymy ýerine ýetirýän: Türkmenistanyň at gazanan artisti Pälwan Halmyradow

Oýnap ýören çagajyk, ykbalyndan bihabar,
Türmä düşdi kakasy, ejesinden al habar.
Güni geçýär şatlykda, eli ýetenok ärine,
Oýnaş tapdy dessine, başlady bet kärine.

Haram keýpe bulaşyp, ýatdan çykdy ojagy,
Uklap galýar gül çaga, küýsäp mährem gujagy.
Maşyn gelýär yzyndan alyp gidýär ejesin,
Ýene-de ol ejesiz geçirmeli gijesin.

Düşünerden ýaş bolýar, neresseje çagajyk,
Bilerdi, sorardy akyly ýetse azajyk.
Solup barýar gul çaga, duýýan ýok halyny,
Iýip otyr ir agşam suwa basyp nanyny.

Günler şeýdip geçip dur, biri-birine seplenip,
Çagajygam ulalýar, biler indi gepleşip.
Boşap geldi kakasy, gürrüň berdi baryny,
Özelenip ýalbardy, diýdi ejem gelmesin.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir