osluk näme? osluk, bedendäki toksinleri çykarmagyň bir görnüşidir. aşgazanda we beýleki käbir ýerde üýşen artykmaç mukdardaky gazyň çozmagy sebäpli osurýarsyňyz. oslugyň 5 görnüşli gazdan bolýar:n2, co2, h2, ch2, o2. bulardan ch2 partlaýjydyr. ýanan ýagdaýynda gök reňkde güýli alawy bolýar. muny öz götüňizde barlamak maslahat berilmeýär. elbetde, bulaň ýeke özi osluga şol ysy bermeýärler. ysyň sebäbi c we s-dir. nähili osurýarys? her gezek agzymyzy açanymyzda içimize howa girýär we aýlanyp başlaýar. hawa, siziň pikir edişiňiz ýaly olam bir ýerik çykmaly ahyryn. şu ýagdaýda howa 8 metrlik tunelden geçenden soň daşaryk çykyp bilýär. howa, ilki aşgazanymyza gidýär. şol arada o2-si azalýar howaň, galany bolsa bagyra geçýär. fermantasiýa netijesinde çykan co2 hem bu howa goşulýar. osluga gohuny, güýçli we suwly sesi bn ysyny bermek üçin bagyrda belok hem-de uglewod gerek bolýar. siňdirişiň dowamynda bakteriýalar fermentirowat bolup galanja iýmite topulýar. şol wagtyň dowamynda beýleki gazlaram ýasalýar şol ýerde. käbir iýmitler hasam köp gaz ýasaýar. meselem: kelem ýaly sellýulozasy köp bolan zatlar. noýba, kömelek... çykmaýan oslugymyz nirä gidýär? çykmak isleýän gaz içerde durmaz. üns bermeseňizem, saklajak bolsaňyzam, başga kişä ýapsaňyzam iru-giç yslyja hakykat ýerini tapar. şeýle-de osurmasak bedenimizdäki toksinler täzeden gana garyşyp bizi zäherlär. garnymyzda çiş hem-de agyry emele getirer. az osurmagyň syry, nahar iýýän wagtyň az geplemekdir. eger nahar iýip otyrkaňyz gepleseňiz, gaz bir deşikden içerik girer, beýleki deşikden bolsa çykjak bolar. oslugyň görnüşleri fyrrrt: esasanam dik durup siýeňizde, siýdigi tizlendirjek bolup dyzaňyzda çykýan kiçijik oslukdyr. köp duş gelýän bu ýagdaýymyzda, iň gowusy hiç zat bolmadyk ýaly etmelidir. ýanyňyzdaky siýip duran bn näçe ýakyn dostam bolsaňyz, fyrrrtdan soň degişjek bolmaň. sebäbi iki tarapam birahat bolar. fyssst: fyssst, fyrrrtyň tersine, mekir oslukdyr. osluk baradaky birinji düzgüni ýatdan çykarmaly däl. "sesiň güýji bn ysyň güýji elmydama biri-birine ters proporsiýalydyr" fyssstdan az salym geçip-geçmänkä hemme kişi düşünýändir. käwagt fyrrrtdan has utandyryjy bolup bilýär. hemme osluklardaky ýaly bilmediksirän bolmaly. iň uly ýalňyşlyk bolsa: "püff, kim osurdaý" diýmekdir. bu hem ýanyňyzdakylary birahat eder, hemem olaryň sizden şübhelenmegine sebäp bolar. şuny bek belläň, fyssst bolan ýagdaýynda 90% birinji geplän adam osurandyr. bu duzaga düşmejek boluň. öňüňizdäkä master şekilde şeýtansy bir bakyş, şübheleri oňa çekip biler. ýöne iň amatlysy, bilmediksirän bolmakdyr. katotopark: katotopark, osluk babatda bolup biläýjek iň uly betbagtçylykdyr. bu osluk, oslugyň düzgüne boýun egmeýän oslukdyr, hemä gaty goh-galmagally, hemem fyssstça bolmasa-da juda porsudyr. "bokuň üstünden osurmak" diýilýär adatça. katotoparkyň gowy tarapy köplenç syçyp otyrkaňyz gelýändir. şol gorkunç katotopark sesi eşdilende tualet kabinada kim bardygyny daşardakylar kän bir aňyp bilmeýärler. katotopark bolaýan ýagdaýynda ilkinji edilmeli iş, sowukganlylygy saklamakdyr. asla hemme kişi gidýänçä kabinadan çykaýmaň. hassasyran bolup her hili ses çykaryp katotoparky başga zat ýaly edip görkezjek bolmagam hökman däl. bu iň köp edilýän ýalňyşdyr. sebäbi daşardakylar sesiňizden kimdigiňizi tanabam biler. hemme kişi gidýänçä garaşyň, agşama çenli garaşmalam bolsa garaşyň. aslynda agşama çenli garaşmaly bolmarsyňyzam welin, "ga:zy" bar bolsa kösenersiňiz. gazy barada birazajyk: ga:zy diýip, syçma babatda masterlere aýdylýar. bu ýolda köp saç agardan, özüne gaty göwni ýetip syçýanlara aýdylýar. bular ýaly adamlar tualetden şeýle bir lezzet alýarlar welin, iň bolmanda ýarym sagadyny tualetde geçirýärler. gazylar adatça tualede gazet-žurnal alyp girýärler. gabatlaşan hemme kişi bilen gep edýärler. birnäçe gezek ellerini ýuwup, saçlaryny düzedip tualetdäki wagty uzaltjak bolýarlar. şunýaly adamlary tanap goýmaly hem-de olar bn deň wagtda tualete gitmejek bolmaly. ýogsam katotopark edäýseňiz uzak garaşmaly bolarsyňyz. işdeşleriňiz bn dil düwüşip gazylary tanaň hem-de olardan gaça duruň, bileje gazysyz tualet tapjak boluň. gaçybatalga: gaçybatalga, esasan gaty az adam girýän, binadaky boş etaž, köplenç zenanlaryň işleýän býurosy gaçybatalga tapyp biläýjek ýeriňizidir. gaçybatalgada lýuboý wagt arkaýyn hem-de komfortlyja syçyp bilersiňiz. gazylar hiç haçan gaçybatalga barýan däldir. sebäbi olar tualeti sosyallaşmak üçin ulanýarlar. ýoldaş: gapdaldaky kabinada adam barka syçmaga mejbur bolan iki adama aýdylýar. ýoldaşly ýagdaýdan eýdip-beýdip sypjak boluň. eger-de ýoldaş bar bolsa çykýan wagtyňyza üns beriň. eger ýoldaşyňyz gazy bolsa siz bn gep etjek bolup özüni tanadar derrew. bu, bütin tualet medeniýetinde gabat gelip biläýjek iň utandyryjy ýagdaýdyr. türkmençe bilmediksirän boluň, ýa bolmasa kersiräň. bolmasa-da sesiňizi üýtgedip gysgajyk jogap beriň we eýdip-beýdip gaçjak boluň. ýanyňyzdakyň gazydygyny tanamagyň ýene bir ýolam gazet-žurnalyň hyşyrdysy gelip-gelmeýändigine üns beriň. gelýän bolsa, gazy siz bn gepleşip başlamaka gaçjak boluň. eger ýoldaşyňyz gazy däl bolsa, iň bolmanda siz ýaly birahatdyr. şu ýagdaýda başyňyza geläýjek gorkunç zat, ikiňiziň bir wagtda çykyp gabatlaşmagyňyzdyr. çykjak wagtyňyzy ýoldaşyňyza belli ediň. biraz sesliräk şekilde geýişdiriň, suw akdyryň. görersiňiz, ýoldaşyňyz siz gidýänçäňiz çykmaz. üsgürmek: käwagt oturan kabinaňyza biri girjek bolup biler, şonda üsgürüp olary kowup bilersiňiz, hat-da üsgürmek başgarak ýerlerde-de ulanylyp biler. göti ölleýän bok: bu bok, götüňizden şeýle uly tizlik bn çykyp, tualetdäki suw bn götüňiziň 3-de ikisini ölleýän bok. üstesine-de pylçç edip ses çykarýan bok. eger çykaňyzda ýüzüňize birhilek edip seredýänleri görmek islemeýän bolsaňyz bok çykaýan wagty üsgüripjik sesini basyň. şu ýerde ýene bir zady belläp geçesim gelýär. göti ölleýän bokuň ýa-da fyrrrtyň sesini üsgürip basyp bilersiňiz, emma hiç haçan katotoparkyň sesini basyp bilmersiňiz. synanyşan ýagdaýyňyzda bolsa ýasamadygy bildirer. garaz nähili ýagdaý bolanda-da katotoparkda üsgürmäň. asyl-asyl bok: syçýan wagtyň ýarsy çykypsallanyp durýan bok. götüňizi aňryk-bärik hallan atdyryp gaçyrjak bolýan bokuňyz. bu bokuň awantajly tarapy suwa gaçanda kän bir goh edenok. dezawantajy bolsa köp wagtlap howada asyl-asyl bolup durýandygy üçin kabinany erbet porsadýar. haçanda şu asyl-asylyň gelýändigini aňsaňyz götüňizi suwa tarap uzadyp bokuň uçuş wagtyny azaltjak boluň. şonda-da ys beter porsaýan bolsa hemme kişi gidýänçä kabinadan çykmaň. sifon: aslynda diňe boky akdyrmak üçin ulanylýan zat ýalydyr welin käwagt kyn ýagdaýlardan halas edip bilýändigini unutmalyň. meselem gatydan katotopark geläýen ýagdaýynda ýeke-täk ýol, sifony çekmekdir. bulam daşyndan seredäýmäge aňsat ýaly bolsa-da kyn işdir. sebäbi katotoparkyň edil geläýjek wagtyny öňünden bilip bolmaýar, gelenden soň bolsa sifony çekmäge hemme kişi ýetişmeýär. bu işe çalasynlyk hem-de çeýelik gerek bolup durýar. ýene-de bir bellemeli zat bolsa, ýoldaşly wagtyň ýerliksiz çekilen sifon işiňizi kynlaşdyryp biler.

Köneler, 123456789 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir