Beden- ruhuň eşigidir.

Owadan ruha uly we gelşiksiz bir beden (eşik) gelişermi?
Ruh döreninden bäri gözellige we estetika meýillidir. Şol sebäpli ruh, semiz figuraň deregine sportsmenleriňki ýaly figuraly bolmak islär. Elbetde, ählimiziň dogulyşdaky we soňky göwrämiz tapawutly. Emma, figuramyzy üýtgetmek öz elimizdäki zat. Figuraň owadanlygy ýaşa däl-de ýaşaýyş ş...

Dowamy »

927 7
Bilim, 2 years ago


Ýüz pikirleriň aýnasydyr.

Köplenç, ynsanyň pikirlerini ýüzünden okap bolýar. Şol sanda ynsanyň özüni nähili duýýany hem ýüzünden belli bolýar. Biriniň pikirleri we duýgylaryny okamak islesek, ilki bilen onuň ýüzüni gözden geçirmeli.
Ýüze üns berip seretsek, birnäçe many görüp bileris. Ýüzlere seredip, ynsanyň günäli ýa-da günäsizdigini tapawutlandyryp bolýar. Ynandy...

Dowamy »

1007 20
Bilim, 2 years ago


Gözler ruhyň penjireleridir.

Dünýädeki birnäçe zatlary gözümiziň kömegi bilen duýýarys. Ynsan daşky dünýäni ortaça 87% gözleri, 9% gulaklary, 4% beýleki duýgy organlarynyň üsti bilen duýýar.
Gözler we göz bäbegi (зрачок, pupil) garşymyzdaky ynsanyň ruhyny okamakda möhüm düşündirişleri berýär. Käwagt biriniň bize bolan söýgüsinden şübhelenenimizde, “gözümiň içine seredi...

Dowamy »

1012 4
Bilim, 2 years ago


Ruh gözelligi.

Içimiz owadan bolmasa, daşky keşbimizem, gylyk-häsiýetimizem owadan bolmaz. Ynsan üçin daşky dünýä, özüni synlaýan bir aýnasy ýalydyr. Ynsanyň daşky gözelligi, içine täsir etmez, emma, içki gözelligi daşyna täsirini ýetirer. Sebäbi, daşky gözelligi Alla berýär. Içki gözelligimiz üçin, akylly saýlawlar, islegli tagalla etmegimiz gerek. Içi, ýagny, r...

Dowamy »

935 5
Bilim, 2 years ago


&&&

Seni gynandyrmak ähtimallygyny nädip düşünip bilýäň? Men seniň göwnüňi ýyksam, ýykylan göwnüň bölekleri elime çümüp ganadar. Ýene iň hakyky duýgularymy saňa ýollaryn. Meň ýollarymyň hemmesi seň adyňdaky harplardan geçer. Senden gitsemem ýollarym saňa çykar. Menden saňa zyýan gelmez diýip biljek däl. Sebäbi, men seni biraz artyk söýüp bilerin. Belki...

Dowamy »

1059 10
Bilim, 2 years ago


Bagtlylygyň zerurlygyna düşünýän we Bagtlylyk gullugy bolan bir ýurt barada öň eşitdiňizmi?

Hawa, ýalňyş okamadyňyz. “Bagtlylyk gullugy” bolan bir ýurt bar. Ilki okamda menem haýran galypdym. Soň gowy gözleşdirdim we has giňişleýin öwrendim. Bu, Hindistan bilen Hytaýyň arasynda ýerleşýän Butan ýurdy.
1974-nji ýyla çenli ýapyk bolan bu ýurt birnäçe formallygy ýerine ýetireninden soňra zyýrat edilip bilinse-de, çäkli sanda syýahatça...

Dowamy »

909 8
Bilim, 2 years ago


Aşa gabanjaň bir ynsanyň içinde terk edilmekden gorkan bir çaga bardyr.

Gatnaşyklarda gabat gelýän duýgularyň biri hem gabanjaňlykdyr. Gabanjaňlyk jemgyýetde esasan söýginiň alamaty hökmünde görülýär. Az dozada bolsa, gatnaşygy şekillendirer, emma aşa gabanmalar islendik gatnaşygy (dostluk, doganlyk, söýgi) jähenneme öwürer. Umuman, gatnaşykdaky lezzeti almak üçin, hemme zat öz ölçeginde bolsa gowy. Edil naharyň duzuny...

Dowamy »

1037 22
Bilim, 2 years ago


&&&

Bir adama duşýarsyňyz. Bu adam, tanyşan pursatyňyzdan başlap size aýratyn üns berýär we sizi öň tanamasa-da, size dünýädäki iň gymmatly zat ýaly seredýär. Ilki bilen gündelik meseleler hakda gürleşýärsiňiz. Ol siziň teswirleriňizi tüýs ýürekden makullaýar. Hemme zatda diýen ýaly birmeňzeş pikiriňiziň bardygyny görýärsiňiz. Şol bir zatlary etmekden,...

Dowamy »

917 10
Bilim, 2 years ago


Ýüzlenme!

1.Degişgen, alçak, göwniaçyk adam. Özi näçe inkär etse-de, zehinli. Men onuň birje eserini okam-da, ondaky ol ukyby duýupdym. Ilkibaşlarda içimden: “Bu adamyňam göwnüne zat ýaranok. Şeýle ökde bolsaň, özüňem birzatlar ýazaýmaly ekeniň” diýipdim. Asyl ol ýazýan eken, onda-da has gowy ýazýan eken. Ýekeje artykmaçlygyň biraz öýkelek, bilýän menden öýk...

Dowamy »

2076 72
Bilim, 2 years ago


•••

Gowy adamlaryň nähilem bolsa goralýandygyna bolan ynanjymy hiç haçan ýitirmedim. Şol sebäpli hem sada bolan tarapymy goramaga synanyşdym. Adamlaryň gowudygna bolan ynamym, belki, hemmeleriň aslynda gowy adam emma, soňra başdan geçirenleri, öwrenen zatlary sebäpli başga bir adama öwrülýändigini pikir edýänimden gelýändir. Men hemişe birine gaharym g...

Dowamy »

873 2
Bilim, 2 years ago


!!!

Sagatlar jaňyny urup başlady,
Diýmek peýkamlary ýetipdir 12-ä.
Täze ýylyň gelenini buşlady,
Bulgurlaryň sesi goşulyp gülkä.

Şu şatlygyň, şu şowhunyň astynda,
Geliň bir azajyk serden geçeliň!
Arzuwlaryň gijesimiş aslynda,
Ak arzuwlary pişme deýin seçeliň!

Ýagyşlary bilen...

Dowamy »

748 5
Bilim, 2 years ago


Adam ýaly adam bolmak umydy bilen…

Biz bir çyg süýt emen barlyklar. Görenlerimizden kän, eşidenlerimize ynanýas. Gybat etmegi gowy görýäris.
Gadyr bilemzok, köplenç söýmeli ýerimizde göwne degýäris, ýürekleri döwýäris. Elimizdäki bilen kaýyl bolmagy bilmän, elimizdäkiň gadyryny ýitirenimizde bilýäris. Ilkinji pursatda has berk düwün etmegiň ýerine, hemme zady has inçe ýerinde...

Dowamy »

860 2
Bilim, 2 years ago


Meň deňze gidesim gelýär...

Meň deňze gidesim gelýär
Şatlansam ýa ynjadygym.
Kenarynda dyzym epip,
Duýasym gelýär özümiň
Deňizden bir damjadygym.

Meň deňze gidesim gelýär
Duýmak üçin deňizleriň
Bu durmuşa meňzeşligni...
Tolkunlaň ötegçiligne
Kenarlaryň werzişligni.

Meň deňze gidesim gelýär...

Dowamy »

810 13
Bilim, 2 years ago


Töhmet atmak—öz üstüňdäki hapany, üstü tämiz adama bulaşdyrmaga synanyşmakdyr.

Diýeli siz sosýal bir gurşawda. Ýanyňyza ýüzüni görmägede çydamaýan, halamaýan adamyňyz gelýär. Size salam berýär. Siz şonda näme ederdiňiz? 
Belki bir sowuk bir şekilde Salam berersiňiz… 
Belki, ýüzünede bakmarsyňyz…
Gürleşmek islemän bilersiňiz.
 Ýa-da rol oýnarsyňyz. Gysga jogaplar bilen başyňyzdan aýlajak bolarsyňyz. Emma ol ýerdedigini bilip k...

Dowamy »

1350 13
Bilim, 3 years ago


Başgalaryna käýinşiň ýaly özüňe käýin, özüňi bagyşlaýşyň ýaly başgalary bagyşla.

Professor içi doly stakany elinde tutup sapaga başlady. Hemmeleriň göräýjegi ýaly tutýardy we soňra sorag berdi:
“Bu stakanyň agramy näçe siziň pikiriňizçe?”
Talyplaryň biri 50 gram, biri 100 gram, ýene biri 125 gram diýip jogap berdi.
Professor “stakanyň agyrlygyny ölçäp görmesem, menem bilemok” diýdi. “Emma meniň soragym şu,...

Dowamy »

955 3
Bilim, 3 years ago


Ot (alaw) näçe güýçli bolsa hem, ony ýygy-ýygydan gorjap durmasaň, sönmek bilen bolýar...

-Ot bir gezek ýanyp başlansoň, seniň gözegçiligiňden çykan ýaly bolar, unutma, öz ugruna goýberilen alaw şertler dogry bolsa, birnäçe wagt ýanar, emma gysga wagtda ýakyp biljeklerini ýakyp sönmäge başlar. Alawyň ilkinji häsiýeti ýaýramak bolsa, iň soňky häsiýeti hem ýok bolmakdyr… Şonuň üçin ol ody “iýmitlendirmeli”. Wagtynda ýerine täze ýanjak odu...

Dowamy »

1044 8
Bilim, 3 years ago


Kerbela çölüne dönen gursakda-Şehit ölen söýgiň mazary ýatyr.

Ýalňyzlyk barada ballada

Belki, seň boýnuňda ol beýik ýazyk,
Düşünýäň,
Ökünýäñ,
Ýüzüñem aşak...
Belki, meň ýalňyşym kükregmi ýaryp,
Durun huzuryňda ýeňsämi gaşap...

Bu ne ýalňyz hasrat,
Bu ne täk düwün?
Eýsem bu gün gözlemekmi kärimiz?
Ine, bildigem-dä kimiň päkd...

Dowamy »

787 1
Bilim, 3 years ago


Näme ýazygy bar?


Ýok, ýaşyrjak bolup meýilem etme,
Men muny bilýärin,
Öňdenem aňýan.
Emma özüm çekip gam kerwenini,
Başarsam,
Bu hakda agzaman oňýan.

Belki, erkim alan ala gözleriň,
Gaharymyň öňüne böwet basýandyr.
Belki, bize - diýän - daşardan biri,
Bägüle bukulyp,
Gulak asýandy...

Dowamy »

777 1
Bilim, 3 years ago


BAGT-NIRWANA

Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ "bagt näme diýseler, pul...

Dowamy »

904 3
Bilim, 3 years ago


Duýgudaşlyk

Aýdymyň sesini eştmeýänler tans edýänlere dälidir öýderler.
Friedrich Nietzsche

Nietzscheniň bu sözüni köpüňiz eşiden bolsaňyz gerek. Aslynda durmuşda her adam özüne mahsus aýdymy diňläp özüne mahsus tansy ýerine ýetirýär. Hiç birimiziň diňleýän aýdymymyz deň däl, bardy-geldi meňzeş aýdymy diňläýen ýagdaýymyzda-da bu aýdymlary...

Dowamy »

818 1
Bilim, 3 years ago


Başgalaryň hereketi biziň pikirimiz

Ýaş çatynjalar täze satyn alan öýüne göçüp gelýärler. Olar irden ertirlik edinip oturkalar, goňşysy eşik serip ýören eken. Şonda gelin ýanýoldaşyna garap:
– Goňşular eşikleri gowy ýuwmandyr ýa-da gowy tämizleýji serişde ulanmandyr – diýýär. Ýanýoldaşy ilki goňşysynyň seren eşiklerini, soňam gelnini synlap, sesini çykarman ertirlik edinmegini...

Dowamy »

838 2
Bilim, 3 years ago


Durmuşy kynlaşdyrmalyň!

Maňa ykbaldan düşen paýyň saýasynda köp adamlaryň durmuşyndan bir bölek almaga mümkinçiligim boldy. Bu diýdigim, ýakynlarymyň (we käte bir sebäp bilen işi düşenleriň) käbir soraglarda ýüz tutmaklary ýa maslahat soramaklary, maňa başgalaryň durmuşyndan bir bölegine bitarap synçy hökmünde analiz etmäge mümkinçilik berýärdi.
Her kimiň durmuşyny...

Dowamy »

867 10
Bilim, 3 years ago


Hatyma garaşma…

Hatyma garaşma şu günden beýläk!
Ýürek siňmez eken hat diýen zada.
Ýüregmiň içinde lowlap duran ot
Hata geçse, öçüp gidýär şo bada.

Göýä ol hatlary
                         öz elim däl-de,
Keseki ýazýan dek meniň deregme,
Hem-ä senden,
                        hem özümden utanýan
...

Dowamy »

788 1
Bilim, 3 years ago


Heý bir geçermikä ýürek gysmasy?!

Göwnüme bolmasa adamlar kem-kem,
Ozalky bolşundan kiçelip barýar,
Adam däller bolsa gün geçdik saýy,
Öňküsünden hasam goçalyp barýar.

Göwnüme bolmasa iýýän tagamlam,
Indi öňküsi deý süýji gelenok,
Obada bir başlyk saýladyk welin,
Gohy gelýä yöne güýji gelenok.

Göwnüme bolmasa...

Dowamy »

820 9
Bilim, 3 years ago


***

Bize - näme üçin biziñ özümiz däl-de, saýrylar baha bermeli? Bizi - näme üçin biz seljermeli, öwrenmeli, kemçiligimizi bilmeli (hem düzetmeli) däl-de, kese ýerliler tanamaly, öwrenmeli? Ýene aýyn bolmasa, ösen ýurtlara, olaryñ ylmyna, medeniýetine, edebiýatyna, ösen tehnologiýasyna gözügidijilik bilen sereden bolýarys, olaryñ bize beren bahasyna be...

Dowamy »

1056 27
Bilim, 3 years ago