Essalowmaleykim hormatly talyplar, "talyplar" =) gurgunmysyňz, jan-saglyk, eýleki beýlekiler? ýagdaýyňz gowudyr dp umyt edýän... =) temaň adyndanam belli bolşy ýaly futbol hakda. futbol duşuşygymyz hakda. miras agamyz 4nji gün agentda ýazyp gidipdir: "(meniň adym =) ) bazar gün top oýnamakçy. arymyzy almasak men eýýäm näçe aý bäri özüme gelip bilemok, utup meni özüme getiriň. deňsiz taýsyz hüjümçimz leonardoony hem ýatdan çykarma, saňa tabşyrýan şona kelläň bilen jogap berýäň" diýdi. Menem köşeşdirjek bolýan, bolar ýaly däl. ahyrsoňy Leonardoo ýagdaýy düşündrdm, gynandy. öz aladalary bn başagaýdy. öz razylygyny berdi. öz dostum, kursdaşm Hezretli agama hem ýagdaýy düşündrdm. (indi menden 2 adam zawisit) ...şeýdp jemlenşdik. arzyly gün hem ýetip geldi. oýunçylaryň ýarysy gijä galyp geldi. onam öz peýdamyza ulandyk diýsem ýalňyşmazmykam öýdýän. match 14-00 başlamalydy 14-30 dagyn başlaýdy öýdýän. biziň sostawmz jemlendi: ata aga, men, mirasymyz, garypjan, leonardoo, tmtugyň jigisi meýlis,adalatly ,hezretli, broker, (soň ata aga ýene 2 sany gowja oýnaýan oýunçy getirdi)... olaň sostawy hem güýçli. öňki utan sostawy: mgazak,gudrat, chemical man, kerim dp 1 oglan,andy roddick, nitrogen, goool, generalissimus. şeýleräkdi öýdýän. formasiamyz: men hezretli- ata aga- (dayow oyuncy) mirasymyz-garypjan-meýlis leonardo- (bet oyunçy) olanky: mgazak gudrat-roddik-goool kerim-chemical man-generalissimus yene biri bolmaly olar matçyň başyny gow başlady. ýöne oýnuň keýpi eýýäm 3-0 dan başlapdy. (olaň peýdasyna) hezretli gelip, zaşitamyza kömek etdi. + ata aga hem 2 super dayowja oyunçy akeldi. men warot durup başladm (adalatlyny zamen etdm). olar soň oynuny contrataka yasap ugradylar ýöne biziň zaşitamyz gitdigiçe bekedi. top bizde boldy köplenç. olaram topsyz ylgap ýadadylar. meniň bar aladam zaşitniklarma "gyzyly sakla! (gyzyl eşikli köpdi olarda =) )" , "gyzyl gitdi!", "gyzyl yzyňda!" dp gygyrp control etmek boldy.... 3-0 dan 4-3e öwürdik. soň 5-3, 6-3, 7-5, 8-5, 9-6...ahyr 12-6 boldy. ata aga (cannavaromyz) 11 metrlik jerime urgyny dürs ýerine ýetirdi. hüjümçimiz leonardo 5-6 gool salyşdy (1topar momenti bolupdy ýöne). 12nji goly saldygam oýnuň wagty gutardy. öňkide 12-6 utulypdyk, bu gezek biz 12-6 utdyk... oýnanyňa, göreniňe degýän oýun boldy. oýun gutaransoň, žurnalisler ertir comyň oýunçylarnyň daşyna üýşipdi =D utulanyňzy näme bn düşündrýäňz dp ... =) sagbollaşdyk. yene duşuşmagy makullaşdyk. hezil oýun boldy. şu gün "turkmen sporty" teleýaýlymynda 23-00da gaýtalap görkezjekdir. göreniňze ökünmersiňz =) hoşuň onda. =) saglykda duşuşalyň =)

Köneler, Bravo tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir