ÝÜP hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

ÝÜP
Hekaýa

Keşde çekilip, gaýma gaýalýan, kiriş ýaly sapak däl bi.
Bilek ýogynlygyndaky uly tanap hem däl. Tanapdan inçe.
Göze görnen gyzyň örüm saçyndan hem inçe. Çen bilen
orta ýaşly adamyň başam barmagyndan-a inçeräk,
külembikesindenem ýogynyrak, adaty bir ýüp. Munuň
deregi ýüpek, ýüň...

Dowamy »

1126 6
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

ÜLEŞIK hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

ÜLEŞIK hekaýa


Bir gün gijara ýanyma dostum Sahy geldi.
– Dost, köne şaý-sep satýan tanyş-bilşiň ýokmy? –
diýip, ol öýe girmän, aýak üstünden habaryny berdi.
– Saňa gerek bolsa, tapylmajak zat bolmaz, gardaş –
diýip, men onuň tüýs göwnünden turaýjak jogaby berdim.
Sebäbi hakykatdan hem meniň...

Dowamy »

1123 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Pähimler 2

MENANDRYŇ PÄHIMLERI (ikinji bölümi)

Garyplygy ýigrenme. Ynsanyň juda pese gaçan mahaly bolýar, onuň haçandyr bir wagt aýak üstüne galjakdygyna ynam edilmeýän pursady bolýar. Birdenem ykbal ony örän belende göterýär, şonda ähli kişi oňa hormat goýup ugraýar. Baýlygam garyplyk ýaly ebedilik däldir.

Eger-de, öýlenmekçi...

Dowamy »

1102 1
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Pähimler 1

MENANDRYŇ PÄHIMLERI. (Birinji bölümi)
(Menandr biziň eramyzdan ozalky 343—291-nji ýyllarda ýaşan).


Akyldar Menandr şeý diýipdir:
Ata-eneňe sarpa goý. Gojalygy ýaňsylama— çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr.
Özüňden ulyny syla, şeýtseň soň saňa-da hormat ederler.

Gandarlyk etme. Hiç haça...

Dowamy »

1096 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Bugdaý

Bugdaý

Reň açar hoş saýaly,
Seniň ysyň hoşdan, bugdaý;
Ekip emele getiren
Kimdir seni başdan, bugdaý?

Ujallap peliň başyna,
Tohum goýbermän daşyna,
Berk tutup, ýaby goşuna
Günde ekdim üçden, bugdaý.

Daş ýanyndan malyn güýdüp,
Gatnawyň kän gelip-gidip,

Dowamy »

974 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Ýazyrhanyň gyzy

Ýazyrhanyň gyzy

Bizi görüp, gülkä başlar,
Gülsün ýazyrhanyň gyzy;
Ak gollaryn sala-sala,
Gelsin ýazyrhanyň gyzy.

Dost tapylar golda bara,
Başa ýüpek mahmal büre,
Hanjar alyp, bagrym para
Dilsin ýazyrhanyň gyzy.

Gaýna, ýüregim gaýnap joş,
Ak ýüzde bardyr ga...

Dowamy »

983 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Güýz gunçalary (hekaýa)

GÜÝZ GUNÇALARY
(Hekaýa)
Sazçylyk mekdebiniň soňky synpynda okaýan Ýagmyr bu gün ejesiniň gözüne has
mährem görünenini, ejesiniň içinden „Gözden-dilden gorasyn“ diýenini nireden
bilsin?!
Heniz hökümini doly ýöredip başlamadyk güýzüň ýyly günleriniň biridi. Ýagmyr
irden turup bägülleriniň bu ýyl iň soňky,...

Dowamy »

1054 4
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Ussat Saragt Babaýewiň eserlerine..

Gudrata öwürüp eden işini,
Her eseriň, täsin dünýäsi bilen.
Göýä jan beripdir mele toprakdan..
Sungat diýen jady:ň hemlesi bilen.

Heýkeller bir syry gizleýän ýaly,
Imrindigiň saýy açylýar sergi,
Ussadyň erkine haýran galmaly,
Çünki her düwünde ekipdir söýgi!

Belki bu sungatda,...

Dowamy »

1075 0
Edebiýat, Berdi T tarapyndan 4 years ago

Oýlanma(Sensiz setirler)

Sensiz setirler (Oýlanma)

Sensiz bolmaz diýilýärä bilýäňmi?
Ol söz sen bolmasaň, bu dünýeden giderin diýmekligi aňlatmaýar,.

Sensiz günlerim agyr geçer, Ir bilen oýanýan, ýöne öňkiler ýaly ýüregimde gopgun ýok. Häzir sms ýa-da senden jaň geler diýen umyt ýok. Näme boldygymy sensiz bul,. Işe barýaryn abet wagty...

Dowamy »

1296 2
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 years ago

Ernest Hemingueý barada

(1899-1961)

Amerikan ýazyjylarynyň içinde Ernest Hemingueýiň döredijiligi aýratyn orun eýeleýär. Onuň eserleri Amerikanyň we Ýewropanyň ýazyjylarynyň döredijiligine XX asyrda uly täsirini ýetirýär.
Ernest Miller Hemingueý 1899-njy ýylyň 21-nji iýulynda Çikagonyň golaýynda ýerleşen Illinoýs ştatynyň Ouk Park şäherçesinde enede...

Dowamy »

1476 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

Antuan de Sent-Ekzýuperi barada

(1900-1944)

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň döredijiligi XX asyr fransuz edebiýatynda aýratyn bir üýtgeşik, özboluşly orun tutýar, çünki ol ýaşlykdan ýazyjy bolmaga ymtylmadyk hem bolsa, soňra durmuşyň jümmüşine aralaşdygyça onuň gören-eşiden zatlary, oýlanmalary, adamkärçilik, ynsan durmuşynyň manysy baradaky gumanistik pikirleri onuň f...

Dowamy »

1432 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

Getirer

Ýanaşmagyn dek otura,
Duşarsyň bela-betere,
Gyz berseň bozuk hatara,
Obasyna jeň getirer.

Aýak ile baş bolanda,
Akyllylar ýaş bolanda,
Iki azan duş bolanda,
Buz üstünde çaň getirer.

Mätäji, gez öwüt bile,
Abraý alawer at bile,
Bagşylar ýüpek, tut bile
Bilbi...

Dowamy »

1082 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Är biläni

Är biläni

Daýyma müşgül kuşatdyr,
Işiň düşse är biläni;
Mydam ömrüň hoş geçirgin,
Gadryň bilen ýar biläni,

Aždar kimin owsun ursa,
Ganym garşysynda dursa,
Ar üçin çapyp, jan berse,
Gabry dolar nur biläni.

Magrupdan maşrykga gelse,
Başyn ýüz gowgaga salsa,<...

Dowamy »

1080 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Jek London barada

(1876–1916)

Jek Londonyň döredijiligi amerikan edebiýatynda täze temalary açyp görkezip, öňki edebiýatyň ynsanperwerlik ruhuny, däplerini dowam edýär.
Jek London 1876-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Kaliforniýa ştatynyň San Fransisko şäherinde eneden dogulýar. Onuň ejesi Flora Wellman entek göwrelikä onuň adamsy, astrologiýa-müne...

Dowamy »

1621 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

PUL DIÝENIŇ ELIŇ KIRIDIR

Pul diýeniň eliň kiri ýalydyr,
Bir gün el ýuwarsyň, gider diýdiler.
Pul diýeniň dünýäň mekru-alydyr,
Azaşdyryp, pida eder diýdiler.

Pul gezegen gelin ýaly diýdiler,
Haýyp bolar hallan atyp gözläniň.
Bu gün seni beýhuş edip söýdürer,
Ertir goltugyndan çykar özgäniň.

Pul...

Dowamy »

1579 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

Syke (dali) - bular

Ýok men üýtgemerin,
Aslynda hiçzadam bolmaz biraz üýtgesem


Etsin daşymdakylar ýalançy gülküsin
Goý ýüzüme ýylgyransoň arkamdan gürlesin
Bulaňa köpsi şonýaly
Bular düşünenok nädip bularsyz oňýanym
Bular doňmasa gürlemäge gepem tapanok
Iki sözi baglamaga sepem tapanok
Bulaň bary...

Dowamy »

1410 1
Edebiýat, (shyh)sho men tarapyndan 4 years ago

Mark Twen barada

(1835-1910)

Mark Twen (hakyky ady Semýuel Lenghorn Klemens) 1835‑nji ýylda Missuri ştatynyň Florida diýen ýerinde eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary kiçijik Gannibal şäherçesinde, Amerikanyň uly derýalarynyň biri bolan Missisipiniň kenarlarynda geçýär. Şol derýanyň boýlarynda bolan wakalar Mark Tweniň birnäçe eserlerinde öz beýany...

Dowamy »

1489 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

Jozef Redýard Kipling barada

(1865-1936)

Jozef Redýard Kiplingiň döredijiligi neoromantizmiň «hereket edebiýaty» diýen ugruna degişlidir. Öz eserleri üçin J.R.Kipling 1907-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolýar.
Kipling 1865-nji ýylda Bombeý şäherinde muzeý işgäriniň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy suratkeş we heýkeltaraş bolupdyr. Redýard Ki...

Dowamy »

1397 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

Stiwensonyň Hazynalar adasy romany

Robert Luis Stiwensonyň romanlary örän syrly, gyzykly başdangeçirmeleri beýan edip, ilkinji sahypalardan okyjyny özüne çekýär. «Hazynalar adasy» romany hem şeýle syrly wakalardan başlanýar. Bu wakalary ýaş ýetginjek Jim Hokins gürrüň berýär: «Skwaýr 1 Treloni, doktor Liwsi hem beýleki jentlmenler menden «Hazynalar adasy» hakda ähli bilýänlerimi ýaz...

Dowamy »

1326 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago

Robert Luis Stiwenson barada

(1850-1894)

Neoromantizm akymynyň iň görnükli wekilleriniň bir bolan Robert Luis Stiwenson 1850-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Şotlandiýanyň Edinburg şäherinde eneden dogulýar. Onuň kakasy maýak gurluşygy boýunça inžener bolupdyr. Stiwensonyň özi hem okap, inženerçilik hünärini ele alýar. Stiwenson ýaşlygynda inçekesel bilen keselläp, k...

Dowamy »

1124 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago