GÜÝZ GUNÇALARY
(Hekaýa)
Sazçylyk mekdebiniň soňky synpynda okaýan Ýagmyr bu gün ejesiniň gözüne has
mährem görünenini, ejesiniň içinden „Gözden-dilden gorasyn“ diýenini nireden
bilsin?!
Heniz hökümini doly ýöredip başlamadyk güýzüň ýyly günleriniň biridi. Ýagmyr
irden turup bägülleriniň bu ýyl iň soňky, açylsam-açylsam diýip duran gunçalaryna
başgaça seretdi. Ruhunda üýtgeşik duýgy oýanyp, ýaňy ýigrimi ýaşan ýaş kalby
terpenen ýaly boldy. Öýe girende nädip pioninosynyň gapagyny açanyny bilmän
galdy. Barmaklarynyň öz-özi, sähelçe-de agram görmän „Dutaryň owazyny“
çalmaga başlady. Ir bilen pioninosynyň başyna geçmek endigi onda okuwa gireli
bäri bardy. Ýöne bu gün bar zat başgaçady. Saz çalyşam başgady.
Adatdakysy ýaly ejesi oglunyň ertirligini taýýar edip, saçagy ýazypdy. Nartäç
daýza oglunyň sowatman çaýyny içenini hernäçe islese-de, sazyň gutararyna
garaşdy. Garaşa-garaşa ahyry sazlaryň arasyna düşen sähel böwşeňlikden
peýdalanyp beýleki otagdan: „Ýagmyr, çaýyňy demländirin“ diýip seslendi.
Ejesiniň sesine sazynyň dünýesinden çykan Ýagmyr çalmasyny goýdy. Emaý bilen
pioninosynyň gapagyny ýapyp, ertirlik edinmek üçin aşhana geçdi.
Ýagmyryň ertirlik edinşi beýleki doganlarynyňky ýaly howul-hara däldi. Oglunyň
käsesine guýunýan çaýynyň sesine çenli beýleki otagda eşidip otyran ejesi başga
günlerde bahana tapsa onuň ýanyna barardy. Dogrusy, bahanasyz baranda-da öz
ogly, üstesine-de ejesini görse, ony begendirjek gürrüňleri tapagan ogly! Bu gün
welin ol Ýagmyry aşa ezizlemekden, öz gözüniň degerindenem çekinip beýleki
otagda otyrdy. Ol mydamam öz islegini däl, oglunyň göwnüni öňde goýardy. „Çaý
içip oturanam bolsa, pikiri sazyndadyr, gowusy azar bermäýin“ diýip içini gepletdi,
diňe oňa diňşirgenip, aşhanadan eşidilýän her şykyrdydan ogluny göz öňünde
janlandyryp oňdy.
Ýagmyr ertirlik edinip bolansoň, okuwyna gitmek üçin geýindi. Gutardyş
synpynda bolansoň okuwa ol kä ir, kä giç giderdi. Ejesi muny anyklamagy
bahanalap oglunyň ýanyna bardy.
- Bu gün ir gitmelimidiň?
- Synpdaşlarymdan görmelim bar, şo taýdanam sapaga baraýjak. Eje kakamyň
üzüm gyrykýan gaýçysy niredekä?
- Ony näme etjek? Bolmaly.
Nartäç daýza derrew gaýçyny tapyp getirdi. Ýagmyr gaýçyny biraz çekinibiräk
aldy-da:
- Eje, güllerden okuwa äkidäýjek? – diýdi.
- Äkidäý, oglum. Tikeninden seresap bol.

Dowamy teswirlerde…

Awtory: Ylýas Amangeldi.

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir