Bugdaý

Reň açar hoş saýaly,
Seniň ysyň hoşdan, bugdaý;
Ekip emele getiren
Kimdir seni başdan, bugdaý?

Ujallap peliň başyna,
Tohum goýbermän daşyna,
Berk tutup, ýaby goşuna
Günde ekdim üçden, bugdaý.

Daş ýanyndan malyn güýdüp,
Gatnawyň kän gelip-gidip,
Elmydam enjamyň edip,
Suw berer men keşden, bugdaý.

Ýatma sowuk-aýaz görüp.
Çüýremez düýbüň suw urup,
Ne ýatyp sen penjäň gerip?
Düýp almagyň gyşdan, bugdaý.

Baran ýagar düýbüň ezip,
Göwnüm seýran eder gezip,
Bäş hanadan başyň düwüp,
Gök salar sen daşdan, bugdaý.

Ýapraklaryň lerzanadyr,
Aslyň seniň dür dänedir
Her bir başyň bäş hanadyr,
Towzaň bir garyşdan, bugdaý.

Emgegiň ýok paýdar-paýa,
Sen barkaň, san ýok arpaýa,
Bäş batmany bir urpyýa,
Ýylda nyrhyň başdan, bugdaý.

Mätäji diýr, dünýä genji,
Ýedi aý daýhan guwanjy,
Ýagşy diýrler mäş, bürünji,
Kem dälsiň hiç aşdan, bugdaý.

Annagylyç Mätäji

Bozan barmy?

Habar beriň, eý ýaranlar,
Ýazylany bozan barmy?
Söwdüginden aýrylanlar,
Pyrkatyna dözen barmy?

Aşyklar gaçmaz adyndan,
Ýatmaz iller perýadyndan,
Perhat kimin yşk odundan
Gara dagy gazan barmy?

Gähi-gähi gaýnap joşup,
Kaknus kibi köýüp-bişip,
Ýary bilen başyn goşup,
Hemdem bolup gezen barmy?

Altmyşdan agansoň saly,
Galmaz köňlünde hyýaly,
Diýr Mätäji, meniň ýaly,
Ýardan köňlün üzen barmy?

Annagylyç Mätäji

Zülpüň seniň

Aldymdan aý dek peri,
Çykar gara zülpüň seniň.
Aýnynda yşkyň hanjary,
Kakar gara zülpüň seniň.

Dendany dür, lebi hurma,
Ýene duman geldi serme,
Ala göze gara sürme
Çeker, gara zülpüň seniň.

Bilmenem humaýmy, laçyn,
Ogryn gözlär göwnüm üçin,
Ör boýundan ören saçyň,
Döker gara zülpuň seniň.

Ger geçseň golaý ýanyndan,
Müşk ysy geler donundan,
Zülpleri zenehdanyndan
Böker gara zülpüň seniň.

Bir gowgaýa galdy başym,
Dynman akar gözde ýaşym,
Mätäji diýr, aldy huşum,
Ýakar gara zülpüň seniň.


Annagylyç Mätäji

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir