Är biläni

Daýyma müşgül kuşatdyr,
Işiň düşse är biläni;
Mydam ömrüň hoş geçirgin,
Gadryň bilen ýar biläni,

Aždar kimin owsun ursa,
Ganym garşysynda dursa,
Ar üçin çapyp, jan berse,
Gabry dolar nur biläni.

Magrupdan maşrykga gelse,
Başyn ýüz gowgaga salsa,
Ýigidiň ryzky kem bolsa,
Alabilmez zor biläni.

Her kim haýyr-yhsan kylsa,
Birniň ýerne ony gelse,
Zynhar toý-tasaddyk bolsa,
Oturmagyn kör biläni.

Eňkamsyz nalaç durandan,
Namarda boýun burandan,
Hasratly ömür sürenden,
Ýatsaň ýegdir gör biläni.

Akmak öz aklyna gider,
Sözüň ýetmez, raýyň gaýdar,
«It doýsa, ogurlyk eder»,
Düze gaçar ir biläni.

Özüň düzet, Mätäji, sen,
Gelse döwlet, diýmegin «men»,
Towfyk almasan-da herçen,
Hemsöhbet bol pir biläni.

Annagylyç Mätäji

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir