Robert Luis Stiwensonyň romanlary örän syrly, gyzykly başdangeçirmeleri beýan edip, ilkinji sahypalardan okyjyny özüne çekýär. «Hazynalar adasy» romany hem şeýle syrly wakalardan başlanýar. Bu wakalary ýaş ýetginjek Jim Hokins gürrüň berýär: «Skwaýr 1 Treloni, doktor Liwsi hem beýleki jentlmenler menden «Hazynalar adasy» hakda ähli bilýänlerimi ýazmagy haýyş etdiler. Olar menden adanyň diňe geografik ýagdaýyndan beýleki ähli wakalaryny hiç zady ýaşyrmazdan, bassyr-ýussursyz, başdan-aýak gürrüň bermegimi isleýärler. Ol adanyň nirede ýerleşýändigini görkezmek häzir hem mümkin däl, sebäbi o taýda entägem biziň alyp gaýtmadyk hazynalarymyz saklanýar» diýip başlanýan roman deňiz galtamanlarynyň bir adada gömlen hazyna sebäpli «kapitan» lakamly Billi Bons atly deňizçi-garakçyny yzarlaýyşlary örän dartgynly, syrly wakalar bilen baglanyşdyrylyp beýän edilýär.
Şol «kapitanyň» aradan çykmagyndan soň onuň sandygyndan tapylan karta ýaş ýetginjek Jim Hokinsiň eline düşýär. Şol kartada deňiz garakçylarynyň meşhur kapitany Flintiň hazynasynyň gömlen adasynyň ýerleşýän ýeri görkezilipdir. Kartanyň yzyndan garakçylaryň geljekdigini aňan Jim Hokins we onuň ejesi şol kartany alyp gaçýarlar. Soňra Jimiň dostlary skwaýr Treloni, doktor Liwsi, kapitan Smollet ýörite gämi tutup, bu hazynanyň gözlegine çykýarlar. Ýöne olaryň garşysyna öňki deňiz galtamanlary «Gara köpek», Izrael Hends, «Gyzyl telpekli», Enderson, Jorj Merri, olaryň baştutany agsak Jon Silwer dagy hereket edýärler.
Ýazyjy romanda päk ýürekli, gowy adamlaryň tarapynda durup, jenaýatçy galtamanlary şeriň, ýamanlygyň güýçleri hökmünde suratlandyrýar.
Neoromantizme degişli eserlere mahsus bolşy ýaly, bu romanyň wakalary Angliýadan uzakda, adamlaryň seýrek barýan ýerlerinde bolup geçýär. Eserde gahrymanlaryň esasy maksatlary hazynany ele salmak, pul, altyn ýaly bolup görünse-de, ýazyjy ýagşylygyň we ýamanlygyň tarapynda duran adamlaryň göreşini suratlandyrýar hemde batyr, dostluga wepaly, rehimdar we adamkärçilikli adamlaryň tarapynda çykyş edýär. Batyr we akyl-paýhasly kapitan Smollet, päk ýürekli ýetginjek Jim we onuň wepaly dostlary betniýetli garakçylardan üstün çykýarlar.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir