Ýazyrhanyň gyzy

Bizi görüp, gülkä başlar,
Gülsün ýazyrhanyň gyzy;
Ak gollaryn sala-sala,
Gelsin ýazyrhanyň gyzy.

Dost tapylar golda bara,
Başa ýüpek mahmal büre,
Hanjar alyp, bagrym para
Dilsin ýazyrhanyň gyzy.

Gaýna, ýüregim gaýnap joş,
Ak ýüzde bardyr galam gaş,
Meniň bilen haýr-u şer iş
Kylsyn ýazyrhanyň gyzy.

Mätäji diýr, gaýnap joşdum,
Ýar derdinden ýanyp-bişdim,
Men bir güýçli derde duşdum,
Bilsin ýazyrhanyň gyzy.

Annagylyç Mätäji

Bilen barmy?

Eý ýaranlar, halaýyklar,
Bu derdimden bilen barmy?
Yşkyň ody ýaman janlar,
Garyp köňlüm alan barmy?

Ir düşüpdir gyşyň, ýazyň,
Sonaly ördekli gazyň,
Hally bilen Aman gyzyň
Obasyndan gelen barmy?

Ak ýüzünde haly kiçi,
Syýadan garadyr saçy,
Şu oturan uly-kiçi,
Bu sözümde ýalan barmy?

Jerenim awlatdym düzden,
Ganly ýaşym akar gözden,
Heý habaryň barmy bizden,
Gara bagrym dilen barmy?

Gerdeniňde biten güller,
Gyldan näzik inçe biller,
Bilezikli ap-ak gollar,
Dolap goýna salan barmy?

Mätäji diýr, boldum geda,
Ýar ýolunda janym pida,
Ahyrynda berse Huda,
Söwdügini alan barmy?

Annagylyç Mätäji

Saçyň

Mübärek jemalyň gördüm,
Huşum aldy belli saçyň;
Görgejin bitakat erdim,
Älhepus, saýhally saçyň.

Eşiden görmäge zardyr.
Köýüňde köýgen bimardyr,
Sala gulaç boýy bardyr,
Dört barmakdan inli saçyň.

Oýanyp gijäniň ýary,
Eşit meniň ahy-zary,
Pakyr-bende hyrydary
Ger berilse pully saçyň.

Her tary zilden çekilen,
Otursa ýerge dökülen,
Müşk bilen anbar sepilen,
Düzüm-düzüm gülli saçyň.

Sen garasaň özge bir ýan,
Aýnymdan ab akar girýan,
Tolgunyp ýüzüňde her ýan,
Bilmen ne hyýally saçyň.

Ger guşansaň zerli kemer,
Danyşsaň dilden bal damar,
Gyrmyzy bag, kümüş tumar,
Tylladan heýkelli saçyň.

Men bir saýýat, sen bir jeren.
Ýele garşy sogup baran,
Mätäjige owsun uran,
Apy ýylan hilli saçyň.

Annagylyç Mätäji

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir