ÜLEŞIK hekaýa


Bir gün gijara ýanyma dostum Sahy geldi.
– Dost, köne şaý-sep satýan tanyş-bilşiň ýokmy? –
diýip, ol öýe girmän, aýak üstünden habaryny berdi.
– Saňa gerek bolsa, tapylmajak zat bolmaz, gardaş –
diýip, men onuň tüýs göwnünden turaýjak jogaby berdim.
Sebäbi hakykatdan hem meniň köne şaý-sepler bilen iş
salyşýan bir tanşym bardy.
– Ähä! Şeýtsene, tapsana! – diýip, Sahy ýyrş-ýyrş etdi.
– Nämä gerek ol?
– Maň-a gerek zady ýok. O zatlardan başymam
çykanok. Ýöne bir myhmanym bar. Şaý-sepiň ölemen
hyrydary. Pullyja özem. Şu wagt öýde garaşyp otyr.
– Onsoň nememi, ikimize näme peýda bar bu
söwdadan?
– Ikimizemi? Gözleýän zadyny tapyp bersek, ýüz müň
manat berjek diýýä.
– Aý, ýog-a! Beýle bolsa, ýör onda. Ýöne ulag gerek
bolar. Barmaly ýerimiz ýakyn däl.
– Weý, Hatamyň iňňeden çykma, gopuz ýaly, täzeje
ulagy bar-a. Şoňa äkit diýeris.
Dostumyz Hatamyňka bardyk. Ýagdaýy aýtdyk.
– Hmm, bäh-h... – diýip, ol ellerini owkalaşdyrdy. – O
ýüz müň manada menem şärik edýäňizmi onsoň?
– Bolýa. Senem bir paý edäýeris – diýip, Sahy ikimiz
ylalaşdyk
Gitdik. Ýüzugra Sahynyň myhmanyny alyp, meniň
köne şaý-sepleri satýan tanşymyňka ugradyk. Barsak,
tanşym tirseginiň aşagyna per ýassygy çekip, keserip,
derläp, çaý süzüp ýatan ekeni. Bir käse çaý içýänçäk
Sahynyň myhmany bilen meniň tanşymyň gepi-sözi alyşdy
ötägitdi. Myhman möhümini mälim etdi, tanşym
sandygyndan hülle ýaglyga düwülgi şaý-sepleri çykaryp
görkezdi. El uruşdylar, söwda etdiler, hasaplaşdylar.
Turduk. Gaýtdyk.
Söwdasy küşat müşderi wada eden ýüz müň
manadyny Saha gowşuransoň, öýüne gaýdarman boldy.
Ony hormat bilen ýola salyp, ugratdyk. Soň biziň öýümize
geldik. Ulagdan düşüp:
– Içeri gireliň! – diýip mürähet etdim.
– Indi giç boldy. Içeri girip oturmarys – diýip, Hatam
aýtdy.
– Peýdamyzy şu ýerdejik paýlaşalyň. Soň her kim öýli-
öýüne! – diýip Sahy teklip etdi.
Daşky çyranyň ýagtysyna puly paýlaşmaga durduk.
– Iki sanymyza otuz bäş müňden, birimize-de otuz
müňden ýetýär – diýip, Sahy sesini sandyradyp aýtdy.
Men bada-bat:
– Şo iki otuz bäş müňüň biri meňki – diýip
öňürtiledim. – Şaý-sepi tapan men.
– Onda beýleki otuz bäş müňem men almaly bolýan.
Sebäbi müşderi meňki – diýip, Sahy Hatama köpmanyly
garady. Onuň garaýyşyndan “Sen otuz müň alsaňam
bolýar” diýen manyny okap, Hatam:
– Duruň, duruň! – diýip, aljyrap ellerini galgatdy. – Şo
ýüz müň manady biz üç bolup paýlaşmaly dälmi? Deň-
derman bölüşmeli dälmi? Öňünden gepleşdig-ä. Sahy ikimiz “Howwa-da, howwa” boluşdyk. Hatam
barmak büküp, hasap etmäge başlady.
– Ýüz müň manady ylaýyk üç-ä bölüp bolanok. Ony
üçe üleşdirjek bolsak, herimize otuz üç müň üç ýüz otuz üç
manatdan ýetýär. Bir manadam kesir galýar. Dogrumy?
– Dogry welin, hany, olar ýaly ownuk pul barmy? Iň
maýda pulumyz bäş müňlük – diýip, Sahy ýatlatdy.
– Onda hasabyny çykaryň. Deňje bölüşeliň-dä.
– Dostum Hatam! Şu söwdaň esasy sebäpkäri men.
Myhman meňki. Eýse, şo müşderi bolmadyk bolsa, şujagaz
pula ýüzüňiz düşermidi? – diýip, Sahy özüni mazamlady.
Onuň bu gürrüňine gaharym gelip:
– Gardaşym Sahy! – diýdim. – Müşderiňe dawam ýok.
Ýöne harydy tapyp beren kim? Haryt tapyp bilmeseň, müň
sany müşderiň bolanda nä peýda?
– Dostlar, beýtmäliň-le muny! Ulag gerek diýdiňiz, ýok
diýmedim, deň şärik bolýas diýdiňiz, şümi indi deňlik
edişiňiz? Biriň alyjy tapdym diýip, beýlekiň satyjy tapdym
diýip, artykmaç paý alybermelimi?
– Ulagly äkidip-getireniňi diliňe çolaýaň-maý? – diýip,
men alaryldym.
– Senden başga-da ulagly kan-how. Ýeriň-gögüň diregi
ýeke özüňdirin öýdýäňmi? – diýip, Sahy hem meni
goldady.
– Aslynda başga birini görmeli ekeniňiz-dä. Munyňyz
indi namardyň gürrüňi.
– Onda näme edeliň? Şu puly des-deň edip üçe bölüp
bolmajagy-ha belli – diýip, men olaryň ýüzüne seretdim.
– Ertir naharhana baryp, günortanlyk edineliň şu pula.
Hemmesini sowalyň. Näme düşse, iýip-içeliň! – diýip, Sahy
teklip etdi.
Men onuň bu pikirini unamadym. Şoň üçin:
– Meň-ä ertir başga aladam bar – diýip, bahana etdim.
– Ýok, ýok, bolmaýa – diýip, dostum Hatam hem
göwnemeýändigini delile getirdi. – Hemme kişiň işdäsi deň
däl. Biri horan, ýene biri kem işdä. Ýok, deňlik bolmaýa
beýtsek.
– Onda näme edeliň? Tapyň özüňiz bir çykalga – diýip,
Sahy janagyryly gygyrdy.
Hatam ýeňsesini gaşap, ýeser gürrüň etdi:
– Bije atalyň! Men-ä kaýyl bijäme. “Bijeli oglan
aglamaz” diýipdirler – diýip, teklibini nakyl bilen berkitdi.
– Sen pikir edip gör – diýip, Sahy Hatama barmagyny
çommaltdy. – Häzir meň bijämden otuz müň manat çyksa,
hiý, adalatly bolarmy? Esasy iş eden men-ä.
– Meňem eden işim kiçi-girim däl – diýip, öz
gezegimde onuň jogabyny berdim. – Bije diýýäniňizem
göwnämok. Henize çenli bije çekip, utan ýerim ýok. Şu
ugurdan meň maňlaýym pes. Bäş müň manat utdurjagyma
gözüm ýetip durka ömür bijä kaýyl gelerinmi?
– Beýle ownukçyl bolmasaňyzlaň! Nädýäňiz-aý?
Biriňiz bäş müň manat kem alan ekeniňiz-dä. Şoň üçin
Kyýamat gopanog-a! – diýip, Hatam akyl satdy.
– Aý, han aga, Kyýamat gopmaýan bolsa, özüň bäş
müň manat kem alaý – diýip men suňşurdym.
– Wah-h, ýaňky myhmana ýene bäş müň goşaý üstüne
diýmeli ekenik. Şonda herimize ylaýyk otuz bäş müňden
ýetjek ekeni. Kellä gelmändir – diýip, dostum Sahy
düwülgi ýumrugyny maňlaýyna urup, çyn ýürekden
ahmyr etdi.
Şol wagt telim ýyl bäri işsiz ýatyp, kembagal galan
duldegşir goňşym ardynjyrap, ýanymyza geldi-de:
– Goňşy, häliden bäri ala-galmagal bolşup, ýatmaga
goýmadyňyz. Näme paýlaşyp bilmeýän zadyňyz bar? –
diýip sorady.
– Ýüz müň manady üçe böljek bolýas, birimize bäş
müň manat kem ýetýär – diýip, men düşündirdim.
– Onsoň?
– Deň şärik bolup durka kimiň bäş müň manat
utdurasy gelýär?
– Haý, goňşy sen-ä! Üç sany sakgally-sarmykly pyýada
bolup...
– Şepe-e! – diýip, Hatam goňşymyň sözüni böldi. –
Birinjiden-ä, mende sakgal ýok, ikinjidenem pyýada däl.
Ine, suw ýaly ulagym bar.
Goňşym Hatama diýýämiňem diýmedi, maňa
ýüzlenip:
– Bar dawaňyz şo bäş müň manatmy? – diýip sorady.
Men sessiz baş atdym.
– Me bäş müň manat! – diýip, goňşym jübüsinden epin
görmedik täzeje pul çykaryp elime tutdurdy. – Şuň bilen
çözülýä dämi dawaňyz? Hany, dagalyň onda! Men ýatjak.
Ukym gelýä.
Ana, şeýdip, goňşym biziň çykgynsyz meselämizi
duran ýerinde ap-aňsat çözüp beräýdi. Biz oňa rahat gije
bilen süýji uky arzuw edip, öýli-öýümize dargadyk.

22-nji iýul, 2005-nji ýyl. Mary.

Awtory (ýazary): Kakamyrat Ataýew

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir