Ata Watan
Fransiýaly adam otluçöpden Eýfel diňini gurmak üçin 8 ýyl çeken zähmetinden soň rekord goýdy
Fransiýadan Rişar Plo otluçöpden Eýfel diňiniň dünýäde iň uly modelini döretdi. Ol bu taslama 2016-njy ýylda başlady we oňa tas sekiz ýyl, 706 900 otluçöp we 6 müň ýewro sarp etdi. Bu barada NPR habar berýär.
Ilkibaşda Ginnesiň rekordlar kitaby onuň bu üstünligini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Sebäbi heýkelde ulanylan otluçöpler söwda taýdan el...
Toyota kompaniýasy Corolla Cross krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi
Toyota kompaniýasy Corolla Cross krossoweriniň 2024-nji ýyl üçin täzelenen görnüşini hödürledi. Täze awtoulag gibrid hereketlendirijilerine, täze dizaýnly yşyk diodly faralara, üçekde panorama lýugyna we beýleki birnäçe täzeliklere eýe boldy. Model Günorta-Gündogar Aziýada dört görnüşde satylar diýip, ixbt.com habar berýär.
Corolla Cross 202...
“Oskar” kino baýragynda iň gowy kasting üçin nominasiýa peýda bolar. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp,
“Oskar” kino baýragynda iň gowy kasting üçin nominasiýa peýda bolar. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.
Amerikan kinosungat akademiýasy 2026-njy ýylda, 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy üçin täze “Kastingde gazanan üstünlikleri üçin” nominasiýasyny girizer. Baýrak kasting direktorlaryna aktýorlaryň ha...
2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan türgeni belli boldy
“Sportico” žurnaly 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan türgenleriň Top-100 reýtingini düzdi. Report agentliginiň habar bermegine görä, birinji orny “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi.
2023-nji ýylda futbolçy 275 mln dollar gazandy (60 mln dollar hemaýatkärlerden). Futbolçy klub bilen şertnamany 2023-...
Apple kompaniýasy Windows üçin Music, TV we Devices programmalaryny hödürledi
Apple kompaniýasy Windows 10 we 11 üçin üç hyzmatyň soňky wersiýalaryny çykardy: Apple TV filmlere we seriallara tomaşa etmek üçin, Apple Music aýdym-saz diňlemek üçin we Apple Devices gurluşlary dolandyrmak üçin. Olar ýükläp almak üçin Microsoft Store-da elýeterlidir. Öň programmalar açyk synag tapgyryndady. Bu barada The Verge web-saýtyna salgyla...
UEFA-nyň prezidenti Çeferin 2027-nji ýylda wezipesinden gider
Sloweniýaly Aleksander Çeferin 2027-nji ýylda Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy meýilleşdirmeýär. Bu barada ol metbugat maslahatynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Ol koronawirusdan, Superliga bilen bagly wakalardan ýadandygyny hem-de ýyllap görüşmeýän maşgalasynyň ýanynda bol...
2023-nji ýylda iň köp satylan 10 smartfonyň 7-si «iPhone» boldy
2023-nji ýylda iň köp satylan 10 smartfon ýerlenilen bir milliarddan gowrak smartfonuň 246 millionyny emele getirýär. Bu barada «Canalys» analitika firmasynyň hasabatynda bellenilýär, kompaniýa hasabaty özüniň «X» (Twitter) sahypasynda paýlaşdy.
34 million enjam satuwy bilen birinji ýeri «iPhone 14 Pro Max» modeli eýeledi. «iPhone 15 Pro Max...
Kot-d'Iwuar Afrikanyň üçünji gezek çempiony boldy
Kot-d'Iwuar duşenbe gününe geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) Kot-d'Iwuaryň paýtagty Abijan şäherindäki "Olimpik Alassan Uattara" stadionynda geçirilen Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda Nigeriýany utdy.
Oýun 2:1 hasabynda ýaryşyň eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysy Afrikanyň Kubogynyň taryhynda ü...
HBS: Tom Kruz Tarantinonyň “Film tankytçysy” filminiň surata düşürilmegine goşulyp biler
Tom Kruz Kwentin Tarantinonyň soňky filmi “Film tankytçysynyň” ýyldyzlar ansamblyna goşulyp biler. Žurnalist Jeff Snaýder bu barada The InSneider portalynda habar berýär.
Žurnalistiň sözlerine görä, Kruz režissýor bilen gepleşik geçirýär we komediýa-dramada ikinji derejeli keşbi oýnamak üçin meýilnamasyny sazlamaga synanyşýar.
Taranti...
Türkiýe 2024-nji ýylda 60 mln syýahatçyny kabul etmegi göz öňünde tutýar
Türkiýe 2024-nji ýylyň jemi boýunça 60 mln syýahatçyny kabul etmegi we syýahatçylyk pudagyndan 60 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Antalýada habar berdi. Muny TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp, TASS ýetirýär.
“Biziň syýahatçylyk ugrundan maksadymyz 2024-nji ýylda ýurdumyzda 60 mln syýahat...
Argentina bilen Nigeriýanyň arasyndaky ýoldaşlyk oýny Messi bilen bagly dawa sebäpli ýatyryldy
Hançžouwyň Sport komiteti Argentina bilen Nigeriýanyň arasyndaky ýoldaşlyk oýnunyň ýatyrylandygyny mälim etdi. Bu barada championat.com habar berýär.
“Belli sebäpleri göz öňünde tutup, ygtyýarly edaralar Argentina toparynyň gatnaşmagynda oýun geçirmek üçin şert ýok diýen netijä geldiler. Bu çäräni ýatyrmak kararyna gelindi” – diýlip, resmi b...
Taryhda syýahatçylaryň açyk kosmosa ilkinji çykyş senesi belli boldy
Hususy Polaris Dawn kosmos missiýasynyň işe girizilmegi 2024-nji ýylyň aprel aýyndan tomsuna süýşürildi. Bu barada Polaris Programm kompaniýasynyň wekilleriniň X sosial ulgamyndaky habaryna salgylanyp, gazeta.ru belleýär.
Polaris Dawn missiýasynyň dowamynda taryhda ilkinji gezek kosmos syýahatçylaryny gäminiň çäginden açyk kosmosa çykarmak m...
Saud arabystanly maýadarlar 1,2 mlrd ýewro “Romany” satyn almak we täze stadion gurmak isleýärler
Saud Arabystanyndan maýadarlar Italiýanyň “Roma” futbol klubuny satyn almak isleýärler. Bu barada “La Repubblica” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, taraplaryň arasyndaky gepleşikler eýýäm başlandy, Rim klubunyň hukuk bölüminiň başlygy Er-Riýadda. Maýadarlar klub üçin 900 mln ýewro teklip etmäge h...
Dubaý 2023-nji ýylda rekord 17 mln daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi
2023-nji ýylda Dubaýa 17,15 mln daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi. Şeýle maglumat Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentiniň statistikasyndan gelip çykýar diýip, interfax.ru habar berýär.
Edaranyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň jemi boýunça Dubaýa daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 19,4% ýokarlandy. Syýahatçylaryň esasy böleg...
Huawei Vision Pro. Apple-iň VR garniturasyna arzan bäsdeş tapylyp biler
Huawei giňeldilen hakykat tehnologiýalary ulgamynda Apple-den yza galmaz. Hytaýyň kompaniýasy bahasy “almaçylaryň” golaýda uly şowhun bilen görkezen Apple Vision Pro-synyň ýarpy bahasyna golaý boljak we agramy hem ondan iki esse ýeňil boljak Vision Pro şleminiň üstünde işleýär. ITHome-nyň habar bermegine görä, Meizu-nyň marketing boýunça öňki müdir...
Myşsalaryň dikelmegine we güýçlenmegine kömek edýän madda tapyldy
Alymlar Marezin 1 atly bir maddanyň myşsa dokumasyna edýän täsirini öwrendiler we onuň täzelenmegine we güýçlenmegine kömek edýändigini anykladylar. Bu açyş myşsa şikeslerinden ýa-da atrofiýadan ejir çekýän adamlara kömek edip biler diýip, eLife žurnalynda çap edilen gözleglere salgylanýan Gazeta.Ru ýazdy.
Marezin 1 bedende çişmeleri kadalaş...
Gazagystan 2028-nji ýylyň hokkeý boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza berdi
Gazagystan 2028-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň elita tapgyryny kabul etmegi meýilleşdirýär. Şu maksat esasynda ol degişli arza bilen ýüz tutdy. Bu barada Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) guramanyň resmi saýtynda ýerleşdiren resminamasyndan belli boldy diýip, championat.com habar berýär.
Öz arzasynda Gazagystan iki şäheri –...
40 ýyl bäri amanat ýürek bilen ýaşaýan erkek adam Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi
Niderlandiýaly Bert Ýanssen özboluşly dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda oturdylan ýürek bilen iň uzak ýaşaýan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord 39 ýyl 248 güne barabar diýip, esquire.kz habar berýär.
17 ýaşynda Bert dümewiň dowamly alamatlaryndan zeýrenýär. Lukmanlaryň barlagy netijesinde onda kardiomiopatiýa – dar ýa-d...
«Arsenal» Angliýanyň Premýer-ligasynda myhmançylykdaky iň uly ýeňşini gazandy
«Arsenal» futbol kluby Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) 24-nji tapgyrynyň çäklerindäki London derbisinde «West Hemi» ýeňdi.
Duşuşyk «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Wilýam Saliba (32-nji minut), Bukaýo Saka (41-nji minut, penalti, 63-nji minut), Gabriel Magalýans (44-nji minut), Le...
Hytaýly ýüzüji 100 metr aralyga ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy
Kataryň paýtagty Doha şäherinde suw sporty boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Erkekleriň arasynda 4x100 erkin ýüzmek boýunça estafetada Hytaýyň milli ýygyndysy altyn medal gazandy.
Estafeta gatnaşyjy dörtlügiň biri Pan Çžanle 100 metr aralyga ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki üstünlik bir ýarym ýyl saklanypdy.
Pan Çžanle bir...
Finlýandiýa täze prezident saýlady
Finlýandiýanyň öňki premýer-ministri, Milli koalisiýa partiýasyndan hödürlenen dalaşgär Aleksandr Stubb Finlýandiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy diýip, ýurduň Adalat ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan Euronews ýazýar.
Sesleriň 100%-i sanalandan soň, Stubb 51,6% ses aldy.
Onuň bäsdeşi, öňk...
«Arsenal» Angliýanyň Premýer-ligasynda myhmançylykdaky iň uly ýeňşini gazandy
«Arsenal» futbol kluby Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) 24-nji tapgyrynyň çäklerindäki London derbisinde «West Hemi» ýeňdi.
Duşuşyk «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Wilýam Saliba (32-nji minut), Bukaýo Saka (41-nji minut, penalti, 63-nji minut), Gabriel Magalýans (44-nji minut), Le...
2024-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady. Degişli Karara döwlet Baştutany 9-njy fewralda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli...
Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we binagärlik ministrini täzeledi
Guwanç Orunow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Abdulla Geldiýew bellenildi. Ondan öň ol gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi...
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi çalyşdy
Başga işe geçmegi sebäpli S.Selimow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Röwşen Işanow bellenildi.
Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.