Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň nusgawy tapgyry tamamlandy. 25-nji ýanwar we 1-nji fewral aralygynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilen ýaryşlara ýurduň ähli künjeginden 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky 487 türgen gatnaşdy. Dokuz tapgyryň netijeleri boýunça 8 ýaşa çenli toparyň arasynda Kerim Babaýew we Merýem Rüstemowa ýeňiji boldy. On ýaşly gatnaşyjylaryň arasynda bolsa Çaryhekim Çaryýew we Bägül Jumaýewa altyn medallary aldy. 18 ýaşa çenli uly toparda Şageldi Gurbandurdyýew we Jennet Ýalkanowa birinjiligi eýeledi. Lebap welaýaty 52 sany baýrak bilen medal sanawynda birinji orunda ýerleşdi. Ikinji orny 21 medal bilen Aşgabat şäheri eýeledi. Şeýle-de, «Küşt älemi» akademiýasy ýokary netijeleri görkezdi. Ýaryşyň netijeleri dünýä we Aziýa çempionatlaryna gatnaşjak ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümini emele getirmek üçin esas bolar. Ýaryşlar rapid we blitz bilen dowam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir