Mercedes-Benz kompaniýasy Hytaýdaky «Beijing Benz» bilelikdäki kärhanasynyň üsti bilen birnäçe meşhur modelleriniň bahasyny ep-esli aşak düşürdi. Bahalaryň täzelenmegi esasan C-Class sedanlaryna hem-de GLB, GLC we GLC Coupe krossowerlerine degişli boldy. Modeline baglylykda, arzanladyşlaryň möçberi 69 020 ýuana (takmynan 10 000 dollar) çenli ýetýär. Iň köp arzanladylan ulaglar krossowerler boldy: Mercedes-Benz GLC 300 L 4MATIC Luxury: bahasy göni 69 000 ýuan arzanlady. Beýleki GLC nusgalary: 48 000 – 57 000 ýuan (7 000 – 8 300 dollar) arzanlady. GLC Coupe: arzanladyşyň iň ýokary mukdary 68 200 ýuan boldy. Ykjam GLB krossoweri: ähli görnüşleri (komplektasiýalary) üçin bahalar 38 000 ýuan (takmynan 5 500 dollar) aşak düşürildi. Mercedes-Benz C-Class sedanlarynyň bahalary hem täzelendi. C 200 L we C 260 L modelleri 25 700 – 35 700 ýuan (3 700 – 5 200 dollar) aralygynda arzanladyldy. Täze baha sanawyna görä, Hytaýda C-Class modeliniň başlangyç bahasy 304 600 ýuana (takmynan 44 000 dollar) deň boldy. «Autohome» neşiriniň bellemegine görä, Mercedes-Benz-iň bu ädimi Hytaýyň awtoulag bazarynda ýerli elektrikli ulag öndürijileri bilen emele gelen örän ýiti bäsdeşlik bilen baglanyşyklydyr.