62 ýaşly Jonni Depp Londonda Çarlz Dikkensiň nusgawy powestiniň täze ekranlaşdyrylmasy bolan «Roždestwo aýdymy» («Рождественская песнь») filminiň surata düşürilişinde göründi. Aktýor «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» diýlip atlandyrylan täze filmde Ebenezer Skrujyň keşbini ýerine ýetirýär. Depp surata düşürilýän meýdançada egni pižamaly hem uzyn paltoly, çal saçly kellesi ýataňda geýilýän sopbaçly, ýüzi-de tanap bolmajak derejedäki grimde peýda boldy. Kadra şeýle hem Keramat ruhunyň keşbini döredýän Andrea Raýzboro hem düşdi. Bu rol üçin aktrisa agaran saç hem ak linzalar arkaly çylşyrymly grim edilipdir. Filme «X», «Perl» («Пэрл») we «Maksin XXX» («Максин XXX») horror-trilogiýasy bilen tanalýan Taý West režissýor bellenen. Aktýorlar düzümine şeýle hem Ien Makkelen, Rupert Grint, Deýzi Ridli, Sem Klaflin we Tramell Tillman girýär. Önümçilik bilen Paramount Pictures studiýasy meşgullanýar. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 13-nji noýabryna meýilleşdirilýär. Bu film Jonni Deppiň soňky alty ýyldaky ilkinji uly golliwud keşbi bolar. Aktýoryň iň soňky uly göwrümli işleri «Fantastiki jandarlar: Grindewaldyň jenaýatlary» («Фантастические твари: Преступления Грин-де-Вальда», 2018) we «Wagşylara sadylla» («В ожидании варваров», 2019) filmleri bolupdy. Öňki aýaly Ember Herd bilen 2022-nji ýylda tamamlanan we amerikan jemgyýetinde uly gopgun turzan kazyýet işinden soň, aktýor esasan awtorlyk kinolarynda, şol sanda «Žanna Dýubarri» («Жанна Дюбарри») we öz režissýorlyk eden «Modi: Üç gün diwanalyk ganatynda» («Моди: Три дня на крыльях безумия») filmlerinde surata düşüpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir