«Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi Nurly zaman obasyndaky 33-nji mekdepde ätiýaçlyk gün fotoelektrik ulgamyny gurnamak işlerini tamamlady. Umumy kuwwaty 36 kWt töweregi bolan 62 sany gün panelinden, litiý batareýalaryndan we gibrid inwertorlardan ybarat bolan tehniki toplum mekdep infrastrukturasynyň energiýa garaşsyzlygyny üpjün etmäge niýetlenendir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçilmegi netijesinde 305 okuwçy we 35 işgär esasy elektrik togy kesilen ýagdaýynda-da yzygiderli yşyklandyryş, suw we gigiýena hyzmatlary bilen üpjün edilýär. 2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda degişli edaralaryň we Ahal welaýat häkimliginiň wekilleri ulgamyň işi bilen tanyşdy. Olar bu taslamanyň jemgyýetçilik infrastrukturasynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyndaky ornuny belledi. Bu taslama Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasyna we 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky Milli strategiýasyna laýyk gelýär we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönüden-göni goşant goşýar. ÝUNISEF ähli ýurt boýunça howpsuz bilim gurşawyny döretmek üçin innowasion, durnukly we howa şertlerine uýgunlaşdyrylan usullar arkaly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlylygyny tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir