Fransiýaly etologlar atlaryň diňe ysa esaslanyp hem adamyň emosional ýagdaýyny duýup bilýändigini anykladylar. Geçirilen synaglar haýwanlary gorkan adamlaryň deriniň biynjalyk edýändigini, olaryň ýygy-ýygydan tisginmegine, galtaşmakdan gaça durmagyna sebäp bolýandygyny görkezdi. Biologiýadaky «emosional ýokuşma» diýen düşünjäniň esasynda haýwanlar töweregindäkileriň ruhy ýagdaýyny syzyp bilýärler. Adatça, bu bir görnüşiň içinde oňat işleýär, ýagny bir haýwan ýyrtyjyny görüp gorksa, feromonlary bölüp çykarýar we gorky tutuş topary gurşap alýar. Alymlar şeýle mehanizmiň adam bilen atyň arasynda hem hereket edýändigini ýüze çykardylar. Diri galmak üçin göreşden tizara gaçyp gidenini kem görmeýän haýwanlar üçin başgalaryň gorkusyny öňünden duýmak ukyby örän peýdaly bolup biler. Barlaga wels tohumyndan bolan 43 sany gysrak gatnaşdyryldy. 30 sany meýletinçä bolsa güýçli emosiýalary döredýän wideorolikler görkezildi. Olar «gorky ysyny» döretmek üçin gorkuly filmlere we «şatlyk ysyny» döretmek üçin bolsa komediýalara tomaşa etdiler. Barlag üçin derler goltuk astyna goýlan pamyk disklere ýygnaldy. Synagyň barşynda atlara şol diskler ýelmeşdirilen maskalar geýdirildi. Atlar üç topara bölünip, birinji topara gorky ysy, ikinji topara şatlyk, üçünji topara bolsa bitarap nusga ysgadyldy. Haýwanlaryň üç topary-da dürli synaglardan geçirildi. Olaryň ýanynda duýdansyz saýawan açyldy, öň görmedik zatlary ýa-da ýat adamlar görkezildi. Netijeler gorky ysynyň haýwanlara dessine täsir edýändigini görkezdi. Atlar garaşylmadyk tisgindiriji ýagdaýlara has güýçli reaksiýa berdiler, olaryň ýürek urşy ýokarlandy, täze zatlara seresaplyk bilen seretdiler we adam bilen gatnaşyga seýrek girdiler. Şatlyk ysy bolsa atlaryň özüni alyp barşyna, edil bitarap nusgadaky ýaly, hiç hili täsir etmedi. Bu barlag yslar arkaly görnüşara emosional ýokuşma baradaky çaklamany tassyklaýar. Bu täzelik at çapyşyklarynda we ippoterapiýada örän möhümdir. Eger şu agzalan ýagdaýlarda çapyksuwarda ýa-da işgärde gorky bar bolsa, at muny syzyp, has biynjalyk bolup biler. Bu bolsa öz gezeginde özara gatnaşygyň howpsuzlygyna gönümel täsir eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir