Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby Fransiýanyň «Renn» toparynyň 20 ýaşly goragçysy Žeremi Žakeni transfer edendigini resmi taýdan yglan etdi. Ýaş goragçy iňlis klubuna şu ýylyň tomsunda goşular. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, fransuz goragçysy mersisaýdlylara 60 million ýewro düşdi. Şertnamada goşmaça 12 million ýewro bolsa bonus görnüşinde göz öňünde tutulypdyr. Žake bilen baglaşylan şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Şol bir wagtyň özünde, Madridiň «Atletiko» kluby hem täze transferini mälim etdi. Ispan kluby Italiýanyň «Atalanta» toparynyň hüjümçisi Ademola Lukmany düzümine goşdy. 28 ýaşly nigeriýaly futbolçy bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama gol çekildi. Romanonyň tassyklamagyna görä, bu geleşigiň bahasy 35 million ýewro bolar. Şeýle hem, «Atalanta» goşmaça 5 million ýewro bonus alyp biler. Ademola Lukman 2022-nji ýylyň tomsundan bäri Bergamo şäheriniň toparynda çykyş edip gelýärdi. Ol bu döwürde 137 oýna gatnaşyp, 55 gol we 27 assist geçirdi. 2024-nji ýylda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi we şol ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýen ada eýe boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir