Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä, bu transferiň bahasy 25 million ýewro boldy. Bu transfer birnäçe täsin myş-myşlar bilen utgaşdy: metbugatda Benzemanyň «Al-Ittihad» bilen şertnamasyny uzaltmakdan boýun gaçyrandygy, şeýle hem «Al-Nasryň» ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň Benzimanyň gönüden-göni bäsdeş toparyna geçmegine garşy çykandygy barada habarlar ýazyldy. Belläp geçsek, bu klublaryň ählisi Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) tarapyndan dolandyrylýar. Benzema 2023-nji ýylyň tomsundan bäri Saud Arabystanynyň çempionatynda çykyş edip gelýär. Ol «Al-Ittihadyň» düzüminde ýurduň çempiony we Patyşa kubogynyň eýesi bolmagy başardy. Şu möwsümde tejribeli hüjümçi ähli ýaryşlarda jemi 21 duşuşyga gatnaşyp, 16 gol geçirdi. Häzirki wagtda «Al-Hilýal» 47 utuk bilen Pro-liganyň sanawynda birinji orunda barýar. Simone Indzaginiň şägirtleri indiki duşuşygyny 5-nji fewralda «Al-Ahdud» toparyna garşy geçirerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir